Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet40/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KERTMEKLIK, iş ady. Kertmek ýagdaýy. 
KERWEN [kerwön], at. 1. Bir ýerden ikinji ýere 
ýük äkitmek, argyş etmek üçin biri-biriniň yzyna 
tirkelen düýeleriň hatary. 2. göç.m. Yzly-yzyna 
barýan maşynlaryň hatary. Watan ammarlaryna galla 
daşaýan maşyn kerwenleri entegem yzy üzülmän 
gelip dur (

Türkmenistan

). 3. Oglana dakylýan at. 

Kerwen çekip gitmek tirkeşip ötmek, geçmek. 
Günler biri-biriniň yzyndan kerwen çekip gitdi 
(

Edebiýat we sungat

).
KERWENBAŞY [kerwönmaşy], at. 1. Kerweniň 
başyny çekiji, kerwençileriň ýolbaşçysy. 2. göç.m. 
Bir hereketiň, tutumyň başyny başlaýjy, öz 
göreldesine 
eýerdiji. 
Döwürdeş, dünýäniň 
kerwenbaşy sen, Bak, yzyndan sogup gelýän hatara 
(B. Hudaýnazarow). 
KERWENÇI 
[kerwönçü], 
at. 
Kerwene 
gatnaşýan adam. Kerwençiler guýyň başynda 
düşlemekçi boldular (B. Kerbabaýew). 
KERWENGYRAN [kerwönğyran] I, at, asman 
j. Gün Äleminiň bäşinji we iň uly saýýarasy (Ýupiter 
planetasy). 
KERWENGYRAN [kerwönğyran] II, at. 
Ýowşana meňzeş we ýazyna-güýzine gülleýän 
zäherli ösümlik. 
KERWENSARAÝ [kerwönsaraý], at. Kerwene 
goşulan düýeler hem kerwençiler üçin ýörite salnan 
jaý, kerwençileriň düşleýän ýeri. 
KES: her kes her adam, her kişi, her kim. Içer 
bolsa her kes şerap, Galarmyş huşdan, dogrusy 
(Magtymguly). 
KESANASYNA [kesa:nasyna]: kesanasyna 
tutmak hak berip, belli bir möhlete çenli işletmek, 
kireýne tutmak, Men seniň kesanasyna tutan 
bagşyňmydym? (

Görogly

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling