Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet38/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kerpiçli 
maňlaýlyk 
zergärç. 


26 
gelinleriň kümüşden ýasalyp, ýüzüne gyzyl çaýylan, 
aýna gaşlary oturdylan alyn şaýy.
KERREW [kerröw], syp. Çala eşidýän, zordan 
eşidýän, eşidişi çala, kerlew, kerleç. Gulagy ýok  
kerrew, gözi ýok  sokur (Nakyl). 
KERRI, syp. Kerlewräk, gulagy çüri goýun. Kerri 
goýun giç ürker (Nakyl). 
KERSEN, at. Agaçdan içi köwlüp ýasalan, 
hamyr ýugrulýan sekirtmeksiz uly gap. Daşardan uly 
kersenler bilen nahar çekýärler (N. Jumaýew). 
Tawusyň ejesi ullakan gök syrçaly küýzeden kersene 
çal guýdy (N. Baýramow).
KERSENGÖTI [kersenğötü], at. Üst örtügi 
güberçek, aşagy tekiz, kiçijik aýakly, tomzaga 
meňzeşräk mör-möjek. Haýatyň düýbünden tomzak, 
eşekýassyk, kersengöti ýaly hapysa jandarlar köp 
çykýar. 
KERSENLEMEK, işl. Kerseni dolduryp almak. 
Onuň dilen kakyny garry aýaly kersenläp göterip, 
çöpüň üstünde serýärdi (B. Kerbabaýew).
KERSENLEÝIŞ, iş ady. Kersenlemek ýagdaýy. 
KERSIREMEK, işl. Eşitmedik bolan bolmak
eşitmediksiremek, özüňi ker ýaly görkezjek bolmak. 
KERT I, at. Dagyň, suw gazan jaryň we ş.m. 
gyrasy,erňegi, uçut ýeri.
KERT II, at. Dik ösýän, ak gülli, ýumşak 
baldakly ot. 
KERTDIRMEK, işl. Kertmek işini başga birine 
etdirmek. Ol taýagyny kertdirip, bellik etdirdi. Ol 
kendirigini syçana kertdiripdir. 
KERTIK, at, syp. 1. Bir zat bilen edilen gädik, 
kesilip, kertilip edilen kiçijik çapyk. Aş pyçagyň ýüzi 
kertikdi. 2. Bir zadyň ýüzüne kertilip edilen bellik. 
Aý, inim, ony senden gizläp näme edeýin, barmak 
ýogynlygyndaky taýaga her uly mal üçin bir kertik 
edýän (B. Kerbabaýew).
KERTIK-KERTIK, syp. Bir zadyň ýüzüne köp 
sanly kertik edilen. Diňe munuň ak süňkden sapy 
kertik-kertik edilen çyzykdan doldurylypdyr (A. 
Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling