Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet35/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEPIRÇEKGE, at. Kiçi kepir balygy. 
KEPJE, at.Ýeňilräk laý işlerinde, haşal otlary 
çapmakda, otag otamakda ulanylýan uzyn saply, 
ýokarsy ýaý şekilli ýeňil piliň bir görnüşi. Bu 
kepjeleriň entek ýumruk ýaly demirkä körügiň 
üstünde lowurdaýşy hem Zynharynyň ýadyndady 
(

Edebiýat we sungat

). 
KEPJEBAŞ [kepjevaş], at, haýwanat d. Örän 
zäherli, kellesini galdyranda seslenip çişýän, ýogyn, 
arkasy 
menekli 
awuly 
gara ýylan. 
Adaty 
kepjebaşlaryň zäher mäzleri gözüniň ýeňsesinde 
ýerleşendir. 
KEPIŞ, iş ady. Kepmek ýagdaýy. 
KEPME, iş ady. Kepmek ýagdaýy.
KEPMEK, işl, 1. Kepemek, guramak. 2. Köp 
aglamakdan gözüň ýaşy kesilmek.Ýürek sowuk öýde 
karar tapmady, Ertiri, agşamy gözýaş kepmedi (A. 
Kekilow).
KER, syp. Eşitmekden mahrum; sesi çala 
eşidýän, gulagy agyr. Ker bilen hylwat söz gurma, 
Ýola girme kör biläni (Magtymguly). 

Depme ker, dürtme ker düýbünden ses 
eşitmeýän, asla eşitmeýän ker. 
KERAMAT [kera:mat], at. 1. Mukaddes güýç, 
gudrat, halat. Men indi siziň keramatyňyzyň zorlugyny 
iki gözüm bilen gördüm (N. Saryhanow). 2. Hyýaly 
güýç, bir zadyň alamaty.
KERAMATLY [kera:matly], syp. 1. Mukaddes, 
halatly, gudratly. 2. Adatdan daşary güýji bolan.
KERAMATLYLYK [kera:matlylyk], at. 1
Mukaddeslik, halatlylyk, gudratlylyk. 2. Keramaty 
barlyk, adatdan daşary güýje eýelik. 
KERÇ, at. Käselenen gawunyň, garpyzyň ýa-da 
böleklenen kädiniň bir bölegi. Ol adam garpyzyň 
birini ýaryp, Kelewe bir kerç beripdir (

Türkmen 
halk ertekileri

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling