KENDIRIKLIK [kenniriklik], at. Kendirik
etmek üçin (ýörite syk dokalan galyňrak kamys
mata).
KENEK, at. 1. Aşyk oýnunda aşyklara atylyp
oýnalýan, jikge tarapy gyrdalyp, agyrlyk üçin gurşun
guýlan saldamly aşyk. Garrynyň bu sözlerine Tahyr
gulak salman, aşygyny dikip, elindäki gurşun guýlan
kenegini atyp goýberdi (
Zöhre – Tahyr
).
Kenek ýaly guýlan ýaly, agrasja, ýeňles däl
(çaganyň häsiýeti hakynda).
KENEP, at, ser. Kendir. Kenep ekilen meýdanlar.
KENEPLIK, at. Kenep ekilen ýer. Keneplik
meýdan.
KENEŞIR [keneşi:r], at. Agajyň ortasyny oýýan
sürgi, rendäniň bir görnüşi.
KENGURU [kenğuru:], at. Öň aýaklary gysga,
art aýaklary uzyn, bökjekläp ýöreýän, Awstraliýada
ýaşaýan süýdemdiriji haýwan.
KENIZ [keni:z], at, taryh. Köşkdäki hyzmatkär
gyz. Hanyň gyzy seýle çykar, Kenizler şadyýan kakar
(Kemine).
KENIZEK [keni:zek], at. Ýaş keniz, hyzmatkär.
KENIZLIK [keni:zlik], at. Keniziň ýagdaýy,
ýerine ýetirýän işi.
KENT I, at. Oba. Bagşy aga, mundan gitseň
öňüňden bir gumluk çykar, onuň aňyrsy bir kentdir,
kendiň
aňyrsy
ýene
gumlukdyr
(
Nejep
oglan
).Bentden-ä, bentden, sesi geler kentden, çüňki
polatdan, sakgaly etden (Matal).
KENT II, at, gepl. d. Şepe, dost.
KENTLEWÜK [kentlöwük], at. 1. Agyz
boşlugynyň ýokarky ýüzi, digir-digir ýeri. Käbir
sesleriň emele gelmeginde kentlewügiň hyzmaty
bardyr. 2. Dişiň düýbi. Näzik eje dişi gaçan
kentlewügini görkezip ýylgyrdy-da, oglunyň saçyndan
sypalap ýalbarmaga başlady (B. Öwezow).
KEPBE,at. Ýylgyn, hyşa, gamyş ýaly zatlardan
örülip dikeldilýän wagtlaýyn öý. Ussanyň bu dükany
öň daşy suwalan kepbe tamdy (A. Gowşudow).
KEPBEGÖWEN
[kepbegöwön],
at.
Baldaklarynda şepbik, sakgyç bolan tikenli ösümlik
we ondan alynýan şepbik. Kepbegöwen sakgyjy.
Do'stlaringiz bilan baham: |