Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet30/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEMSINMEKLIK, 
iş 
ady. 
Kemsinmek 
ýagdaýy.  
KEMSITMEK, işl. Her hili ýaramaz söz ýa-da 
hereketiň bilen başga biriniň mertebesini peseldip
ony gynandyrmak. 
KEMSITMEZLIK, iş ady. Göwne degmezlik, 
agyr- agramly söz aýtmazlyk.
KEMSIZ, syp.1.Bolmalysyndan hem ýokary 
derejede, birkemsiz, kemsiz-kössüz.Bir kemsiz gözel 
bolmaz (Nakyl). 2. Gutarnykly, doly, aňryýany bilen. 


23 
Sen onuň bilen kemsiz dost bolsaň hem, sen näme 
üçin oňa basalga bolaňok? (B. Kerbabaýew).
KEMSIZ-KÖSSÜZ [kemsiz-kö:ssüz], syp. Hiç 
kemsiz, kemi-kössi ýok, ýerbe-ýer. Iş kemsiz-kössüz 
ýerine ýetirilipdir. 
KEMSIZ-KÖSSÜZLIK [kemsiz-kö:ssüzlük], at. 
Hiç hili kemi bolmadyk, kemi-kössi ýokluk, ýerbe-
ýerlik. Işiň kemsiz-kössüzligi onuň göwnünden turdy. 
KEMŞERILMEK, 
işl. 
Dodaklaryňy 
müňküldedip, aglajak-aglajak ýaly bolmak, kemiş-
kemiş etmek. 
KEMŞERIŞiş ady. Kemşermek ýagdaýy. 
KEMŞERIŞMEK, 
işl. 
Birnäçe 
bolup 
kemşermek, dodaklaryňy aglajak-aglajak ýaly etmek. 
Çagalar ejelerini görüp kemşerişdiler. 
KEMŞERMEiş ady. Kemşermek ýagdaýy. 
KEMŞERMEK, işl. Aglajak ýaly edip, 
dodaklaryňy müňküldetmek, kemiş-kemiş etmek, 
naýynjar aglamjyramak. Birdenem kemşerip, maňa 
seretdi (N. Baýramow).
KEMŞERMEKLIK
iş 
ady, 
Kemşermek 
ýagdaýy. 
KEMŞERTMEK
işl. 
Dodaklaryňy 
müňküldedip, aglajak-aglajak bolýan ýaly etmek. Tä 
aglap-aglap gam basan ýüregini gowzadýança, 
bokurdagyny dolduryp, dodaklaryny kemşerdip, hiç 
gepläp bilmändir (N. Pomma).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling