Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet26/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEM, syp. 1. Bolmaly derejesinden az, belli bir 
möçberden egsik, ýetmez. Lezzeti kem bolar, söz 
bolsa uzak (Misgingylyç). 2. Üpjünçilik ýa-da 
guramaçylyk taýdan ýetmezçilik edýän, ýetmez. Oraz 
ýagdaýyny bilýär her kimiň, Kömegin ýetirýär bolsa 
bir kemiň (A. Kekilow). 3. Güýç taýdan asgyn, pes. 
Habar alsaň birekden, Özün kem saýmaz döwden 
(Magtymguly). 4. Jan saglykda bolan ýetmezlik, 
sagat dällik. 

 Kem bolmazlyk oňat bolmak, erbet bolmazlyk, 
ýerine düşmeklik. Aýtjak sözüňi oýlabrak aýtsaň, kem 
bolmaz! (B. Kerbabaýew). Kem däl deňeşdirilýän 
zatlaryň, degşirilýän pikirleriň we ş.m. biri 
beýlekisinden pes däl, erbet däl. Kem etmesin! 

hudaý hiç bir zatda ilden kem etmesin

diýen
manyly dileg sözi. Kem galmazlyk (oturmazlyk) bir 
zat barada bäsdeşlik etmek, birine deňleşjek bolmak, 
pes durmazlyk. Bike hem ondan kem oturmady (R. 
Gelenow). Kem görmezlik bir zady ýerlikli
hasaplamak, makul bilmek, oňat hasaplamak. – 
Belet ýerimi men özümem kem görmedim – diýip, 
elindäki kagyzyny uzatdy (A. Gowşudow). Kemi 
galmazlyk oňat ýerine ýetirilmek, makullarlyk 
ýagdaýda edilmek, kemsiz ýerine ýetirilmek. Oglum, 
taýyň kem-ä galmandyr (

Görogly

). Kemini 
goýmazlyk 1) bir zady doly ýerine ýetirmek, 
kanagatlanar ýaly derejede amal etmek. Arkaýyn bol, 
hemmesini ýerbe-ýer ederis, kemini goýmarys (B. 
Pürliýew). 2) bir zadyň hezilini, hözirini görmek, 
göwün solpudan çykmak.Hawa, olar saz-söhbetiň 
kemini goýmandyrlar (N. Pomma). Kemi ýok oňat, 
gowy, göwnejaý. Onuň ýigit kemi ýok. Kem 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling