Kelläňe turşy çykmak akylyň çaşmak, aňkaň aşmak,
bilýän zadyňy derrew ýadyňdan çykarmak. Kelläň
göçmek şowhun-şagalaňa göterilmek, bir zada
keýpiň göterilmek.Hatda kelleleri göçen küştçüleri
hem şol wehim dagatdy (A. Gowşudow). Kelläň
gyzmak bir işe ýa-da bir zada gyzykmak, bar oý-
pikiriň bilen bir zada berilmek; bir zatda aşa gitmek.
Biraz kellesi gyzandan soň, ol myhmanlaryny unutdy.
Kelläňi etegiňe salmak bir iş üçin janyňdan geçmek,
näme bolsa, şol bolsun etmek.
Kelläň işlemek etjek
işiňi gowy bilmek, ederiňi bilmek, her bir zada göz
ýetirmek.
KELLEBAŞAÝAK
[kellevaşaýak],
at.
Öldürilen malyň kellesi, aýaklary we ondan
taýýarlanylýan naharyň ady. Bibisoltan eje hamyry
ýugrup bolansoň, gazan ataryp, kellebaşaýagy asdy
(H. Garabaýew).
KELLEÇANAK
[kelleça:nak],
at.
Oňurgalylarda kelläniň gaty esasyny emele getirýän
süňkler. Kelleçanak süňkleri.
KELLEGOÇAK [kelleğoçok], at. Gyňajyň
gyrasyna salynýan iri, golçurlary uly nagyş, goçak.
Kellegoçak nagşyny salmak.
KELLEK, at. 1. Düýä taýlanyp urlan çuwallaryň
ortasyna, howudyň üstüne goýulýan bogdak, serwer.
2. Maldan boşadylan arabanyň arşynyň ýokary
galdyrylyp goýulýan görnüşi.
KELLEKESER,
at.
Adam
öldürmekden
gaýtmaýan, ganojak, jellat.
KELLEKI I, at. Atyň, eşegiň kellesine salynýan
gaýyş nogta. Ol atynyň kellesine kelleki saldy.
KELLEKI II, at. Bir tarapy deşilip, içi gyrlan,
gawun paçagyna dykylan kakyň tokga bölegi. Ol bäş
kelleki kak etdi.
KELLEKILEME, iş ady. Kellekilemek ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |