KELPEZLIK, at, ser. Kelpeňlik. Aýjahan
ilkibada onuň bu gylygyny kelpezlik hasap etdi (B.
Gulow).
KELTE, syp, gepl.d.. 1. Uzyn däl, ortaça
ölçegden gysga. 2. göç. m. Ýetmez, kemter, ýeterlik
däl. Onuň akyly entek keltejik-de bolsa, özi örän
düşbüdi (B. Kerbabaýew).
Kelte bazar gepl.d. hepdäniň dördünji güni
(sogapgün) bolýan kiçi bazar. Kelte gaýtmak bir işi
ýetmez etmek, doly ýerine ýetirmän goýmak, bir
zady doly anygyna ýetmän etmek, bärden gaýtmak.
Ine, Meýdan aganyň kelte gaýdýan ýeri (T.
Gurbanow).
KELTEKÇE, at, gepl. d. Ýüňli deriden edilen
ýa-da içine pamyk salnyp syrdalan güpbi.
KELTELDIŞMEK, işl., gepl. d. Bir zadyň
boýuny gerekli derejä çenli gysgaltmaga kömek
etmek.
KELTELIK, at, gepl. d. Adaty uzynlygyndan,
bolmalysyndan gysgalyk. Agajyň kelteligi. Turbanyň
kelteligi.
Keltelik etmek bir işi oýlap, doly akyl ýetirmän
etmek, bärden gaýtmak, çig etmek. Belki, men
düşünýän däldirin, men keltelik edýändirin.
KELTELIŞ, iş ady., gepl.d. Keltelmek ýagdaýy.
KELTELIŞMEK, işl., gepl.d. Öňküsine garanda
keltelmek, gysgalmak
KELTELME, iş ady., gepl. d. Keltelmek
ýagdaýy.
KELTELMEK, işl., gepl. d. 1. Belli bir derejede
gysgalmak. 2. Uzynlygyny ýitirmek, girmek. Köýnek
bir ýuwlandan soň keltelipdir.
KELTELMEKLIK, iş ady., gepl. d. Keltelmek
ýagdaýy.
KELTELMEZLIK, iş ady. gepl. d. Öňküsinden
gysga bolmazlyk, gysgalmazlyk.
KELTELTMEK, işl., gepl. d. Bir zadyň
uzynlygyny kemeltmek, gysgaltmak, uzynlygyndan
aýyrmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |