Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet22/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 Keleten atma güýçli gaýly howada nawuň oňat 
yklamagy üçin keletene bendil daňylyp, suwa 
taşlamak.
 
 
KELEW [kelöw], syp., ser. Kelesaňkemakyl. 
KELEWLETMEK [kelöwletmek], işl., gepl.d. 
Bir zady eliňde aýlamak, kelemenletmek, galgatmak, 
bulamak, öwrüp eýläk-beýläk pyrlamak. Emma 
taýagyny kelewledip, başyny aşak salyp, gaty ýöräp, 
öňünden çykan Çerkez agsak onuň ünsüni çekdi (B. 
Seýtäkow). 
KELEWLIK [kelöwlük], at, ser. Kelesaňlyk
saňsarlyk.Ol ýene-de kelewligini etdi. 
KELLEAÝAK [kellaýak], at. ser. Kellebaşaýak. 
KELLE, at. 1. Adamyň ýa-da haýwanyň 
beýnisini gurşaýan göwrümli süňkden ybarat agzasy, 
baş. 2. Bir zadyň esasy bölegi, başy, ýokary ýa öň 
tarapy. Otlynyn kellesi. Çüýüň kellesi. Tuduň kellesi. 
3. göç.m. Akyl, huş, paýhas, aň. Bu zatlar onuň 
bedenini gowşatsa-da, kellesine täsir edip bilmändi 
(B. Seýtäkow). 4. göç. m., gepl. d. Baştutan, 
ýolbaşçy (adam hakynda). Her kimiň bir kelle bolup, 
öz täleýini özi çözýän döwri geçdi  (B. Seýtäkow). 

Kelle bermek agajy pudap, ujundaky esasy 
öserini goýup, şaha ýaýradar ýaly etmek. 
Çybyklaryny kesip, üzüme kelle berdiler. Kelle 
döwmek (agyrtmak) bir zadyň üstünde köp 
oýlanmak, pikir öwürmek, uzak pikir etmek. 
Kellesine taýak degen ýaly saňsar ýaly bolmak. 
Kellesini hyzlandyrmak Kellesini kesmek. Kelle 
ýaýkamak 1) bir zada haýran galmak, geň galmak, 
agzyňy açmak. 2) bir işe ahmyr etmek
ökünmek.Emma onuň kelläni ýaýkamakdan başga 
alajy ýokdy (K. Berdiýew). Kellä gelmek 
(gelmezlik) bir zat ýada düşmek, huşa, hakyda 
gelmek; ýatlamak, pikiriňe gelmek.Şundan maňa 
zeper ýeter diýip, ýatsam-tursam kelläme gelenokdy 
(T. Gurbanow). Kelläň çişmek pikir edip ýadamak, 
oýlanyp beýniň ýadamak. Okap-okap kelläm çişdi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling