Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KEBŞIRLEME  [kevşi:rleme],  iş  ady.  Kebşirlemek ýagdaýy


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet18/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEBŞIRLEME 
[kevşi:rleme], 
iş 
ady. 
Kebşirlemek ýagdaýy. 
KEBŞIRLEMEK [kevşi:rlemek], işl. 1. Şaý-
sepiň böleklerini, metallary biri-birine kebşir arkaly 
seplemek, tutdurmak. Zergär gülýakanyň göbegini 
kebşirledi. Wyşkanyň kebşirlemeli ýeri bar 
diýipdiňiz, goý, Küle şony bitirsin (N. Baýramow). 2
göç. m. Jaýba-jaý goýmak;ýerbe-ýer aýtmak; ýerine 
düşürmek, ýerini bilip sözlemek, timarlamak,
syntgylamak. 
Şeýle köp märekeli ýygnakda 
sözlemäge adatlanmany üçin, oňa aýtjak bolýan 
zadyny kebşirlemek aňsat däldi (B. Kerbabaýew). 
KEBŞIRLEMEKLIK [kevşi:rlemeklik], iş ady. 
Kebşirlemek ýagdaýy. 
KEBŞIRLEMEZLIK [kevşi:rlemezlik], iş ady. 
Kebşirlemek işini ýerine ýetirmezlik. 
KEBŞIRLENMEK [kevşi:rlenmek], işl. 1. Şaý-
sep bölekleri, metal bölekleri biri-birine kebşir arkaly 
seplenmek. 2. göç.m. Iki zat biri-birine laýyk 
getirilmek, gabat getirilmek. Bu iki derwezäniň 
kebşirlenip gurluşy-da bir meňzeşdi (A. Gowşudow). 
KEBŞIRLEŞMEK [kevşi:rleşmek], işl. 1
Kebşirlemäge kömekleşmek. Ol apbasynyň gulpuny 
kebşirleşdi. 2. Bilelikde kebşirlemek. Ussalar 
turbalaryň sepini kebşirleşip otyrdylar.
KEBŞIRLETMEK 
[kevşi:rletmek], 
işl. 
Kebşirlemek işini başga birine etdirmek. Gönjügiň 
aralyk bezegini ussa kebşirletmek. 
KEBŞIRLEÝIŞ 
[kevşi:rleýiş], 
iş 
ady. 
Kebşirlemek ýagdaýy. 
KEBŞIRLEÝJI [kevşi:rleýji], at. Şaý-sepiň 
böleklerini, metallary biri-birine sepleýji, tutduryjy, 
birikdiriji. Tiz wagtdan kebşirleýjiler işe başladylar 
(B. Pürliýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling