Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KAŞAŇLAMA, iş ady. Kaşaňlamak ýagdaýy. KAŞAŇLAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet17/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KAŞAŇLAMAiş ady. Kaşaňlamak ýagdaýy.
KAŞAŇLAMAK, işl., gepl. Owadanlamak, 
bezeg bermek, bezemek.
KAŞAŇLAMAKLYK, iş ady. Kaşaňlamak 
ýagdaýy. 
KAŞAŇLANMAK, işl. Kaşaň görnüşe gelmek. 
Jaýlaryň daş görnüşini bezäberseň, gitdigiçe 
kaşaňlanýar. 
KAŞAŇLAÝYŞiş ady. Kaşaňlamak ýagdaýy. 
KAŞAŇLYK, at. Ululyk, giňlik, owadanlyk, 
görmegeýlik, bezeglilik. Obanyň kaşaňlygy göreni 
haýran galdyrýardy. 
KAŞAR, at. Öri meýdanlarynda mallary 
saklamak we çopan goş-golamlary üçin salnan jaý. 
Ot-iýmler mallaryň gyşladyljak kaşarlaryna daşaldy. 
KAŞGALDAK [kaşğallak], at.haýwanat d. 
Barak, sakarbarak. 
KAŞLYK, at. 1. Terslik, jetlik. Alyp 

almadym

 
diýip edýär kaşlygy (Ç. Gurbangylyjow). 2
Duşmanlyk, ýagylyk. 
KAŞŞAK, at, kön. s. Garyp, ýoksul, mätäç. Näme 
bizleri 
aç 
kaşşagyň 
ogly 
hasaplaýarmyň? 
(

Görogly

). Bul kör turur, men hem kaşşak 
tururmen... (Andalyp). 
KAŞYKat, gepl. d. Çemçe. Bir bedre süýdi bir 
kaşyk nebit bilen zaýalap bolýar, gyzym (G. 
Muhtarow). 
KAT(D) I, at. Boý, syrat, kamat. Magtymguly, 
ýok bu sözüň hatasy, Pelek elip katdym duta eýledi 
(Magtymguly). Katdy ýylan dek towlanyp, Ýar onda 
aglar, men, munda (Andalyp). 
KAT(D) II, at. Bir zadyň kadaly çägi, derejesi, 
serhedi, çäk. Ýüregi ýarylar katdyna ýetipdi (A. 
Nazarow).  
KATDY-KAMAT [katdy-ka:mat], at. Boý-syrat, 
daş sypat, syrat. Jygaly beg agtygynyň katdy-
kamatyna guwanyp, şat bolup, joşup bäş keleme söz 
aýdýar (˝Görogly˝).  
KATRA [katyra], at. Damja. Bir katra ýaşyň
hem dammasyn 
KATRA-KATRA [katyra-katyra], at. Köp sanly 
damja, damja-damja.
KATRANLAMAK [katyranlamak], işl., gepl.d.
It-pişik degen gaplar, namazlyk we ş.m. zatlar suw 
bilen ýedi gezek ýuwulmak, suw ýok ýerinde gum 
bilen arassalanmak. Ol pişik degen jamy katranlady. 
KAWKAZLY 
[kavka:zly], 
syp. 
ser. 
Kawkazlylar. 
KAWKAZLYLAR [kavka:zlylar], at. Kawkazyň 
ýerli ýaşaýjylary.  
KAÝAN [kaýa:n], çal., k.d. ˝Nirä? haýsy tarapa? 
haýsy ýana?˝ diýen manylarda ulanylýan sorag 
çalyşmasy. Sen kaýan barar sen, Dön, gyz, gaýt indi 
(˝Saýatly – Hemra˝).
KAÝSYk. d. ˝Haýsy?˝ diýen manyda ulanylýan 
sorag çalyşmasy. Dost kaýsy, duşman kaýsy, Parhyn 
edip bilmez men (Magtymguly). 
KAÝYL [ka:ýyl], syp. Her bir zada razy. Ol 
sögülse-de, urulsa-da kaýyl bolup otyrdy (N. 
Saryhanow).
KAÝYLLYK [ka:ýyllyk], at. Her bir zada 
razylyk, kaýyl bolmaklyk. Ol oňa kaýyllyk bilen 
gulak salýardy (A. Gurbanow). 
KAZA [kaza:], at. 1. Alla tarapyn ynsana berlen 
ömrüň hökümi, buýrugy. 2. Täleý, ýazgyt, takdyr. 
Azyp gelen kazany taňry sowsun (Nakyl).

 Kazasy dolmak sanaglysy dolmak, berlen ömür 
müddeti gutarmak, ömür peýmanaň ahyrlamak, 
dünýäden gaýtmak. Sizler bilen zowky-sapa sürensoň, 
Arman galmaz, dolsa kaza, Seýidi! (Zelili). Kazaňy 
almak öň okaman goýberen namazyňy belli bir
wagtda berjaý etmek, öwezini dolmak. 
KAZY [ka:zy], at.1. Kazyýete gelýän işleri onuň 
mejlislerinde garamak arkaly çözýän wezipeli adam. 
2taryh. Şerigata esaslanyp, dawa çözýän adam. 
KAZYÇYLYK [ka:zyçylyk], at, ser. Kazylyk
KAZYLAŞMA [ka:zylaşma], iş ady. Kazylaşmak 
ýagdaýy. 


16 
KAZYLAŞMAK [ka:zylaşmak], işl. Kazyýete 
ýüz tutup, biri bilen bolan dawany kanuny esasda 
çözdürmek. 
KAZYLYK [ka:zylyk], at. 1. Kazynyň ýerine 
ýetirýän wezipesi. Men näçe okasam hem kazylyga 
ýetişmejegimi bilýän (A. Gowşudow). 2. Kaza degişli 
bolan. Kazylyk işim ýok
KAZYÝET [ka:zyýet], at. 1. Raýatlaryň 
dawalaryny çözmek, jenaýat işlerine seretmek işini 
alyp barýan döwlet guramasy. Etrap kazyýeti. Şäher 
kazyýeti . 2. Şol guramanyň ýerleşýän jaýynyň ady. 

Ýaraşdyryjy kazyýet dawalaşýan, jedelleşýän 
taraplaryň arasynda ylalaşykly gatnaşyklary ýola 
goýmaga degişli.
KEBAP [keva:p], at. Közüň üstünde daglanyp 
bişirilýän et.

Kebap bolmak bir zadyň ugrunda ýanyp-
bişmek, kösenmek, heläk bolmak. Meniň ýarym suw 
içinde sonadyr, Gören aşyk kebap bolup ýanadyr 
(˝Saýatly – Hemra˝). Kebap etmek birini kösemek, 
horlamak, ýandyryp-bişirmek. Jismim kebap etmiş 
aýralyk ody, Ýürekler gan bolup, gözde ýaş galdy 
(Magtymguly). 
KEBAPÇIŞ [keva:pçi:ş], at. Kebap bişirmek üçin 
et düzülýän uzyn syh, çiş. 
KEBAPÇY [keva:pçy], at. Kebap bişirip satýan 
adam. Ol kebapçy bolup işleýär. 
KEBAPHANA 
[keva:pha:na], 
at. 
Kebap 
bişirilýän, iýilýän ýer, kebap bişirilip satylýan jaý. Ol 
kebaphana işe ýerleşdi. 
KEBAPLYK [keva:plyk], syp. Kebap üçin 
öňünden garylyp niýetlenen, kebap etmek üçin 
taýýarlanan (et). Kebaplyk et. 
KEBELEK [kevelek] I, at. 1. Iki jübüt ganatly 
dürli reňkdäki mör-möjekler toparyna degişli uçýan 
jandar. 2. zergärç.s. Ýaşuly aýallaryň kümüşden 
ýasalyp, ýüzüne pöwrize, aýna gaşlary oturdylan we 
alyn daňylaryna tikip dakynýan kebelek şekilli 
maňlaý şaýy. 3. Halylaryň älemine kebelege 
meňzedilip salynýan owadan nagyş ady. 

 Kebelek bolmak biriniň daşynda çyn ýürekden 
pyrlanmak, aýlanmak, hozanak bolmak Iýjegiňi, 
geýjegiňi taýýar edip, enem ikimiz daşyňda kebelek 
bolmaly hem bolsa boljak (A. Durdyýew). 
KEBELEKLEME 
[kevelekleme], 
iş ady. 
Kebeleklemek ýagdaýy. 
KEBELEKLEMEK [keveleklemek], işl. 1
gepl.d. Gaýmalamak, gaýyp düşmek, pelpellemek 
(gar we ş.m. hakynda). Gar kebelekläp ýagýardy. 2
göç.m. Biriniň daşynda pyrlanmak, hozanak bolmak. 
Kebelekläp oglanlaryň daşynda, Gaýgy-gam ýok bu 
gün onuň başynda (A. Kekilow). 3göç.m. Gözüň öňi 
dumanlamak, ümezlemek, gözüň öňünde salgym 
emele gelmek. Gözümiň öňi ümezleýär, kebelekleýär.
KEBELEKLEMEKLIK [keveleklemeklik], iş 
ady. Kebeleklemek ýagdaýy. 
KEBELEKLEÝIŞ 
[kevelekleýiş], 
iş ady. 
Kebeleklemek ýagdaýy. 
KEBŞIR [kevşi:r], at. 1. Mis, kümüş, bürünç
ýaly 
metallaryň 
belli 
bir 
mukdardaky
garyndylaryndan alynýan ergin. 2. Kebşir arkaly 
tutdurylan, seplenen ýer. 3. göç.m. Sepleşik, 
arabaglanyşyk. Hany, Seýit jan, çäýneklere seret, çaý 
gürrüňiň kebşiridir (B. Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling