Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet13/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KAPYÝALY [ka:pyýaly], syp. Kapyýasy ýerbe-
ýer, kapyýalaşyp gelýän, kapyýa salnan. Kapyýaly 
goşgy setirleri. 
KAPYÝASYZ [ka:pyýasyz], syp. Kapyýasy ýok, 
setiriň ahyrky sözleri sazlaşyksyz. Bu goşgy 
kapyýasyz ýazylypdyr. 
KARAM [kara:m], at. Oýunda we ş.m. 
düzgünden çykylyp edilýän aldaw, hile, mekirlik. Ol 
küştde karam göçüm etdi. 
KARAMÇYL [kara:mçyl], syp. Karam edýän, 
hile salýan, mekirlik edip aldaýan. Seniň bilen 
oýnasym gelenok, sen gaty karamçyl. 
KARAMÇYLYK [kara:mçylyk], at. ser. 
Karamlyk
KARAMLYGYNA 
[kara:mlyğna]
karamlygyna (haramlygyna) guzlamak wagtyndan 
öň buga gelip guzlamak (ýaş sygryň ilkinji garny 
hakynda). 
KARAMLYK [kara:mlyk], at. Oýunda we ş.m. 
edilýän 
aldawçylyk, 
hilegärlik, 
mekirlik. 
Çapyksuwaryň görnetin karamlygynyň üstüne-de 
jarçylaryň şol ýokanç gykylyklary bezzatlaryň 
degnasyna degdi (B. Kerbabaýew).
KARAR [kara:r] I, at. 1. Döwlet edaralary 
tarapyndan ýörite berjaý edilmek üçin çykarylýan 
görkezme, buýruk. 2. Ýygnaklarda we ş.m. ýerlerde 
köpçülik tarapyndan gollanylanda, oňlanylanda 
çykarylýan ündeýji häsiýetli gelnen netije.

 Karara gelmek bir zat barada gutarnykly belli 
bir netijä gelmek.
KARAR [kara:r] II, at. Sabyr, takat, aram, 
kanagat, ynjalyk. Goldan aldyň kararymy, Gelip sen 
nägehan, pyrak (Magtymguly). Ýene öýden çykýar 
tapman karary, Gidýär Aýnalara ünsüniň bary (M. 
Seýidow).

Karar tapmazlyk ynjalmazlyk. Märeke karar 
tapman, iki ýana elenýärdi (A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling