Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KAMARY I: kamary ýyl hasaby


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet10/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KAMARY I: kamary ýyl hasaby Aýyň dogýan 
we ýaşýan wagty boýunça ýöredilýän ýyl hasaby 
(serHijri: hijri-kamary). 
KAMARY II,syp. Goňur öwüşginli garaköli 
bagana. Kamary bagana.
KAMAT [ka:mat], at. Syratly uzyn boý. Yşk 
elinden çekdim pygany-nala, Elip dek kamatym 
ogşady dala (Halk aýdymyndan). 
KAMATLY [ka:matly], syp. Syratly, uzyn boýly. 
KAMBOJALY 
[kambo:jaly], 
syp. 
ser. 
Kambojalylar. 
KAMBOJALYLAR 
[kambo:jalylar], 
at. 
Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän Kamboja 
döwletiniň ilatynyň, ýerli halkynyň ady. 
KAMYS,at. Ýukajyk ak nah mata. Kamys tuty. 
Ak kamysdan tikilen köýnek. 
KANADALY [kana:daly], syp. ser. Kanadalylar. 
KANADALYLAR 
[kana:dalylar], 
at. 
Demirgazyk Amerikada ýerleşýän Kanadanyň 
ýaşaýjylary. 
KANAGAT [kanağat], at. 1. Özüňde bar zat 
bilen oňňut etmek, berlenine kaýyl bolmak, razy 
bolmak hem-de gowy zatlara garaşyp bilmek, sabyr 
etmek duýgusy. 2. Kanagat sözünden soň etmek 
(etmezlik) işligi gelip, täze many öwüşginli düzümli 
işlik ýasalyar: Kanagat etmezlik kanagatly 
bolmazlyk. Öz ryzkyna hiç kanagat etmedik, Gözün 
diker, kişi aşyna zar bolar (Magtymguly). 
KANAGATLANARLY [kanağatlanarly], syp. 1
Ýeterlik 
derejede 
gowy, 
edilýän 
talaby 
kanagatlandyrýan. 
Pagta 
kabul 
etmekde 
kanagatlanarly 
işlenildi. 
2
Ýokary 
okuw
mekdeplerinde 
goýulýan 
üçlük 
baha. 
Ol 
kanagatlanarly baha aldy. 
KANAGATLANDYRMAK 
[kanağatlan-
nyrmak], işl. Kimdir biriniň talaplaryny, isleglerini 
ýerine 
ýetirmek, 
berjaý 
etmek.Haýyşy 
kanagatlandyrmak. 
KANAGATLANDYRYLMAK 
[kanağatlan-
nyrylmak], işl. Kimdir biriniň talaplary, islegleri 
ýerine ýetirilmek, berjaý edilmek. Oba ilatynyň 
islegleri doly kanagatlandyryldy. 
KANAGATLANMA [kanağatlanma], iş ady. 
Kanagatlanmak ýagdaýy.
KANAGATLANMAK [kanağatlanmak], işl. Bir 
zatdan göwnüň bitmek, razy bolmak, göwnüňe jaý 
bolmak. 
KANAGATLANMAKLYK 
[kanağatlan-
maklyk], iş ady. Kanagatlanmak ýagdaýy. 
KANAGATLANMAZLYK [kanağatlanmazlyk], 
iş ady. Kanagatlanyp bilmezlik, göwnüňe jaý 
bolmazlyk. 
KANAGATLANYŞ [kanağatlanyş], iş ady. 
Kanagatlanmak ýagdaýy. 
KANAGATLY [kanağatly], syp. Kanagaty bar, 
sabyrly, kanagatsyz däl. Kanagatly adam. 
KANAGATLYLYK 
[kanağatlylyk], 
at. 
Kanagatly bolmaklyk, kanagaty barlyk, sabyrlylyk, 
kanagatsyz dällik. Bu görnüş oglanlaryň her biriniň 
ýüreginde uly begenç, kanagatlylyk döretdi (A. 
Gurbanow). 
KANAGATSYZ [kanağassyz], syp. Kanagaty 
ýok, kanagatly däl, sabyrsyz. Kanagatsyz oglan. 
KANAGATSYZLYK 
[kanağassyzlyk], 
at.
Kanagaty ýokluk, kanagatly dällik, kanagatsyz 
bolmaklyk, sabyrsyzlyk. Ol kanagatsyzlygyndan az 
kösenmeýärdi. 
KANAL [kana:l], at. 1.Süýji we zeý suwlaryny 
akdyrmak üçin gazylýan uly emeli desga. 
2.Telewideniýede özbaşdak enjamlaryň, tehniki hem-
de döredijilik işgärleriň kömegi bilen işledilýän 
aragatnaşyk ýaýlymy (ser. Ýaýlym). Türkmen 
telewideniýesiniň dördünji kanaly. 
KANDA, çal., k. d.

Nirede?



haýsy ýerde?

diýen manyda ulanylýan sorag çalyşmasy.
KANDIDAT [kandi:da:t], at. Ylmy dissertasiýa 
goralanda dakylýan alymlyk derejesi. Filologiýa 
ylymlarynyň kandidaty. Taryh ylymlarynyň kandidaty. 
KANDIDATLYK 
[kandi:da:tlyk], 
1. 
at. 
Kandidatyň ylmy derejesi we ýagdaýy. 2. syp
Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini almak üçin 
ýazylan. Kandidatlyk dissertasiýa. 

Kandidatlyk minimumy alymlyk derejesine 
dalaşgär adamyň dissertasiýany goramazyndan öň 
bilimleriň kesgitlenen möçberinde tabşyrmaly 
synaglary. Kandidatlyk minimumlaryny tabşyrmak. 


13 
KANDIDATURA [kandidatu:ra], at. Kandidat 
hökmünde ady görkezilen, teklip edilen adam
dalaşgär. 
KANSLER 
[ka:nsler], 
at
Germaniýada
hökümetiň başlygy.  
KANUN [ka:nu:n] Iat. 1. Döwlet häkimiýetiniň 
ýokary guramasy tarapyndan kesgitlenen hukuk güýji 
bolan karar. 2. Kabul edilen, ýörelgä öwrülen
düzgün, adat, däp. Kabul edilen kanunyýerine 
ýetirmek her bir raýatyň borjudyr. 3. Her bir işiň 
düýp, asyl manysy bilen bagly bolan esasy kada, 
düzgün. Çagalara gowy terbiýe bermek her bir 
terbiýeçi üçin kanundyr. 4. Barlygyň hadysalarynyň 
arasyndaky hökmany,tebigy baglanyşyk we olaryň 
biri-birine baglylygy. Aýsyz dury asmanyň ýyldyzlary 
öz kanunlary boýunça asudalyk bilen balkyldaşýardy 
(B. Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling