Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ýaramazlyk göwnüňden turmak, hoş ýakmak, gowy  görmek.Ol sözüni bölenini halamasa-da, oňa şol söz  kem ýaramady (B. Kerbabaýew)


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet27/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ýaramazlyk göwnüňden turmak, hoş ýakmak, gowy 
görmek.Ol sözüni bölenini halamasa-da, oňa şol söz 
kem ýaramady (B. Kerbabaýew). 
KEMAKYL, syp. Akyly doly däl, gelip-
gitmeliräk, akyl-paýhasynda kemi, ýetmezi bolan.
KEMAKYLLYK, at. Kemakyl bolmaklyk. 
Oglum, sen kemakyllyk etme! 
KEMAKYLLYLYK, at, ser. Kemakyllyk. Men 
ýaşlyk, kemakyllylyk edip, okuwymyň arasyny kesip
uly ýalňyşlyk etdim. 
KEMAL [kema:l], at. 1. Kämil, ýetişen. Kemlik 
eýle, kemal bar, Menlik etme, zowal bar 
(Magtymguly). 2. Oglana dakylýan at. 

Kemala gelmek 1) kämillik ýaşyna ýetmek, 
ýetişmek, göze görünmek (gyz hakynda); ýigit 
çykmak, jahyl çykmak (oglan hakynda). 2) hasyla 
durmak, bişmek, ýetişmek. Kemala gelen hasyly 
ýygnamaklyga ilkinji günlerden guramaçylykly 


21 
girişdiler. 3) ösmek, taplanmak. Kemala getirmek 1) 
terbiýeläp ýetişdirmek, jemgyýetiň abraýly, görnükli 
adamsy, agzasy hataryna goşmak. 2) ýüze çykarmak, 
döretmek.Kemal etmek kämillige ýetirmek, hasyl 
etmek.
KEMALLY [kema:lly], syp. 1. Oňly, ugurly, 
derekli, oňat. Pessaýlap ösýän şemal gök çöpleri 
kemally gozgap bilmese-de, topalaklaryň, selmeleriň 
başlaryny yralaýardy (B. Kerbabaýew). 2. Doly, 
ýetik, emelli-başly. Bir ýar bergil etli-ganly, Dil 
bilen, akly kemally (Magtymguly).Onuň belli işleýän 
ýeri hem ýokdy, kemally bilýän zady hem ýokdy (H. 
Ysmaýylow). 
KEMALLYLYK [kema:llylyk], at. Ugurly-
dereklilik, oňlulyk, emelli-başlylyk. 
KEMALSYZ 
[kema:lsyz], 
syp. 
Ugursyz, 
dereksiz, oňly däl, ugur-utgasyz. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling