KESEKLEMEKLIK, iş ady. Keseklemek
ýagdaýy.
KESEKLEMEZLIK, iş ady. Birine ýa-da bir
zada kesek atmazlyk, kesek zyňmazlyk.
KESEKLENMEK, işl. Birine ýa-da bir zada
kesek atylmak, kesek zyňylmak. Gelnalyja gatnaşan
atlylar keseklendi.
KESEKLEŞMEK, işl. 1. Biri-biriňi keseklemek.
Çagajyklar iki topara bölünip, ondan-oňa bukulyşyp
kesekleşýärdiler. 2. Bilelikde keseklemek. Oglanlar
ekine giren düýeleri kesekleşip duran ekenler.
KESEKLETMEK, işl. Birine ýa-da bir zada
kesek atdyrmak, kesek zyňdyrmak.
KESEKLEÝIŞ, iş ady. Keseklemek ýagdaýy.
KESEL, at. 1. Adam agzalarynda ýa-da
haýwanda, ösümliklerde döreýän näsazlyk, dert.
Öýken keseli bilen kesellän adam güýçli üsgürmäni
çykarýar (
Türkmenistan
). 2. gepl. d. Keselli, näsag,
syrkaw, nähoş. Ol kesel halyna näme üçin geldikä?
(B. Seýtäkow).
Kesel bolmak bir zat ýoň bolmak, ýörelgä
öwrülmek, nysak bolmak (şeýlebir halanmaýan
täzelik hakynda). Soňky döwürde gelnalyja gidýän
maşynlaryň sanyny köp etmek kesel bolupdyr.
KESELBENT
[keselvent],
syp.
Keselden
açylman ýören, kesel büren, keselli.
KESELBENTLIK [keselventlik], at. Keselbent
halda bolmaklyk, keselden açylman ýörmeklik,
kesellilik, sagat dällik.
KESELÇILIK,
at.
Keselli
ýagdaýynda
bolmaklyk; syrkawçylyk. Emma keselçilik horlaýar
(B. Seýtäkow).
KESELEÝIN, syp., ser. Keseligine. Üç sany
agaç gerekdi: iki agajy ýanaşyk dikmelidi, birini-de
olaryň üstüne keseleýin atmalydy (G. Kulyýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |