Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SÜÝREMEK [süýrömök], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet498/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   494   495   496   497   498   499   500   501   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜÝREMEK [süýrömök], işl. 1. Ýeriň ýüzi bilen 
çekip alyp gitmek. Bäş-alty adam Börini, onuň 
ýoldaşlaryny süýräp äkitdi (B. Seýtäkow). 2. Tirkege 
almak, tirkäp alyp gitmek, çekmek. Arabany maşyn 
bilen süýräp, palçykdan çykardylar. 3. Köp geýip 
köneltmek. Men bu köwşi köp süýredim. 4. göç.m. 
Hemaýat etmek, kömek bermek, goldamak, arka 
durmak. Durmuşda birek-biregi süýremeli hem 
bolýar. 5. göç.m. Bir iş boýunça köp gatnatmak, 
ondan-oňa çagyrmak. Ony üç aýlap süýränlerinden 
soň, pugta käýinç beripdirler. 6. kön.s. Zorluk bilen 
alyp gaçmak ( gyz hakynda). Bu gün gelip, obadan 
gyz süýreseler, ertir gelip, heleý süýrärler (H. 
Derýaýew).
SÜÝREMEKLIK 
[süýrömöklük], 
iş ady. 
Süýremek ýagdaýy. 
SÜÝREMEZLIK 
[süýrömözlük], 
iş 
ady. 
Süýremek hereketini etmezlik. 
SÜÝRENDIRMEK 
[süýrönnürmök], 
işl. 
Süýrenmäge mejbur etmek. Aý, meniň işim haýyr 
weli, Sazagy şol süýrendirip ýörşüň bilen onuň 
akylyna biraz kast edermikäň öýdýän (B. 
Kerbabaýew).
SÜÝRENIJILER [süýrönüjülör], at. Esasan, 
süýrenip, garynlaryny ýere berip hereket edýän 
oňurgaly haýwanlar topary (ýylan, suwulgan, hažžyk 
krokodil, zemzen we beýlekiler ). 
SÜÝRENIŞMEK [süýrönüşmök], işl. Birnäçe 
bolup süýrenmek. Bu ikisiniň yzda süýrenişini görüp, 
olaryň ýanlaryna bardy (A. Durdyýew). 
SÜÝRENJEŇ [süýrönjöň], syp. Işi wagtynda 
ýerine ýetirmeýän, asgynjaklyk edýän, yzda galýan, 
yzda süýrenýän. Süýrenjeň işgär. 
SÜÝRENJEŇLIK 
[süýrönjöňlük], 
at. 
1
Süýrenjeň bolmaklyk. 2. Hysyrdy, alada. Ýola düşüp 
gidiberýänçä, süýrenjeňligi köp bolýar (

Edebiýat 
we sungat



Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   494   495   496   497   498   499   500   501   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling