Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet787/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   783   784   785   786   787   788   789   790   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝEŇSAPYLYK, syp. Ýeňsapy üçin niýetlenen. 
Ýeňsapylyk mata. 
ÝEŇSE, at. 1. Kelläniň yz, arka tarapy.Utulan 
ýeňsesini gaşar (Nakyl). 2. Bir zadyň arka, art tarapy. 
Aýlaryň şatlygyna bilbil heň etdi, Şol wagt ýeňseden 
bir göwre ýetdi (B. Kerbabaýew).

 Ýeňse (ýeňsäni) bermek yza çekilmek, 
tesmek, gaçmak. Ýeňse damaryň gatamak  
gaharyň gelmek, erbet görmek. Ýeňse damaryňdan 
tutulmak ser. Ýeňse damaryň gatamak. Ýeňsesi 
ýapylmak 
durmuşa 
çykarylmak. 
Ýeňsäňden 
tutulmak ser. Ýeňse damaryň gatamak.
Ýeňsäňi gaşamak 1) pikirlenmek, oýlanmak. Ol 
ýeňsesini gaşap, ýarymgöwün halda howla girdi.2) 
müýnli bolmak. Ol egnini gysyp, ýeňsesini gaşamaga 
durdy. Ýeňsäňi görkezmek gitmek, gaçmak. 
Nurjahan ýaly gudaçylyga geläýse-de, tizräk ýeňsäňi 
görkez diýjek (B. Kerbabaýew). Ýeňsäňi el ýaly 
etmek ser. Ýeňsäňi görkezmekIşleýşiňiz şu bolsa, 
ussa agalar, ýeňsäňizi el ýaly ediberiň! (B. Gulow). 
Ýeňsäňi 
tüňňertmek 
närazylyk 
bildirmek, 
öýkelemek. Ol ýeňsesini tüňňertdi, öýkeledi... (B. 
Kerbabaýew).
 ÝEŇSEKI, syp. Ýeňse tarapdaky, yz tarapdaky, 
art tarapdaky. Ýeňseki uly ýoldan hatar bolup gelýän 
kerwen obanyň içine ala-zenzele salyp gelýärdi (B. 
Gulow). 
ÝEŇSELIK, at. 1. Gelin-gyzlaryň ýeňsesine 
dakylýan şelpeli, gyzyl çaýylan kümüş şaýy. Gyzyň 
ýeňseligi örän owadandy. 2. Kellekiniň malyň 
gulaklarynyň syrtyndan aýlanyp geçýän gaýşy. 
Uýanyň ýeňseligi üzülipdir. 
ÝEŇSIKÇI, at. Agzyny dolduryp öwnüp, diýen 
sözüniň yzynda durup bilmeýän, sözüniň eýesi däl 
adam. Ýeňsikçiňki ýeke gün, ýetip barsa, ýedi gün 
(Nakyl). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   783   784   785   786   787   788   789   790   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling