10. göç.m. Wagt, pursat, mahal. Han küýli janyny
emgemeli ýerinde tapylmaýardy (A. Durdyýew). 11.
göç.m. Bir zadyň galdyran, ýetiren şikesiniň yzy.
Elimiň ýanan ýeri agaryp dur.12. göç.m. Ýaryşlarda
gazanylýan, eýelenýän orun.
Ýaryşda biziň
oýunçylarymyz birinji ýeri eýeledi. 13. göç.m. Nesil,
maşgala. Ol gyz gowy ýeriň maşgalasy eken. 14.
Ýaşaýyş-durmuş, hojalyk aýratynlyklary bilen
tapawutlanýan ilatly nokatlar. Oba ýeri. Şäher ýeri.
Ýer açmak ekilmän ýatan ýeri tekizläp, düzläp,
ekmäge ýaramly etmek. Ýer açmagam, öňki
ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagam bolar. Ýer
– ala, ýurt – ala her bir ýeriň öz aýratynlygy bolýar.
Ýer almak makul görülmek, aýdan-diýeniň ýer
tutmak, sana geçmek, makul bilinmek. Ýer asty
bilen gizlin, ýaşyryn, ogryn. Ýerden alyp, ýere
salmak (sokmak) örän erbet käýemek, berk
utandyrmak, ýazgarmak. Ýer bagyrtlap aglamak
bagryny ýere berip, gussa çekip aglamak. Ýalňyz
oglunyň uruşda öldi habary gelen ene ýer bagyrtlap
aglady. Ýer bilen ýegsan etmek ýok etmek,
bolmadyk ýaly etmek, düp-düz, tep-tekiz etmek. Ýer
çalmak 1) sesýetim öňden gidip, göçüň gitmeli
ugruny kesgitläp gitmek. 2) öňünden ýurt tutuljak
ýeri bellemek. Ýere bakmak 1) sustuň basylmak,
utanmak, çekinmek. Ol ýigit gireninden Gülälek
utanjaň ýaşlyk joşgunynyň zarbyndan çym gyzyl
bolup, barmagyny dişläp, ýere bakyp durdy (H.
Ysmaýylow). 2) gaýgy-gama batmak, gaýgylanmak,
oý-pikire çümmek, oýlanmak. Ýer depip oturmak
aýdylana, diýlene gulak asmazlyk, öz diýeniňi
etmeklik, razylaşmazlyk. Näme bolsam, şu ýerde
boljak diýip, ýer depip otyr (B. Seýtäkow). Ýer
Do'stlaringiz bilan baham: |