Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


diňlemek ýatmak, uklamak. Ýer dyrmamak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet791/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   787   788   789   790   791   792   793   794   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

diňlemek ýatmak, uklamak. Ýer dyrmamak 
(dörjelemek) belli bir netijä gelip bilmän, pikirlenip 
oturmak, çykgynsyz ýagdaýa düşmek. Ýüzüni aşak 
salyp, ýer dyrmansoň, ýuwaşja seslendi (B. 
Kerbabaýew). Oragy bilen ýeri dyrmamaga oturdy 
(

Edebiýat we sungat

). Ýere girmek 1) ýitirim
bolmak, gizlenmek. Ol indi ýere girseň, gulagyňdan 
çekip çykarar, asmana uçsaň, aýagyňdan çekip 
düşürer (B. Seýtäkow). 2) gaty utanmak, uýalmak. 
Utanjymdan ýaňa ýere girdim. Ýere-göge
sygmazlyk zady, baýlygy gaty köp bolmak. Onuň
zady ýere-göge syganok. Ýere gurt düşen ýaly 
çendenaşa köp, örän köp, mygyldy, örän köp adamly. 
Iki-ýana gatnaşýan adamlar ýere gurt düşen ýaly 
bolup görünýärdi (A. Durdyýew). Ýere siňip 
barmak keselçilik ýa-da ruhy dartgynlylyk zerarly 
gaty horlanyp, ysgyn-deramaty gitmek. Özüme näme 
bolýanyny-ha bilemok weli, ýöne ýere siňip barýan, 
ýerden galasym gelenok. Ýere sokmak 1) ýok
etmek, öldürmek. 2) gaty käýemek, näletlemek, 
ýazgarmak. Ýer etmek ýerine barmak. Gapy gaty 
jebis ýapylanok diýip alada etme, basym ýer eder
Ýere ýazylmak bat bilen ýykylmak. Ol ylgap gelşine 
aýagy bir zada büdräp, ýere ýazylyp gitdi. Ýer 
garbamak ýere ýüzin ýykylmak, ýere serilmek. 
Ýer gaty-da, gök yrak hiç zatdan dalda bolmazlyk, 
öz günüňi özüň görmeklik. Ýer hopmak ýer 
ýuwutmak, ýitirim bolmak, ýok bolup gitmek. Ýeri 
gelmek aýny pursaty bolmak, amatly wagty gelmek, 
mümkinçilik döremek, çemesine düşmek. Ýerinden 
gelme 

bolşy boluş däl, bolşuny diýip-aýdar ýaly däl

manysyndaky anlatma. Olam-a tüýs ýerinden gelme 
eken-ow, aga gara, gara ak diýip bilýän şeýle adama 
heniz duş gelmändim. Ýerine düşmek jaýyna 
düşmek, garaşylandan-da gowy bolmak. Şol söz 
ýerine düşen eken. Ýerine salmak amatly wagt 
aňtamak; öwezini ödemek. Ýerine ýetirmek 1) 
etmeli işi etmek. 2) has gowy edip amal etmek. 
Ýerini tapmak özünde bar puly harçlamak, başga 
zadyny özi ulanmak ýa-da birine berip ýok etmek. 
Eline pul düşdügi, nädýänini bilmersiň, derrew ýerini 
tapýarÝerini tutmak biriniň işini dowam etdirmek, 
özüňden öňkiniň göreldesine eýermek, biriniň
öwezini, ornuny tutup bilmek. Ýeri gelende öz 
wagtynda, jaýynda, amatly pursatynda. Ýerini 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   787   788   789   790   791   792   793   794   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling