Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝETIMEK [ýeti:mek], at., ser. Ýetim 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet799/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   795   796   797   798   799   800   801   802   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝETIMEK [ýeti:mek], at., ser. Ýetim 1. 
ÝETIMKÖŞE [ýeti:mkö:şö], at. Çuwaly, torbany 
tutmak, götermek üçin iki gapdalynda goýulýan ýeke 
köşe
ÝETIMLIK [ýeti:mlik], at. Ýetimiň ýagdaýy, 
ata-enesizlik, 
hossarsyzlyk. 
Ah, 
ýetimligiň, 
sallahlygyň ýüzüne köz degsin (B. Kerbabaýew). 
ÝETIMOLTAŇ [ýeti:moltoň], at. Çokaýyň 
dabanynyň astyna ýamalýan bölek oltaň, ýama. 
ÝETIMSIREME 
[ýeti:msireme], 
iş 
ady. 
Ýetimsiremek ýagdaýy. 
ÝETIMSIREMEK 
[ýeti:msiremek], 
işl. 
Ýetimlik ýagdaýyny duýup başlamak, ene-atasyzlyk 
ýagdaýyny duýmak. Ony aljyraňňylyga salýan 
ýagdaý, ylaýta-da, Ballynyň dört ýaşly gyzynyň 
ýetimsiräp barmagydy (B. Kerbabaýew). 
ÝETIMSIREMEKLIK [ýeti:msiremeklik], iş 
ady. Ýetimsiremek ýagdaýy. 
ÝETIMSIRETMEK [ýeti:msiretmek], işl. Ýetim 
hökmünde kemsitmek, ýetimligini biler ýaly ýagdaýa 
salmak.
ÝETIMSIRETMEZLIK [ýeti:msiretmezlik], iş 
ady. Ýetimligini duýdurmazlyk, bildirmezlik. Ene 
urşuň 
yzynda 
galan 
atasyz 
çagalaryny 
ýetimsiretmedi. 
ÝETIMSIREÝIŞ 
[ýeti:msireýiş], 
iş 
ady. 
Ýetimsireme ýagdaýy. 
ÝETIM-ÝESIR [ýeti:m-ýesi:r], syp. 1. ser. 
Ýetim. 2. göç.m. Degişli hossary bolmadyk, garyp-
gasarlar, pakyr-pukaralar. 
ÝETIM-ÝESIRLIK [ýeti:m-ýesi:rlik], at. 1. ser. 
Ýetimlik.2.göç.m. Degişli hossarsyzlyk, garyp-
gasarlyk, pakyr-pukaralyk. 
ÝETIRILMEK,işl. Ýetmeli ýerine eltilmek, 
gowşurylmak. Bu habar çopanlara-da ýetirilipdi.
ÝETIRINMEK,işl. Gazanjyňy öz eklenjiňe 
ýetirmek. 
ÝETIŞDIRILMEK, işl. 1. Bellenen wagtyna 
taýýar edilmek. 2. Kemala getirilmek. 
ÝETIRIŞDIRMEK, 
işl. Wagtynda 
habar 
berişdirmek, duýduryşdyrmak. 
ÝETIRMEK, işl. 1. Habary we ş.m. belli bir 
aradaşlyga eşitdirmek, mälim etmek. 2. Üleşikde, 
bölünişikde hemmelere ýeter ýaly etmek, hemmelere 
paýyny berip çykmak. Toý ýaglygyny hemmelere 
ýetirdi. 3. Belli bir derejä eltmek, bir zadyň deňine 
eltmek, deňlemek.
ÝETIŞDIRMEK, işl. 1. Bilim-terbiýe berip 
ösdürmek, kemala getirmek. 2. Ideg etmek, ösdürip, 
boý aldyrmak, hasyla duruzmak. 3. Bellenen 
wagtynda taýýar etmek, öz wagtynda taýýarlamak. 
Işimizi aýyň ahyryna çenli ýetişdireris. 
ÝETIŞEŇKIRLEME, iş ady. Ýetişeňkirlemek 
ýagdaýy. 


492 
ÝETIŞEŇKIRLEMEK, işl. Ýetişip barmak, 
ýetişmäge az galmak. 
ÝETIŞEŇKIRLEMEKLIK, 
iş 
ady. 
Ýetişeňkirlemek ýagdaýy. 
ÝETIŞEŇKIRLEÝIŞ, iş ady. Ýetişeňkirlemek 
ýagdaýy. 
ÝETIŞIBILDIGINDEN [ýetişivilliğinnen], hal. 
Bar güýji bilen, çalt, aldygyna, haýdap. Tüpeňiň 
gundagy bilen eliniň ýetişibildiginden urýardy (A. 
Gowşudow). 
ÝETIŞIK, at. Okuwy özleşdirip, bilim alyş 
derejesi. Şeýle-de bolsa okuwa ýetişigim erbet däldi 
(R. Gelenow). 
ÝETIŞIKLI, syp. 1. Hemme işine başarjaňlyk 
bilen ýetişýän, ýeteşikli. 2. Çalt dadyňa ýetýän (adam 
hakynda). 
ÝETIŞIKLILIK, at. Ýetişikli bolmaklyk, her bir 
zada ýetişip bilijilik. 
ÝETIŞIKSIZ, syp. Garabaşyna gaý, aljyraňňy, 
işine ýetişip bilmeýän. Diýdi: 

Huş galmandyr meniň 
başymda, Hemişe-de ýetişiksiz işimde

(A. Kekilow).
ÝETIŞIKSIZLIK, 
at
Ýetişiksiz 
halda 
bolmaklyk.
ÝETIŞMEK I, işl. 1. Barmaly ýeriňe aýny
wagtynda barmak. Hernä wagtynda ýetişäýdiň, 
ýogsa ol it meni gemirjek eken (A. Gowşudow). 2. 
Geçilýän sapaklary doly özleşdirmek, talabalaýyk
okamak. 3. Wagtynda gutarmak, tamamlamak,
taýýar etmek. Işi gutaryp ýetişdim.  
ÝETIŞMEK II, işl. 1. Kämillik ýaşyna ýetmek,
kemala gelmek.Ol (gyz) kemsiz ýetişipdir (R. 
Allanazarow). 2. Bişmek, iýer ýaly bolmak; doly boý 
almak. Onuň miwesi ir ýetişdi (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÝETLIŞMEK, işl., ser. Ýetişmek I. 
ÝETME, iş ady. Ýetmek ýagdaýy. 
ÝETMEK, işl. 1. Öňden barýanlar ýa-da
öňdäkiler bilen deňleşmek. Ol ylgap 
ýoldaşlarynyň yzyndan ýetdi. 2. Belli bir ýere 
baryp ýetişmek, barmak. Şähere gün ýaşyberende 
ýetdik. 3. Belli bir mukdarda ýetdik paýyň berilmek,
paý düşmek. Maňa ýeten şu ýaglyk boldy. 4. 
Ýeterlik bolmak, geregiçe bolmak.  Beren kagyzlaryň 
ýazmaga ýetdi. 5. Biriniň ýa-da bir zadyň täsiri 
bolmak, sebäp bolmak. Bu işiň Görogludan ýetenini 
aňlady (

Görogly

). 6. Ýaşy, wagty, möhleti, sany
belli bir mütdete barmak. Ýigdekçäniň ýaşy on alta 
ýetdi. 7. göç.m. Sanalgyň dolmak, kazaň dolmak. 
Ýatan ölmez, ýeten öler (Nakyl). 8. Ölçeg, çäk 
boýunça belli bir möçbere deň bolmak.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   795   796   797   798   799   800   801   802   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling