Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝETDE-GÜTDE [ýetde-ğütdö], syp. Ýeter- ýetmez (gün-güzeran hakynda).  ÝETDE-GÜTDELIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet797/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   793   794   795   796   797   798   799   800   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝETDE-GÜTDE [ýetde-ğütdö], syp. Ýeter-
ýetmez (gün-güzeran hakynda). 
ÝETDE-GÜTDELIK 
[ýetde-ğütdölük], 
at. 
Ýetde-gütde ýagdaýda güzeran görmeklik. 
ÝETDIK: ýetdik hak (paý) paýlanyşykda, 
bölünişikde ýetýän, düşýän hak, paý. 


491 
ÝETDIRMEK, işl. 1. Ýaryşda, ylgawda yzyndan 
ýeter ýaly etmek, ýetmegine mümkinçilik bermek. 
Men nädip yzymdan ýetdirenimi bilmändirin. 2. 
göç.m. Garyp düşmek, lüt galmak, güzeran görmegiň 
kynlaşmak. 3.göç.m. Garrylyk zerarly kuwwatdan 
düşmek, lagşamak. 4. göç.m. Miýesser bolmak, 
duçar bolmak, başartmak. Men özüme ýazyjy bilen 
gürrüňdeş bolmagyň ýetdirenine begenip, depäm 
göge diredi (B. Gulow). 
ÝETELIKLI, syp.Ýeter ýaly, ýetmän durmaz 
ýaly (nahar hakynda). Ýetelikli bolar ýaly, palawy 
köpräk ataryň, myhman köp çagyrylandyr
ÝETEŇKIRLEMEK,işl. 
Ýetip 
barmak, 
ýetibermek. Olaryň yzyndan ýeteňkirläberenimizde, 
maşynymyzyň benzini gutaryp galdy (A. Nazarow). 
ÝETERLIK, syp. 1. Talaby, islegi 
kanagatlandyryp biljek, gerek bolan mukdardaky
kanagatlanarlyk. 2. göç.m. Bes, bolýar, ýetik. 
ÝETERLIKLI, syp. Ýeterlik mukdarda bolan
talaby kanagatlandyryp bilýän, kanagatlanarlykly. 
Ýeterlikli sowatly adamlar örän köpdür. 
ÝETERLIKSIZ, syp. Ýeterlik bolmadyk
ýeterlik däl. 
ÝETER-ÝETMEZ, syp. 1. Çala ýetýän, zordan 
ýetýän. Ýüpümiz ýeter-ýetmez boldy. 2. Çala ýeter 
ýaly, zordan ýeter ýaly. Gyz bir almany Temmeliň eli 
ýeter-ýetmez ýerde goýupdyr (

Türkmen halk 
ertekileri

). 3. Az mukdarly, azlyk edýän, ýetjegi-
ýetmejegi näbelli. Halylyk ýüpümiz ýeter-ýetmez 
boldy. 4. göç.m. Bolar-bolmaz, bolgusyz, ugursyz, 
bihepbe. Her ýeter-ýetmeze ynanyp bolmaz. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   793   794   795   796   797   798   799   800   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling