Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝITME, iş ady. Ýitmek ýagdaýy.  ÝITMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet805/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   801   802   803   804   805   806   807   808   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝITME, iş ady. Ýitmek ýagdaýy. 
ÝITMEK, işl. 1. Gaçyp galmak, gürüm-jürüm 
bolmak, ýitirim bolmak, ýok bolmak. 2. Azaşyp 
başga ýere düşmek, azaşmak. Men ýiten düýämizi 
gözläp geldim. 3. Görünmez ýaly bolmak, bozulmak, 
öçmek. Köp wagt geçmegi bilen, ýazylan hatlar 
kagyzyň ýüzünden ýitip gidipdir. 4. Ýoga çykmak, 
puç bolmak.
ÝITMEKLIK, iş ady. Ýitmek ýagdaýy. Toý 
boljak bolup durka, iş köpkä, beýle gara bermän 
ýitmeklik bormy? 
ÝITMEZLIK, iş ady.Ýitmän durmak, ýörmek. 
ÝODA [ýo:do], at. Kiçijik pyýada ýoly. Ýoda 
yzlasaň, ýola barar, ýoly yzlasaň – ile (Nakyl). 
ÝOGALMA [ýo:ğolmo], iş ady. Ýogalmak 
ýagdaýy. Kakasynyň ýogalmasy ýetginjege agyr 
degdi. 
ÝOGALMAK [ýo:ğolmok], işl. Aradan çykmak, 
wepat bolmak, ölmek, aýrylmak, dünýeden gaýtmak. 
Ejeň ýogalanda, sen ýaşyňa ýa ýetensiň, ýa-da ýeten 
dälsiň (B. Kerbabaýew). 
ÝOGALMAKLYK [ýo:ğolmokluk], iş ady. 
Ýogalmak ýagdaýy. 
ÝOGALMAZLYK [ýo:ğolmozluk], iş ady. 
Ölmän galmak, ýaşamaklyk, bar bolmaklyk. Onuň 
ýogalmandygyny eşidip begendik. 
ÝOGLA [ýoğlo], at. Deňizde asuda howa. 
Görýäňmi, bu bulut ýöne bulut däl, ynam ýokdur, 
howa bolsa-da ýogla (Ş. Borjakow). 
ÝOGNAMA [ýoğnomo], iş ady. Ýognamak 
ýagdaýy. Birneme ýognamasy oňa gelşik beripdir. 
ÝOGNAMAK [ýoğnomok], işl. 1. Ýogyn 
bolmak, düýbi, göwrümi ulalmak. 2. Semräp, ýogyn 
bolmak, doluşmak, semremek. Sen öňkiňden biraz 
ýognapsyň. 
ÝOGNAMAKLYK [ýoğnomokluk], iş ady. 
Ýognamak ýagdaýy. Biraz ýognamaklyk oňa zyýan 
berjek däldi. 
ÝOGNAMAZLYK [ýoğnomozluk], iş ady. 
Ýognaman durmak. 
ÝOGNAS [ýoğnos], syp. 1. Birneme ýogyn, 
ýogynrak. Ýognas pürs. 2. Dolmuş, semiz, etli-ganly. 
Ýognas adam. 3. Ýogynrak, gödek çykýan (ses 
hakynda). Şol wagt gapynyň daş ýüzünde biriniň 
ýognas sesi eşidildi (B. Pürliýew). 4. Doly ýogyn däl-
de, çalarak ýogyn (suw hakynda). Içim suwy 
ýognasdy, özem uzakdan getirilýärdi (

Edebiýat we 
sungat

). 5. Irimçik dokalan, nepis däl. Ýognas 
dokalan haly. 
ÝOGNASLYK [ýoğnosluk], at. 1. Birneme 
ýogynlyk, ýognas halda bolmaklyk. 2. Dolmuşlyk, 
semizlik, etli-ganlylyk. Ýognaslyk ýaş adama 
gelişmeýär.
ÝOGNASRAK [ýoğnosura:k], syp. Öňküsine ýa-
da beýlekilere garanda birneme ýognas. Ýognasrak 
bir adam gapydan içerik ätledi. 
ÝOGNAS-ÝOGNAS 
[ýoğnos-ýoğnos], 
syp. 
Köpüsi, hemmesi ýognas. Ýognas-ýognas pyýadalar 
gelip, howla girdiler. 
ÝOGNAŞMAK [ýoğnoşmok], işl. 1. Kem-
kemden ýognamak (birnäçe adam hakynda). Öňki 
gören inçesagt ýigitlerimiz ýognaşyp gidipdir. 2. 
Ýognas bolup başlamak (ses hakynda). Ýigdekçäniň 
sesi ýognaşypdyr. 3. Öňküsinden ýogyn bolmak, 
kem-kemden ýognamak. Şahalary ýognaşyp başlan 
ýaş çynar owadandy, buýsançlydy. 
ÝOGNATMAK [ýoğnotmok], işl. Ýogyn etmek. 
ÝOGSA [ýoğso], bagl. Garşylygy we şerti 
görkezýän söz. Bilseň, nesihatdyr, ýogsa, pesihat 
(Magtymguly). 
ÝOGSAM [ýoğsom/ýoğsa:m], bagl., ser.Ýogsa
Bir keçe ýazaýaly, ýogsam otuň üsti çygdyr. 
ÝOGURT [ýoğurt], at. Sygryň, dowaryň süýdüne 
gönezlik atylyp, uýadylyp alynýan önüm, gatyk. 
Ýogurt içseň, ýoky galar (Nakyl). 
ÝOGYN [ýoğuýn], syp.1. Göwrümi, möçberi 
taýdan adatdakydan ýokary, artyk, inçe däl. Ýogyn 
saçly gyz. 2. gepl.d. Etli-ganly, semiz, çişik, dolmuş. 
Ýogyn pyýada. 3. Zorruk we ýognas çykýan, gödek 
(ses hakynda). Ýogyn gödek sesini basybrak, 
myhmanyna ýüzlendi (B. Seýtäkow). 

Ýogyn çekimliler dil b. yzky hatarda hasyl 
bolýan çekimliler (a, o, u, y). 
ÝOGYNLY-INÇELI [ýoğuýnl(y)-i:nçeli], syp. 1. 
Arasynda hem ýogyny, hem inçesi bar bolan, ýogyn 
we inçe gatyşykly; her dürli. Gurluşyk üçin ýogynly-
inçeli agaçlar taýýarlandy. 2. Kä ýogyn, kä inçe; hem 
ýogyn, hem inçe; belentli-pesli (ses hakynda). 
ÝOGYNLYK [ýoğuýnluk], syp. 1. Göwrümi uly 
bolmaklyk, inçe dällik, ýogyn bolmaklyk. Munuň 
daşynda bilek ýogynlygynda bir turba bar, nebit 
şonuň içinden akýar (B. Kerbabaýew). 2. 
Göwrümlilik derejesi. Şu çynaryň ýogynlygy näçeräk 
bardyr? 3. Etli-ganlylyk, semizlik, çişiklik, 
dolmuşlyk. Aram ýogynlygyndaky adam içerik girdi. 

Ýogynlyk sazlaşygy dil b. sözdäki çekimli 
sesleriň ýogynlyk taýdan sazlaşygy. 
ÝOGYNRAK [ýoğuýnura:k], syp. Öňküsinden 
ýa-da beýlekilerden birneme ýogyn. 
ÝOGYN-ÝOGYN [ýoğuýn-ýoğuýn], syp. 1. 
Birsydyrgyn ýogyn. Ýogyn-ýogyn gägirmek. 2. 
Hemmesi ýogyn. Ýogyn-ýogyn pürsler. 
ÝOK, at. Bir zatdan ýokup galan, degen çyrşak, 
hapa. Gaplary ýuwanyňda nahar ýokuny gowuja 
aýyrgyn. 


496 

Ýok bolmazlyk örän az bolmak; doýurmazlyk 
(nahar hakynda). Onuň ýaly bolsa, sen hem kömek 
eden ekeniň, ýöne ikimiz iýjek bolsak, bize ýokam 
bolmaz (

Türkmen halk ertekileri

).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   801   802   803   804   805   806   807   808   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling