Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝOKANÇ [ýokonç], syp. Ýokuşmak häsiýeti bolan (kesel hakynda). Ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek. ÝOKANÇSYZ
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝOKANJRAK
- ÝOKARLAMAKLYK
- ÝOKARLANMAK
- ÝOKARLYGYNA
- Ýokary basyş 1)
- ÝOKARYK
ÝOKANÇ [ýokonç], syp. Ýokuşmak häsiýeti
bolan (kesel hakynda). Ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek. ÝOKANÇSYZ [ýokonuşsuz], syp. Ýokuşmaýan, ýokanç däl (kesel hakynda). Ýokançsyz kesel. ÝOKANJRAK [ýokonjura:k], syp. Birneme ýokanç häsiýetli. Ýokanjrak kesel. ÝOKARDA [ýokordo], 1. Beýleki bir zada garanda belentde, beýiklikde. Ýokarda ýerleşmek. 2. göç.m. Öňde, ilki başda (ýatlanylan, bellenilen, aýdylan we ş.m.). Ýokarda bellenilişi ýaly, borçnamamyzyň ýerine ýetmegi üçin mümkinçilikler köp. 3. Gündogar tarapda, ýokary tarapda, günüň ýokary galýan ýerinde. Garyndaşlarymyzyň köpüsi ýokarda ýaşaýar. 4. Ýokary döwlet edarasynda. Ol ýokarda işleýär. ÝOKARDAKY [ýokorda:ky], at.gep.l. Alla, hudaý, taňry. Ýokardakyň özi gorasyn! ÝOKARKY [ýokorky] syp. 1. Belentdäki, beýikdäki, iň ýokardaky. Iň ýokarky şaha eli ýetdi (H. Derýaýew). 2. Gündogar tarapdaky, ýokary tarapda ýerleşen. Welmyrat batyryň gelenini görüp, aksakgallar ýokarky derwezä ýygnandylar (A. Gowşudow). 3. Garamagynda birnäçe edara bolan esasy ýolbaşçy (gurama). Ýokarky guramalar bu meseläni hä diýmän çözdüler. 4. at, göç.m. Alla, hudaý. Muny bir ýokarky biler. ÝOKARLAMA [ýokorlomo], iş ady. Ýokarlamak ýagdaýy. Akyl zähmetiniň arzysynyň ýokarlamasy. ÝOKARLAMAK [ýokorlomok], işl. 1. Ýokary çykmak, belende galmak. Uçar barha ýokarlandy. 2. Bahasy galmak, gymmatlamak, artmak. Maşynyň nyrhy ýokarlapdyr. ÝOKARLAMAKLYK [ýokorlomokluk], iş ady. Ýokarlamak ýagdaýy. ÝOKARLANDYRMAK [ýokorlonnurmok], işl. 1. Ýokary galdyrmak, belende çykarmak. Uçarman uçary ýokarlandyrdy. 2. Tizligini artdyrmak, galdyrmak, çaltlandyrmak. Tizligini ýokarlandyrmak. 3. Bahasyny galdyrmak, gymmatlatmak. 4. Möçberini artdyrmak, köpeltmek. Gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlan-dyrmak ugrunda işläliň. ÝOKARLANMAK [ýokorlonmok], işl. 1. Barha ýokary galmak, beýgelmek, barha asmana göterilmek. Uçar barha ýokarlanýar. 2. Öňki derejesinden artyp başlamak, ýokary galmak. Üzümiň hasyllylygy-da ýylyň-ýylyna ýokarlanýar. 3. Gymmatlamak, nyrhy ýokary galmak. Gawunyň nyrhy ýokarlandy. 4. Gowulanmak, oňatlaşmak. Daýhanlaryň hal ýagdaýy gün-günden ýokarlanýar. ÝOKARLAŞMAK [ýokorloşmok], işl. Birneme ýokary galmak. Hil taýdan ýokarlaşmak. ÝOKARLATMAK [ýokorlotmok], işl. Ýokary galdyrmak, ýokary götermek. Oglan batböregi gitdigiçe ýokarladýar. Dükançy gandyň nyrhyny ýokarladypdyr. ÝOKARLYGYNA [ýokorluğno], hal. Ýokaryk, ýokary tarapa. Agaçlaryň arasy bilen ýempikläp, ýokarlygyna bakan ýöredi (G. Kulyýew). ÝOKARY [ýokory], at. 1. Ýer bilen asmanaralygyndaky giňişlik, ýerden asmana tarap bolan ugur. Ejem howanyň ýagdaýynyň bozulýanyny görüp, ýokary seretdi. 2. Aşakdan ýokarlygyna, ýokaryk. Sen ýokary uçanymyzdan soň, meniň arkamdan süýşüp, ýykylyp ýörme ( Türkmen halk ertekileri ). 3. Artyk, köp. Daşary ýurtlarda türkmen nebitine we gazyna isleg ýokarydyr ( Watan ). 4. Gowy, göreldeli, artyk. Ýokary netije gazanan gallaçylar az däl ( Türkmenistan ). 5. Gymmatly, möhüm, belent. 6. Günüň dogýan tarapy, gündogar (garşylykly sözi: aşak). Obanyň ýokary çeti. 7. Belent, inçe äheňli (ses hakynda). Juma bu sapar şahyryň başga bir goşgusyny bir perde ýokary galyp, has joşup gygyrdy (G. Kulyýew). 8. Güýçli, batly. Kädiniň gögerijiligi ýokary. 9. Derejesi boýunça ähmiýetli, uly. 10. Iň gowy, iň oňat, has ýagşy, has gowy. Ýokary hilli haryt. 11. gepl.d. Ýokarda durýan döwlet edarasy. Mekdebimize ýokardan adam gelipdir. 12. Bilim ulgamynda ýörite orta bilimden soňky (basgançak). Okuwymyzy dowam etdirdik, 497 ýokary bilim aldyk ( Edebiýat we sungat ). 13. Öýüň töri, tör. –Ýokary geçip oturjak däl – diýip, iç işikde aýak üstünde oturdy-da, aman-esenlik soraşdy (A. Gowşudow). 14. Her bir zadyň ýokary tarapy, üsti. Jöwenlikleriň ýokarsynda entek serçe sürüleri güsürdeşip uçýardy. Ýokary basyş 1) lukmanç. gan basyşynyň ýokarlanmasy. 2) howa basyşyndan ýokary bolan basyş. Ýokary göteriliş möwç alyş, ýaýbaňlanyş, ösüş, kuwwaty, depgini artyş. Zähmetde täzeden ýokary göteriliş başlandy. ÝOKARYK [ýokary:k], hal.1. Ýokarlygyna, ýokary tarapa, asmana tarap. Ol aşak seretdi, ýokaryk garady, mugallym bilen ikisi bileleşip gözledi (B. Kerbabaýew). 2. Gündogara, günüň dogýan tarapyna. Bular aşak tarapa barýan ýaly-la, biz ýokaryk gitmeli dälmi? (B. Hudaýnazarow). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling