Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝOKUM,at. Iýilýän iýmitleriň jana berýän  peýdasy. Üzümiň ýokumy köp.  ÝOKUMLY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet810/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   806   807   808   809   810   811   812   813   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝOKUM,at. Iýilýän iýmitleriň jana berýän 
peýdasy. Üzümiň ýokumy köp. 
ÝOKUMLY,syp. Bedene ýaramly, gurp berýän, 
ýokýan. Aslynda, gawun ýaly adama ýokumly iýmiş 
bolmaz (A. Gowşudow). 
ÝOKUMLYLYK [ýokumlulukl, at. Ýokumy 
barlyk, ýokumly bolmaklyk.
ÝOKUMLYRAK [ýokumlura:k], syp.  
Öňküsinden ýa-da beýlekilerden birneme ýokumly. 
Daýaw boljak bolsaň, ýokumlyrak iýmitleri köp 
iýmeli. 
ÝOKUMSYZ [ýokumsuz], syp. Bedene 
ýaramsyz, gurp bermeýän, ýokumy bolmadyk. 
ÝOKUMSYZLYK [ýokumsuzluk], at. Ýokumy 
ýokluk.
ÝOKUMSYZRAK 
[ýokumsuzura:k], 
syp. 
Birneme ýokumsyz. 
ÝOKUNDY [ýokunny], at. Ýokup galan zat
ujypsyz galyndy. Haltanyň düýbünde çalaja un 
ýokundysy bardy (B. Seýtäkow).
ÝOKUŞ: ýokuş degmek ser. Ýokuş görmek. 
Çyn goçaklar öz-özünden eder joş, Kärsiz äre ýokuş 
deger zerre iş (Zelili). Ýokuş görmek gaty görmek, 
göwnüňe ýaramazlyk, namys bilmek; kyn görmek. 
Patyşa bularyň gudaçylyga gelmegini ýokuş gördi 
(

Görogly

). Ýokuş söz erbet söz, göwne degýän söz. 
ÝOKUŞDYRMAK [ýokuşdurmok], işl., ser. 
Ýokdurmak. 
ÝOKUŞMAK [ýokuşmok], işl. 1. Birinden 
beýlekisine geçmek, ýokmak, degmek (kesel 
hakynda). 2göç.m. Geçmek, täsir etmek. Bu ýagdaý 
meniň aýalyma-da ýokuşdy (R. Allanazarow). 
ÝOL [ýo:l], at. 1. Ýöremek, gatnaw üçin hyzmat 
edýän ýer zolagy. Ýol gadyryn ýortan biler, ýaý 
gadyryn – dartan (Nakyl). Türkmenistanyň hereket 
edýän we gurulýan demir ýollary öz ýurdumyzda 
taýýarlanýan pürsler bilen üpjün ediler 
(

Türkmenistan

). 2. Syýahat, sapar, ýolagçylyk bilen 
bir ýere ugraýyş. Ýola çyksaň, ýoldaşyňy düzet 
(Nakyl). 3göç.m. Belli bir usul, tär. 4göç.m. Çäre, 
çykalga, alaç, ugur. Ussa bilen, ynha akyllaşyp 
göreris weli, bir ýol tapylar durubir (H. Garabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   806   807   808   809   810   811   812   813   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling