Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet806/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   802   803   804   805   806   807   808   809   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝOK [ýo:k], 1ugrukd s. Bir zat inkär edilende, 
biriniň ýa-da bir zadyň ýoklugy aňladylanda 
aýdylýar. Çyn ýagşynyň gahary bar, ýamany ýok 
(Nakyl). 2. Ýok zat, bolmadyk zat. Baryna kanagat, 
ýoguna – sabyr (Nakyl).

Ýoga çykarmak ýok etmek, puja çykarmak, 
bar bolan zatdan dyndarmak. Wiý, sen-ä bar edilen 
işi ýoga çykardyň oturyberdiň! Ýoguna ýanmak 
(köýmek) 1) bir zady ýok etmek, ýitirim etmek, 
soňuna çykmak. Olar mende gural goýmadylar, 
hemmesiniň ýoguna ýandylar. 2) öldürmek, başyna 
ýetmek. Ýoguny çekmek ýok bolup gitmek, ýitirim 
bolmak. Ol ýaňy hem bardy-la, nirä ýoguny çekdikä? 
Ýogy çekilmek ýok edilmek, ýoguna ýanylmak. Sen 
gazan çukuryňa özüň düşensiň, indi bu dünýäden 
ýoguň-a çekildi (

Türkmen halk ertekileri

). Ýok 
bolmak 1) başyňy alyp gitmek, güm bolup gitmek
owarra bolmak, garaňy görkezmezlik. Agaýunus peri 
bular bilen görüşmek isledi, emma olar Agaýunus 
bilen görüşmän, gaýra çekilip: – Sen bu jaýlara 
saýaňy salmagyn, yzyň ýitmänkä, ýok boluber – 
diýdiler (

Görogly

). 2) arany açmak, uzaklaşmak. Ol 
atyna bir gamçy basdy-da, ýok bolaýdy. Ýokdan bar 
etmek ýeter-ýetmez günde gerekli zatlary tapmak
tapyp oňňut etmek. Ene urşuň haýhatly günlerinde 
hem ýokdan bar edip, atasyz galan çagajyklaryny hor 
etmän saklapdy. Ýok etmek 1) ýitirim etmek, güm 
etmek, ýoklamak. Sen kitaby nirä ýok etdiň? 2) 
kemçiligiň, ýetmezçiligiň soňuna çykmak, olary 
düzetmek. Şu görkezilen kemçilikleri tiz ýok ediň.3) 
derbi-dagyn etmek, çym-pytrak etmek. 4) tüketmek, 
sowup, harçlap gutarmak (pul hakynda). Ýok ýaly 
bary-ýogy bildirmeýän, tertipli hem ýuwaş. – 
Pylankesiň ogly ýaly bolup bolaýsa, edil ýok ýalydyr, 
azary-bizary bolmaz. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   802   803   804   805   806   807   808   809   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling