Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Ýolçy mal hemişe gatnaýan ýoluny tapýan mal.  ÝOLDAŞ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet814/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   810   811   812   813   814   815   816   817   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 Ýolçy mal hemişe gatnaýan ýoluny tapýan mal. 
ÝOLDAŞ [ýolloş], at. 1. Bir ugur bilen bile 
barýan, ýollary bir bolan ýolagçy, hemra. Ýola 
çyksaň, ýoldaşyňy düzet (Atalar sözi). 2. Özüniň 
garaýşy, pikiri, işi, durmuş şertleri we ş.m. boýunça 
biri bilen umumylygy, ýakynlygy bar bolan adam. 
Ýürekdeş ýoldaş bilen göwün açyşmakdan gowy zat 
barmy näme? (B. Kerbabaýew). 3. Çaga bolanda, 
çaganyň yz ýany bilen düşýän jansyz bir bölek agza, 
düşgi. 4. Aýalyň äri, adamsy (bu söz, köplenç, aýallar 
tarapyndan ulanylýar ); ýanýoldaş. Ýoldaşym ikimiz 
mekdepde işleýäris. 5. göç.m. Bir ýere ugralanda sag-
aman barmak üçin yrym edilip ýanyň bilen alynýan 
çörek we ş.m. mukaddes zatlar. Ýoldaş bolar ýaly 
ýanyňa bir döwüm çörek al6. Oglana dakylýan at. 

Ak gyz ýoldaşyň bolsun! öýlenmedik ýigide 
aýdylýan taňryýalkasyn, dileg. 
ÝOLDAŞ [ýo:lloş], syp. Bir ýoldan bile barýan 
adam. Ýol ýoldaşy ýoldaşyna söýener (Magtymguly). 
ÝOLDAŞLY [ýolloşly], syp.1. Ýany adamly, 
hemraly, bile tirkeşýän adamly. Eger onuň ýany 
ýoldaşly bolaýsa, onda gije hem oňa zat edip biljek 
däl (A. Gowşudow). 2. Dürli ynançlara görä, halatly, 
gudratly. 
ÝOLDAŞLYK [ýolloşluk], at. 1. Ýoldaş 
bolmaklyk ýagdaýy, ýoldaşlarça aragatnaşyk, biri-
biriňe edilýän ýakyn gatnaşyk. Ýoldaşlykda, 
adamkärçilikde onuň taýy ýokdur. 2. göç.m. Resmi 
ýaryşlardan daşgary geçirilýän, ýaryş hasabyna 
girmeýän, türgenleşmek üçin geçirilýän (dürli 
oýunlar hakynda). Küştçüleriň ýoldaşlyk duşuşygy. 
ÝOLDURMAK [ýollurmok], işl. 1. Ýolmak işini 
başga birine etdirmek. 2. gepl.d. Aldyrmak, 
gidermek, ogurlatmak (köplenç, öňünden aldyrmak 
işligi getirilip ulanylýar). Aldyran, ýolduran zadym 
ýok, sag-aman geldim.
ÝOLGUÇ [ýolğuç], at. Sakgal-murt ýolmak üçin 
ulanylýan agzy ýasyja esbap, müçenek. Aýnadyr 
ýolgujy alyp, sakgalynyň kese eteklerini ýolmaga 
oturdy (A. Durdyýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   810   811   812   813   814   815   816   817   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling