Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝOLHATY [ýo:lhaty], at. Ugry, ýerine ýetirmeli iş görkezilip, sürüjä edarasy tarapyndan berilýän resmi kagyz. ÝOLKA
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÝOLHATY [ýo:lhaty], at. Ugry, ýerine ýetirmeli
iş görkezilip, sürüjä edarasy tarapyndan berilýän resmi kagyz. ÝOLKA [ýo:lko], at. 1. Sowuga çydamly, gyşyn- ýazyn gök öwsüp oturan arça meňzeşräk pürli agaç. 2. Täze ýyl baýramçylygynda şol agajyň her hili oýnawaçlar, jäjekler bilen bezelen görnüşi. Çagajyklar el tutuşyp, bezelen ýolkanyň daşynda aýlanýardylar. ÝOLLAMA [ýo:llomo], 1. iş ady. Ýollamak ýagdaýy. 2. Belli bir ýere, dynç almaga, işe we ş.m. iberilýän adama berilýän resmi kagyz. ÝOLLAMAK [ýo:llomok], işl. Birini ýa-da bir zady bir ýere ibermek, ugratmak. ÝOLLAMAKLYK [ýo:llomokluk], iş ady.Ýollamak ýagdaýy. ÝOLLAMAZLYK [ýo:llomozluk], iş ady. Ýollamakdan saklanmak, ibermän saklamak, ugratmazlyk. ÝOLLANMAK [ýo:llonmok], işl. Bir ýere iberilmek; ýola düşülmek. Toý gününde arap atlar Durmaz, ýollanar, ýollanar (Baýram şahyr). ÝOLLANYLMAK [ýo:llonulmok], işl., ser. Ýollanmak. ÝOLLAŞDYRMAK [ýo:lloşdurmok], işl. Hemmesini iberişdirmek, ählisini ugradyşdyrmak, boldugyndan ýollap durmak. ÝOLLAŞMAK [ýo:lloşmok], işl. 1. Ýollamaga kömek bermek, ugradyşmak. Şähere üzüm ýollaşmak.2. Birnäçe bolup ýollamak, ýola ugratmak. ÝOLLATMAK [ýo:llotmok], işl. Ýollamak işini başga birine etdirmek. Ol esgeriň hatyny öýlerine ýollatdy. ÝOLLAÝYŞ [ýo:lloýuş], iş ady. Ýollamak ýagdaýy. ÝOLLY [ýo:lly] I, syp.1. Ýöremek, gitmek üçin ýol edilen, öň ýörelen, ýol salnan (ýer). Ýolly ýerden ýöräň. 2. Oglana dakylýan at. ÝOLLY [ýo:lly] II, hal. Dogry, degerli, geçginli. – Gaýta şu at üstünde oňa-muňa çykmagam maňa kem ýaranok, Gutlymyrat – diýip, öz işini ýolly tapdy (A.Gowşudow). ÝOLMA [ýolmo] I, iş ady. Ýolmak ýagdaýy. 500 ÝOLMA [ýolmo] II,at. Öldürilen goýnuň derisinden ýolnup alnan ýüň. Ýolmaň hili pesräk hasaplanýar. ÝOLMAK [ýolmok], işl. 1. Bir zady sogrup aýyrmak, çirtip üzmek, çekip, dartyp, üzüp almak. Bagdan alma ýolmak. 2. Çekip, dartyp üzmek, gyrmak. Ýüpi ýolmak. 3. Müçenek, ýolguç bilen sogurmak. Aýnadyr ýolgujy alyp, sakgalynyň gyllaryny ýolmaga oturdy (A. Durdyýew). 4. Arasyny bölmek, böleklemek. Ol hamyryny ýolýança, men tamdyra ot goýberdim (H. Garabaýew). 5. göç.m. Aldap almak, ýonmak. ÝOLMAKLYK [ýolmokluk], iş ady. Ýolmak ýagdaýy. ÝOLMAZLYK [ýolmozluk], iş ady. Ýolmak işini etmezlik. ÝOLMALAMAK [ýolmolomok], işl. 1. Ýolup- ýolup almak, çekişdirip ýolmak. Öwez gyzaryp çişdi, ol yzly-yzyna telpeginiň tüýüni ýolmalady we nämedir bir zat diýmekçi boldy (A. Gowşudow). 2. Biriniň ýüz-gözüni dyrnaçaklamak, tüýtmelemek. Ogulhan eje döşünden itip, ýüz-gözünden ýolmalasa-da, Töre çykarly däldi (B. Öwezow). ÝOLMALANMAK [ýolmolonmok], işl. Ýolnup- ýolnup alynmak. Deriniň ýüňi ýolmalandy. ÝOLMALAŞMAK [ýolmoloşmok], işl. 1. Ýolmalamaga kömek bermek. 2. Biri-biriňi çekelemek, eliňi hereketlendirip, çalarak uruşmak, dalaşmak. Çagalar biri-biri bilen ýolmalaşyp durdular. ÝOLMALAŞYK [ýolmoloşuk], at. Biri-biriň bilen ýolmalaşyp edilýän basalaşyk, uruş, dalaşyk. Boldy bir başagaýlyk, ýolmalaşyk (A. Durdyýew). ÝOLPOLIS [ýo:lpoli:s], at. Ýol hereketiniň howpsuzlygyna gözegçilik edýän polisiýa işgäri. ÝOLUGRAK [ýoluğra:k], syp. Ýolunjak bolup duran. Ýolugrak ýüp. ÝOLUGYŞ [ýoluğuş], iş ady. Ýolukmak ÝOLUJY, syp., gepl.d. Iliň hakyny iýýän, ütüji. ÝOLUK, syp. Ýolnup bölek bolan, üzük, gyryk, kesik. Ýoluk sapak. ÝOLUKDYRMAK [ýolukdurmok], işl. 1. Birini- birine duşurmak, duçar etmek. Ýolda ýolukdyrdym çeşmi-jadyny, Ölçerdim, el çoýdum yşgyň oduna (Magtymguly). 2. Sezewar etmek, uçratmak, sataşdyrmak. ÝOLUKMA [ýolukmo], iş ady. Ýolukmak ýagdaýy. ÝOLUKMAK [ýolukmok], işl. 1. Duçar bolmak, sezewar bolmak, sataşmak, duşmak. 2. Bir zat degmek, ýokuşmak (kesel), bir zada uçramak. Kelläňe gaýsar diýen bir dert ýolugypdyr ( Görogly ). Ýolda ýolukmak (ýolukdyrmak)sataşmak, duşmak. Ýolda ýolukdyrdy çeşmi-jadyny (Magtymguly). Aý, olam bir ýolda ýolugandyr-da, maňa bir zat boldy diýip, jany agyrap durasy ýok. ÝOLUKMAKLYK [ýolukmokluk], iş ady. Ýolukmak ýagdaýy. ÝOLUM-ÝOLUM, syp. Gyrym-gyrym, üzüm- üzüm bolan. ÝOLUNMAK [ýolunmok], işl. 1. Özüň üçin ýolup almak. Ol ilki özüne waharman ternesini ýolundy. 2. Öz-özünden sapagyndan tänmek; öz-özi üzülmek (ýüp, sapak, sim hakynda). – Bişenini tanamarsyň, indi ýolaýma. – Kaka, bu garpyzyň özi ýolnupdyr. 3. Ýolguç, müçenek bilen sogrulmak. Sakgalyň töweregindäki gyllar ýolundy. 4. Arasy açylmak, böleklenmek, bölünmek. Ýolnup goýlan hamyr. ÝOLUŞ,iş ady. Ýolmak ýagdaýy. Gawuny ýolşuň nähili, pazylyny goparýaň! ÝOLUŞDYRMAK [ýoluşdurmok], işl. 1. Bir ýanyndan ýolmak, ýolup çykmak. Tilki haýdan-haý garganyň tüýüni ýoluşdyryp başlaýar ( Türkmen halk ertekileri ). 2. Ýolum-ýolum etmek, ýolup birnäçe bölek etmek, üzüşdirmek, gyryşdyrmak. Ýüpi ýoluşdyrmak. ÝOLUŞMAK [ýoluşmok], işl. 1. Ýolmaga kömek bermek. Ol deriniň ýüňüni ýoluşdy. 2. Bilelikde ýolmak. ÝOL-ÝODA [ýo:l-ýo:do], at. 1. Pyýada, ulagly ýörelýän ýollar, ýodalar. 2. göç.m. Iş usuly, täri, ugry. Her bir işiň öz ýol-ýodasy bar. ÝOL-ÝOL [ýo:l-ýo:l], syp. Zolak-zolak, zol-zol. Ýol-ýol matadan tikilen düşekçe. ÝOMAK [ýomok], 1. Ýiti sözli, şorta gürrüňli, gülküli degişme, şorta söz. 2. Halk döredijiliginiň bir görnüşi. Ýomak atyşmak biri-biriň bilen degişmek, gülküli degişmeler aýdyşmak. Olaryň şadyýan gülküleri, biri-birine atyşýan ýomaklary düşelgäni ala-ýaz etdi (N. Baýramow). ÝOMAKÇY [ýomokçy], at. Ýomak atyjy, ýomak atmaga ökde adam. Degişgen ýomakçy, diýseň keýpihon, Gara saçy sekil atan adamdyr (A. Atajanow). ÝOM-ÝOK [ýom-ýo:k]: ýom-ýok bolmak birdenýitirim bolmak, zym-zyýat bolmak. Ol birden ýom-ýok boldy. Ýom-ýok etmek harç etmek, bütinleý ýok etmek, bolmadyk ýaly etmek. ÝON [ýo:n], at. Bil oňurganyň iki gapdaly, ýan. Olaryň içinde hyňňy-syňňy etjek bolanlaryňam ýonuna çekäýýärdi ( Türkmen halk ertekileri ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling