Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Ýon damar bil oňurganyň iki gapdalyndaky  ýogyn damar (ser. Ýondamar


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet816/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   812   813   814   815   816   817   818   819   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýon damar bil oňurganyň iki gapdalyndaky 
ýogyn damar (ser. Ýondamar). Ýon damaryndan 
tutmak agyryly ýerinden tutmak, berk daramak. 
ÝONA [ýo:no], at. Gaňňanyň ýa-da eýeriň gürlük 
berkidilýän iki kese agajynyň aşagyna goýmak üçin 
gat-gat edilip tikilýän keçe, teletin ýa-da gaýyş. 
Mahmal derlik, gülnary ýona, tylla gaýyşly eýer 
salyp, Gyraty eýerläp, kemsiz bezedi(

Görogly

). 
ÝONAÇY [ýo:noçy], at. Ýona tikýän ussa. 
Magtymgulynyň atasy kümüş ussasy we ýonaçy 
bolupdyr. 
ÝONAÇYLYK [ýo:noçuluk], at. Ýona ýasaýan 
ussanyň käri, ýonaçynyň işi. Ol ýonaçylyk we 
kümüşçilik işi bilen meşgul bolýar. 


501 
ÝONALYK [ýo:noluk], syp. Ýona tikmek üçin 
ýararly. 
ÝONDAMAR [ýo:nnamar], at. Oňurgalaryň iki 
gapdaly bilen gidýän ýogyn damar. Ýondamarlaryny 
tutup, arkasyny owkalamaga başlady (

Görogly

). 
ÝONDURMAK [ýo:nnurmok], işl. 1. Ýonmak 
işini başga birine etdirmek. Tagta ýondurmak. 2. 
göç.m. Aldaw, hile edýän adama puluň, zadyň bir 
bölegini gidermek, iýdirmek, aldyrmak. 
ÝONGUÇ [ýo:nğuç], at. Agaç ýonmak üçin 
enjam, ýongy, sürgüç, rende. Ýonguç bilen agaç 
ýonmak. 
ÝONMA [ýo:nmo] I, iş ady. Ýonmak ýagdaýy. 
ÝONMA [ýo:nmo] II, syp. Ýonulyp ýasalan. 
Ýonma bezeg. 
ÝONMAK [ýo:nmok], işl. 1. Ýonguç ýa-da 
beýleki ýonujy ýiti gurallar bilen tagtanyň ýüzüni 
tekizlemek, ýylmamak. Agaçdan ýonup perzi, pil, 
ruh, şa, at ýasapdyrlar (A. Gowşudow). 2. göç.m. 
Birinden bir zady her hili ýol bilen almak. 
Görogludan bir zat ýonup bolmazmyka? (

Görogly

). 
Ol bir zat ýonup bilse ýonjakdyr. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   812   813   814   815   816   817   818   819   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling