Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝORGALYK [ýorğoluk], at. Ýorga bolmaklyk.  Atyň gowy ýorgalygy äşgärdi.  ÝORGAN


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet819/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   815   816   817   818   819   820   821   822   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝORGALYK [ýorğoluk], at. Ýorga bolmaklyk. 
Atyň gowy ýorgalygy äşgärdi. 
ÝORGAN [ýorğon], at. Ýatylanda ýapynmak 
üçin içine pagta, ýüň salyp tikilýän ýapynja. 
Ýorganyňa görä aýak uzat (Nakyl).
ÝORGANÇA [ýorğonço], at. Kiçiräk ýorgan. 
ÝORGAN-DÜŞEK 
[ýorğon-nüşök], 
at. 
Ýatylanda üstüňe ýapynmak, aşagyňa düşenmek üçin 
gerekli ýorganlar we düşekler. Bir böwürde bolsa 
üstüne ýorgan-düşek galdyrylgy demir sandyk durdy 
(

Edebiýat we sungat

). 
ÝORGANLYK [ýorğonluk], syp. Ýorgan üçin 
gerek bolan (mata, pagta, ýüň we ş.m. zatlar). 
Ýorganlyk gowy mata gelen ekeni (R. Allanazarow). 


502 
ÝORGUDYKLAMAK [ýorğuduklomok], işl., 
ser. Ýorgalamak 2Gapyda bir guşjagaz nämedir bir 
zat kowalap, ýorgudyklap ýördi (N. Geldiýew). 
ÝORGUN [ýorğun], syp. Ýadaw, argyn. 
ÝORGUNLYK [ýorğunluk], at. Ýadawlyk, 
argynlyk. 
ÝORGUT [ýorğut], at. Düýş ýorup bilýän adam 
tarapyndan görlen düýşüň manysyna, nämäniň 
alamatydygyna berilýän düşündiriş. – Ýaşuly, bu 
düýşüň ýorgudyny özüň aýdaýmasaň, menden-ä 
ýoran ýok (N. Pomma).
ÝORKA [ýorko], at. Gözüň görejini örtýän 
ýukajyk barda, perde. Şunuň netijesinde gözüň 
görmek güýji kemelip, ahyrda görejiň ýüzünde ýorka 
peýda bolýar we oňa gül düşüp, gözi kör edýär (S. 
Karanow).
ÝORKALAMAK [ýorkolomok], işl. Ýukajyk 
perde, barda bilen örtülmek. Onuň görejiniň öňi 
ýorkalapdyr. 
ÝORMA [ýormo], iş ady. Ýormak ýagdaýy. Düýş 
ýormanyň hem öz ugry-ýoly bar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   815   816   817   818   819   820   821   822   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling