ÝORMAK [ýormok], işl. 1. Görlen düýşüň
manysyny aýtmak. Aman pälwan düýş ýormaga,
adamyň ýylyny öwrüp, ýaşyny anyklamaga ökdedi (B.
Seýtäkow). 2. Bir işi, hereketi başga bir zada
ýanamak. Möwsümiň şeýle şowly gelmegine biz
gowulyga ýorýarys (
Türkmenistan
).
ÝORMAKLYK [ýormokluk], iş ady. Ýormak
ýagdaýy. Düýş ýormaklyk aňsat däl.
ÝORTMA [ýortmo], iş ady. Ýortmak ýagdaýy.
ÝORTMAK [ýortmok], işl., gepl.d. Ylgamak,
çalt gitmek. Ýortan ozar, ýatan tozar (Nakyl).
ÝORTMAKLYK [ýortmokluk], iş ady. Ýortmak
ýagdaýy.
ÝORTUŞ,iş ady. Ýortmak ýagdaýy.
ÝORTUŞMAK [ýortuşmok], işl. Çalt ýöreşip,
ylgaşyp barmak. Ýapylarda ýortuşyp, Oýnadylar bu
ýerde (M. Myşşyýew).
ÝORULMAK [ýorulmok] I, işl. Düýşüň ýorgudy
aýdylmak.
ÝORULMAK [ýorulmok] II, işl. Ýadamak,
armak. Sen ýöne ýorlupsyň, ysgyndan düşüpsiň (B.
Kerbabaýew). Uzak ýoly söküp, ýorlan ýolagçy biziň
şäherimiziň howaly baglaryna gözi düşende,
argynlygy sowlan ýaly bolýar (
Edebiýat we
sungat
).
ÝORUNJA [ýorunjo], at. Mal iými üçin ekilýän
uzyn, inçe baldakly, owunjak ýaprakly, mawy gülli
köpýyllyk ot. Gül açypdyr gowaçalar, Ýorunja
geçipdir dyzdan (Ç. Aşyrow).
Eşek
ýorunja kösükliler maşgalasyna
degişli ak kökli, boýy 20-100 sm. ýetýän uzyn
baldakly, gyralary kertik-kertik üç ýapraky, iki ýyllyk
otjumak ösümlik. Bu ösümligiň ownuk sary gülleri
salkym görnüşlidir. Miwesi süýrgült kösük görnüşli
bolýar.
ÝORUNJAÇYLYK [ýorunjoçuluk], at. Oba
hojalygynda: ýorunja ösdürip ýetişdirmek, ondan iým
taýýarlamak bilen meşgullanýan ugur. Ýorunjaçylyk
bilen giňden meşgullanylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: |