Ýuwha ýaly (dek) 1) betnyşan, gelşiksiz,
görksüz. 2) reňk-peti ýok, gorkan. Çekge süňkleri
somalyp, Ak ýuwha dek boldy ýüzi (Ç. Aşyrow).
ÝUWLUK,at. Çowlukdan bolan çaga. Käsi
çowlukdan soň ýuwluk diledi, Käsi dosty üçin saglyk
diledi (K. Gurbannepesow).
ÝUWMA [ýuwmo], iş ady. Ýuwmak ýagdaýy. At
ýuwma şeýle bir lezzetli iş.
ÝUWMAK [ýuwmok], işl.1. Hapany, kiri suw
bilen arassalamak, suw bilen tämizlemek. 2. gepl.d.
Biriniň durmuşynda bolýan oňaýly wakany, üstünligi,
şowlulygy we ş.m. bellemek, onuň şanyna oturyşyk
guramak.
ÝUWMAKLYK [ýuwmokluk], iş ady. Ýuwmak
ýagdaýy. Nahardan öň we soň eliňi ýuwmaklyk
arassaçylyk üçin gowudyr.
ÝUWMARLAMA [ýuwmorlomo], iş ady.
Ýuwmarlamak
ýagdaýy.
Onuň
ýagdaýy
ýuwmarlamasy düşnüklidi, çünki dostunyň gaharyny
getirip, utjak zady ýokdy.
ÝUWMARLAMAK
[ýuwmorlomok],
işl.
Biriniň ýaramaz hereketini ýumşadyp görkezmek,
ýuwup-ýaýmak. Annagylyç her niçik-de bolsa,
ýoldaşynyň günäsini ýuwmarlamaga çalyşdy (Ş.
Borjakow).
ÝUWMARLAMAKLYK [ýuwmorlomokluk], iş
ady. Ýuwmarlamak ýagdaýy.
ÝUWMARLAMAZLYK [ýuwmorlomozluk], iş
ady. Ýuwmarlap aklajak bolmazlyk.
ÝUWMARLANMAK [ýuwmorlonmok], işl.
Günäniň, aýybyň üsti basyrylmak, aklajak bolunmak.
ÝUWMARLATDYRMAK [ýuwmorlotdurmok],
işl. Başga birine ýuwmarlatmak.
ÝUWMARLATMAK [ýuwmorlotmok], işl.
Biriniň
ýaramaz
hereketini
ýumşadyp
görkezdirmek. Ol günäsini ýuwmarlatjak bolup köp
çalyşdy.
510
Do'stlaringiz bilan baham: |