Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


bulamak bozgakçylyk, erbetçilik, bimazaçylyk  etmek, ýurdy çaýkamak. Ýurdy çaýkamak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet826/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   822   823   824   825   826   827   828   829   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

bulamak bozgakçylyk, erbetçilik, bimazaçylyk 
etmek, ýurdy çaýkamak. Ýurdy çaýkamak ser. 
Ýurdy bulamak. Ýurt çalmak täze ýurdy bellemäge 
gitmek, gonuljak, göçüp baryljak ýeri öňünden 
görmek. Kimkä? Bagşymyka ýa-da ýurt çalyp 
ýörenmikä? (N. Saryhanow). Ýurt baştutany 
döwletiň ýolbaşçysy. Ýurtda galan ejiz, biçäre, 
ýalňyz, ýeke, hossarsyz. – Neneňsi, şu ýurtda galan 
ýumruk ýaly oglana eliň göterilýär?! – diýip, yzyna 
gaýtdy (H. Derýaýew). Ýurt salyp gitmek watanyňy 
taşlap, başga bir ýurda gitmek, iliňi terk etmek
oturymly ýeriňi taşlamak. Ýurt salyp gitmäge ýeke 
gara başyňmy näme? (Ý. Pirgulyýew). Ýurt 
soramak höküm sürmek, öz diýeniňi etdirmek. Ýurt 
sökmek aýlanmak, gezmek, syýahat etmek. Ýurt 
tutmak jaý gurunjak ýeriňi bellemek. Ýurt ýykan 1) 
bet, kezzap, hilegär, ýaman; ýakymsyz. 2) ahlak 
taýdan bozulan, bozuk, ilden çykan. 
ÝURTBASAR [ýu:rtbasar], at. Başgalaryň ýer-
ýurduny zor bilen basyp alýan, basybalyjylykly 
syýasaty ýöredýän jeňbaz. 
ÝURTDAŞ [ýu:rtdoş], at. Ýurdy, ýaşaýan ýeri 
bir, umumy bolan adam. 
ÝURTDAŞLYK [ýu:rtdoşluk], at. 1. Ýurtdaş 
bolmaklyk. 2. Ýurtdaş, ildeş adamlaryň başga 
ýerdäki, başga ýurtdaky biri-birine raýdaşlyk etmek 
maksady bilen guralan birleşmesi.
ÝUWA [ýuwo], at. Ýaşyl sogana meňzeş, 
ajymtyk tagamly, iýilýän ýaz oty.

Ýuwaň seçegi ýaly syrdamdan uzyn boýly. 
Obamyzyň ýuwaň seçegi ýaly gyzlary, olara mynasyp 
naw ýaly ýigitleri bardyr. 
ÝUWAN [ýuwon], syp.1. Duzy, çaýy az atylan, 
duzy kem. Ýuwan nahar. 2. Turşy däl, iýmäge 
mylaýym. Ýuwan gatyk. 2. göç.m. Ýuwnuksyz, edýän 
hereketi, aýdýan sözi batnyksyz.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   822   823   824   825   826   827   828   829   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling