Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝÖREÝIŞ [ýöröýüş], iş ady. Ýöremek ýagdaýy.  ÝÖRGÜN


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet823/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   819   820   821   822   823   824   825   826   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝÖREÝIŞ [ýöröýüş], iş ady. Ýöremek ýagdaýy. 
ÝÖRGÜN [ýörğün], syp., ser. Ýörgünli. Kagyz 
puluň ýörgüni ýok (B. Seýtäkow). 
ÝÖRGÜNLI [ýörğünlü], syp. Köp ulanylýan, 
köp agzalýan. Halk arasynda Kemine hakynda ky 
şorta sözler hem ýörgünlidi. 
ÝÖRGÜNLILIK [ýörğünlülük], at. Ýörgünli 
bolmaklyk. Ýöne-de bir ýaýramady, örän ýörgünlilik 
bilen agyzdan-agza ýaýrady (N. Saryhanow). 
ÝÖRGÜR [ýörğür], syp. Tiz, çalt ýöreýän, gitgir. 
Ýörgür arap atlar, gör, hara döndi, Gymmatdan 
aýrylyp, ýaman pelekde (Magtymguly). Atyňyz 
ýörgür, gylyjyňyz kesgir bolsun! (B. Seýtäkow). 
ÝÖRGÜRJE [ýörğürjö], syp. Gitgirje, çalt 
ýöreýän (ulag hakynda). Aman aganyň ýabysy kiçi 
hem bolsa ýörgürjedi. 
ÝÖRGÜRLIK 
[ýörğürlük], 
at
Ýörgür 
bolmaklyk, gitgirlik, çalt ýöreýjilik. Bu atyň 
ýörgürligi haýran galdyrýar. 
ÝÖRGÜRRÄK [ýörğürrä:k], syp. Öňküsinden 
ýa-da beýlekilerden birneme ýörgür. Mundan 
ýörgürräk ulagyňyz ýokmy? 
ÝÖRGÜR-ÝÖRGÜR 
[ýörğür-ýörğür], 
syp
Hemmesi ýörgür häsiýetli. Olaryň ýörgür-ýörgür 
atlary bar. 
ÝÖRHÄ-ÝÖR [ýörhä:-ýör], at. Bir ugra 
köpçülikleýin githä-gitlik, gidişlik. Ilbähbitli işe 
ýörhä-ýör bolsa, ol ilkinjileriň hataryndadyr. 
ÝÖRIŞ [ýörüýş] I,at. Aýak basyş, ädim uruş, 
hereket ediş, ýöreýiş. Gyratyň ýigrimi dört dürli 
ýörişi bardy (

Görogly

). Han küýli elmydama bir 
ýörişde lep-lep edip ýöreýärdi (A. Durdyýew). Özüne 
seredilýänini görüp, ýörişini bozdy-da, ýüzüni 
sapajakladyp, biziň ýanymyza geldi (N. Saryhanow).
ÝÖRIŞ [ýörüýş] II,at.1. Harby sapar. 2. Pyýada 
hereket, köpçülikleýin bir ýere gidişlik. 
ÝÖRITE [ýörüýtö], hal. Aýratyn niýetlenen, 
aýratyn bir maksat üçin gönükdirilen; aýratyn. 
ÝÖRITELEMEK [ýörüýtölömök], işl. Ýörite 
gelmek. Men seniň ýanyňa çöriteläp geldim.
ÝÖRITELENMEK [ýörüýtölönmök], işl. Ýörite 
birine niýetlenmek. Ýöritelenip tikilen geýim. 
ÝÖRITELEŞDIRMEK [ýörüýtölöşdürmök], işl. 
Ýörite bir maksada gönükdirmek, aýratyn bir maksat, 
zat üçin niýetlemek.
ÝÖRJEN-ÝÖRJEN [ýörjön-ýörjön]: ýörjen-
ýörjen etmek (bolmak) 1) ýaňy aýak bitip ýöräp 
başlamak, patdyk-putduk edip ýörejek bolmak. 
Ýörjen-ýörjen bolup başlanda çaga, Ala-galmagaldy 
öýňüziň içi (Ş. Borjakow). 2) işi ýola goýup 
başlamak. Kärhananyň işi ýörjen-ýörjen bolup 
barýar. 
ÝÖRME [ýö:rmö] I, at. Sapak. Ýören aýaga 
ýörme oralar (Nakyl). 
ÝÖRME [ýö:rmö] II, at. Goýnuň içegesine 
malyň ownuk dogralan bagyr-öýkeni, ýüregi dykylyp 
taýýarlanýan iýmit, şöhlat. 
ÝÖRME [ýörmö], iş ady. Ýörmek ýagdaýy. 
ÝÖRMEK [ýörmök], işl. Baglanyp gelýän işligi 
bilen bilelikde dowamly hereketi aňladýar. Işläp 
ýörmek. Gezip ýörmek. 


505 
ÝÖRMEKLIK [ýörmöklük], iş ady. Ýörmek 
ýagdaýy. 
ÝÖRMELEME 
[ýörmölömö], 
iş 
ady. 
Ýörmelemek ýagdaýy. 
ÝÖRMELEME 
[ýö:rmölömö], 
iş 
ady. 
Ýörmelemek ýagdaýy. 
ÝÖRMELEMEK [ýörmölömök], işl. Gybyrdap 
ýöremek, gybyrdamak (mör-möjekler hakynda). 
Onuň arkasyndan garynja ýörmelän ýaly boldy. 
ÝÖRMELEMEK [ýö:rmölömök], işl., ser. 
Ýörmemek. 
ÝÖRMELEŞMEK 
[ýörmölöşmök], 
işl. 
Birnäçesi gybyrdap ýöremek . 
ÝÖRMELEŞMEK 
[ýö:rmölöşmök], 
işl. 
Ýörmelemäge kömek bermek. 
ÝÖRMELETMEK 
[ýö:rmölötmök], 
işl. 
Ýörmelemek işini başga birine etdirmek. 
ÝÖRMELEÝIŞ 
[ýörmölöýüş], 
iş 
ady. 
Ýörmelemek ýagdaýy. 
ÝÖRMELEÝIŞ 
[ýö:rmölöýüş], 
iş 
ady. 
Ýörmelemek ýagdaýy. 
ÝÖRMELMEK [ýö:rmölmök], işl. Gyrasy 
gapjalyp, üstaşyr sanjylyp tikilmek (mata hakynda). 
ÝÖRMEME [ýö:rmömö], iş ady. Ýörmemek 
ýagdaýy. 
ÝÖRMEMEK [ýö:rmömök], işl. Matanyň 
gyrasyny gapjap, üstaşyr sanjyp tikmek, gapjap, 
üstaşyr tikmek. Ýorganyň döwürýanyny ýörmäp 
gutarmak. 
ÝÖRMEMEZLIK [ýö:rmömözlük], iş ady. 
Ýörmemek işini ýerine ýetirmezlik. 
ÝÖRMEŞDIRMEK 
[ýö:rmöşdürmök], 
işl. 
Ýörmäp çykmak, üstaşyr tikişdirmek. 
ÝÖRMEŞMEK 
[ýö:rmöşmök], 
işl. 
1
Ýörmemäge kömek bermek. Şu ýerini ýörmeşsene! 2
Bilelikde ýörmemek. Ýörmeşip oturmak. 
ÝÖRMETDIRMEK [ýö:rmötdürmök], işl., ser. 
Ýörmetmek
ÝÖRMETMEK [ýö:rmötmök], işl. Ýörmemek 
işini başga birine etdirmek; ýörmemäge mümkinçilik 
bermek. Köýnegiň zowwam tikinlerini gyzlara 
ýörmetdiler. Sen muny özüň ýörmejekmi ýa-da maňa 
ýörmedýäň? 
ÝÖRMÜLDEME 
[ýörmüllömö], 
iş 
ady.
Ýörmüldemek ýagdaýy.
ÝÖRMÜLDEMEK [ýörmüllömök], işl. Haýal 
hereket etmek, haýallyk bilen ýöremek (mör-möjek 
hakynda). Ýörmüldäp barýan kekene bir säginjek 
ýaly etdi-de, uçup gitdi. Ädiktiker keçäniň üstünde 
ýörmüldäp barýardy. 
ÝÖRMÜLDEŞMEK 
[ýörmüllöşmök], 
işl. 
Birnäçesi ýerli-ýerden ýörmüldemek, çar tarapa 
haýallyk bilen ýöreşip gitmek. Möýler ýörmüldeşip 
dargadylar. 
ÝÖRMÜL-ÝÖRMÜL: ýörmül-ýörmül etmek, 
ser. Ýörmüldemek. 
ÝÖRÜLGEN 
[ýörülğön], 
at. 
Dyrnagyň 
düýbünden dömýän iriňli çykuw. Ýörülgen örän 
agyryly çykuw bolar eken. 
ÝÖWSEL [ýöwsöl], syp. Gowşak, çekinjeň. 
ÝÖWSELLEME 
[ýöwsöllömö], 
iş 
ady. 
Ýöwsellemek ýagdaýy. Iş jygba-jyga gelende 
ýöwsellemäňiz näme? 
ÝÖWSELLEMEK [ýöwsöllömök], işl. 1. 
Gowşap başlamak, gorkmak, çekinmek. Biderek 
batyrlyk satanyna puşman edip, ýöwselläp başlady 
(N. Pomma). 2. gepl.d. Azalyp başlamak, 
saýpallaşmak, sowlup başlamak, gidip, dagap 
başlamak. Toý ýeriniň märekesi ýöwselledi. 
ÝÖWSELLEMEKLIK [ýöwsöllömöklük], iş 
ady. Ýöwsellemek ýagdaýy. 
ÝÖWSELLEMEZLIK [ýöwsöllömözlük],
iş ady. Ýöwsellemän durmak, özüňi batyrgaý alyp 
barmak.
ÝÖWSELLEŞMEK [ýöwsöllöşmök], işl.
Birnäçe bolup ýöwsellemek.
ÝÖWSELLEÝIŞ 
[ýöwsöllöýüş], 
iş 
ady. 
Ýöwsellemek ýagdaýy. 
ÝÖWSELLIK [ýöwsöllük], at. Ýöwseliň gylyk-
häsiýeti, ýöwsel bolmaklyk. Damja ýaş gözümde 
doňdy şo bada, Ýürek ýöwselligni zyňdy şo bada (B. 
Hudaýnazarow).
ÝÖWSELRÄK 
[ýöwsölürä:k], 
syp. 
Bolmalysyndan birneme ýöwsel. Bu gezek göreşýän 
oglan ýöwselräk görünýärdi. 
ÝÖWZERME [ýöwzörmö], iş ady. Ýöwzermek 
ýagdaýy. 
ÝÖWZERMEK [ýöwzörmök], işl., gepl.d. Halys 
ejizlemek. Mamaý ýöwzerip, ýalbarmaga başlady (A. 
Gowşudow). 
ÝUBILEÝ [ýubile:ý], at. 1. Aýratyn adamyň 
ömür ýolunyň ýa-da edaranyň işlemeginiň, hereket 
etmeginiň bellenilip geçilmeli ýyllygy (adatça uly 
seneler hakynda). Institutyň elli ýyllyk ýubileýi. 2
Bellenýän waka bilen baglanyşykly geçiriýän 
dabaralary, çäreleri baýram etmeklik. 
ÝUBILÝAR [ýubilýa:r], at. Ýubileýi bellenýän, 
baýram edilýän aýratyn adam ýa-da edara, gurama. 
ÝUGRARLYK [ýuğrorluk], at. Ýugrar ýaly. Bir 
ýugrarlyk un. 
ÝUGRULMAK [ýuğrulmok], işl. 1. Ýumruk ýa-
da ýörite enjam bilen un bilen suw gowy garylyp, 
hamyr bolýança eýlenip, ýugrumy ýetirilmek. Gowy 
ýugrulan undan bişen çörek. 2. göç.m. Belli bir 
gylyk-häsiýete, pikire we ş.m. eýe bolmak, belli bir 
ugra, maksada gönükmek. 3. Biriniň gepine ynanyp, 
şondan çykmazlyk. Ol aýalynyň sözüne halys 
ýugrulan eken. 
ÝUGRULMAZLYK [ýuğrulmozluk], iş ady. 
Ýugrulmak işi ýerine ýetirilmezlik. 
ÝUGRUM [ýuğrum], at. 1. Hamyryň ýugrulyş 
ýagdaýy, ýugrulma derejesi. Ýöne bu sapar uludan 
demini alyp, hamyrynyň ýugrumyny ýetirmek bilen 
boldy (H. Garabaýew). 2. Bir gezek ýugrarlyk 
mukdar. Bir ýugrum un. 

Ýugrumy ýetmedik 1) çala ýugrulan. Bu 
hamyryň ýugrumy ýetmändir, petir edäýiň. 2) göç.m. 
çig-çarsy, ýeterlik işlenmedik, çala işlenen (iş, eser 
hakynda). 


506 
ÝUGRUMLYK [ýuğrumluk], syp. Ýugurmak 
üçin niýetlenen (un). 
ÝUGRUNMAK [ýuğrunmok], işl. Özüň üçin 
ýugurmak. Çopan hamyr ýugrundy, gömme edindi. 
ÝUGRUŞ [ýuğruş], iş ady.Ýugurmak ýagdaýy. 
ÝUGURMA [ýuğurmo], iş ady. Ýugurmak 
ýagdaýy. 
ÝUGURMAK [ýuğurmok], işl. 1. Uny suwa 
garyp, suwy gidýänçä, ýumruk bilen yzygiderli 
ýumruklamak. Hamyryň içinde tokga un galmaz ýaly 
edip ýugurmaly. 2. göç.m. Gowy işlemek, gutarnykly 
syntgylamak. Çöpläp çeper sözleň göwher dänesin, 
Ony çäksiz söýgi bilen ýugrupsyň (M. Seýidow). 
ÝUGURMAKLYK [ýuğurmokluk], iş ady. 
Ýugurmak ýagdaýy. 
ÝUKA [ýu:ko], syp. 1. Galyň bolmadyk. Ýuka
paçak garpyz. 2. at. Ölen adamyň sadakasyna 
bişirilýän çelpek. 3. göç.m. Näzik, gelşikli, owadan. 
Ýuka dodaklary bolsa ygtyýarsyz tirpildeýärdi 
(

Edebiýat we sungat

). 

Ýuka geýinmek ýeňil geýinmek, galyň 
geýinmezlik, ýyly egin-baş geýmezlik. Howa sowuk, 
emma sen ýuka geýnipsiň. Ýuka ýürek dözümsiz, 
rehimdar, rehimli, durumsyz. Eli ýuka puly az, 
ýetmez. Häzir gelin edinjek weli, elim ýuka-da
ÝUKAJYK [ýu:kojuk], syp. Ýukalygy bilen 
tapawutlanýan. Ýukajyk kagyz. 
ÝUKALAMA [ýu:kolomo], iş ady. Ýukalamak 
ýagdaýy. 
ÝUKALAMAK [ýu:kolomok], işl. Hamyry, 
tagtany, böwedi we ş.m. zady ýaýyp ýa-da gyryp, 
ýuka etmek. Daýhan böwedi ýukalap başlady 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   819   820   821   822   823   824   825   826   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling