ÝUKALAMAKLYK [ýu:kolomokluk], iş ady.
Ýukalamak ýagdaýy.
ÝUKALAMAZLYK [ýu:kolomozluk], iş ady.
Ýukalamak işini amal etmezlik.
ÝUKALANMAK [ýu:kolonmok], işl. Ýuka
bolmak; ýuka edilmek. Gat-gat bulutlar ýeliň ugruna
çalt süýşüp, birneme ýukalandy (Ş. Borjakow).
ÝUKALATDYRMAK [ýu:kolotdurmok], işl.
Ýuka etdirmek.
ÝUKALAÝYŞ [ýu:koloýuş], iş ady. Ýukalamak
ýagdaýy.
ÝUKALMA [ýu:kolmo], iş ady. Ýukalmak
ýagdaýy.
ÝUKALMAK
[ýu:kolmok],
işl.
Köp
ulanylmagy ýa-da başga bir sebäp bilen ýuka bolmak;
sürlüp, iýlip, eräp we ý.m. sebäpli ýuka hala geçmek.
Gara bulut indi kem-kemden dargap, barha
ýukalýardy (B. Gurbanow).
ÝUKALAŞMAK
[ýu:koloşmok],
işl.
Ýukalamaga kömekleşmek.
ÝUKALTMAK [ýu:koltmok], işl. Ýuka etmek,
ýukalamak.
ÝUKALYŞ [ýu:koluş], iş ady. Ýukalmak
ýagdaýy.
ÝUKALYŞMAK [ýu:koluşmok], işl. 1. Kem-
kemden ýukalmak. 2. Birneme ýukalmak.
ÝUKARAK [ýu:kora:k], syp. Birneme ýuka.
Gandym kaka, elimiziň ýukarak wagty myhmanam
üstümizi basaýdy (A. Gowşudow).
ÝUMAK [ýumok], at. Ýüp, ýüplük, eriş we ş.m.
zatlaryň bir zadyň daşyna saralmagyndan emele
gelýän togalak sargy.
Ýumak çözlenmek gürrüňiň, işiň, wakanyň
beýany äşgär, aýan bolup, ýüze çykyp başlamak, uç
tapylmak.Çöşlensin bar ýumak, galmasyn düwün,
Men size açygny aýdaýyn şu gün (A. Kekilow).
Ýumak ýaly togalanmak (tigirlenmek) 1) biriniň
hyzmatynda bolmak. Bossan-da onuň öňünde ýumak
ýaly togalandy (B. Kerbabaýew). 2) daşynda
pyrlanmak, aýlanmak, söýmek, gowy görmek. Gyzyň
daşynda ýumak ýaly bolup aýlansaňam, öýe salmarys
(B. Seýtäkow). 3) çalasyn, çalt hereket etmek.
Birdenkä açyk gapydan bir çagajyk ýumak ýaly
tigirlenip geldi (
Edebiýat we sungat
). Ýumak ýaly
Do'stlaringiz bilan baham: |