Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Ýük ýüklemek, düşürmek bilen meşgullanýan  adam. Şu günler ol ýükçi bolup işleýär (A.  Atajanow). 3


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet830/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   826   827   828   829   830   831   832   833   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

2. Ýük ýüklemek, düşürmek bilen meşgullanýan 
adam. Şu günler ol ýükçi bolup işleýär (A. 
Atajanow). 3. Tabşyrylan işi 

ýok

diýmän, kyn 
görmän ýerine ýetirýän (adam hakynda). Ol ýükçi 
adamdyr, tabşyran işiňi kyn görmän eder.  
ÝÜKLEMEK [ýüklömök], işl. 1. Ulagyň, malyň 
üstüne ýük basmak, ýük urmak. 2.göç.m. Birine bir 
işi ýerine ýetirmegi tabşyrmak, borçly etmek. Bölüme 
wagtlaýyn ýolbaşçylyk etmek esasy ylmy işgäriň 
üstüne ýüklendi. 3. Kompýuteriň ýadyna bermek. 
ÝÜKLEMEKLIK [ýüklömöklük], iş ady. 
Ýüklemek ýagdaýy. 


511 
ÝÜKLEMEZLIK 
[ýüklömözlük], 
iş ady. 
Ýüklemän durmak, ýüklemekden saklanmak, ýük 
urmazlyk. 
ÝÜKLENMEK [ýüklönmök], işl. 1. Ulagyň, 
malyň üstüne ýerleşdirilmek, urulmak. 2. Ýüküňi 
tutmak, arkaňa ep-esli ýük ýüklemek. Dogan, atyň 
boz bolsun, Ýükleneniň hoz bolsun (Halk 
döredijiliginden). 
ÝÜKLEŞDIRMEK 
[ýüklöşdürmök], 
işl.1. 
Ýükleri ulagyň üstüne uruşdyrmak, ýükläp 
goýuşdyrmak, hemmesini ýüklemek. Sähet daň bilen 
turup, öz adamlary bile ýola düşmek üçin, azyk-
suwluklaryny düýelere ýükleşdirmek işi bilen 
meşguldy (A. Gowşudow). 2. Mümkinçilige görä, 
bolşuna görä ýüklemek. 
ÝÜKLEŞMEK [ýüklöşmök], syp1. Ýüklemäge 
kömek bermek Odunyňy-da ýükleşeýin.2. Bilelikde 
ýüklemek. 
ÝÜKLETMEK [ýüklötmök], işl. 1. Ýüklemek 
işini başga birine etdirmek. Bu ýükler bize agşama 
çenli ýükletse gerek. 2. Ýüklemäge mümkinçilik 
bermek. Siziň ýükümi maşynyňyza ýükledeniňiz gowy 
boldy, bolmasa ýükümi goýmaly bolardym.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   826   827   828   829   830   831   832   833   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling