Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Päk ýürekli gowy niýetli, ýagşy gylykly. ÝÜREKLIRÄK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝÜREKSE
- ÝÜREKSELIK
- ÝÜREKSIZLIK
- ÝÜWELRÄK
- ÝÜWRÜKLIK
- ÝÜWSELIK
- ÝÜWÜRDIŞMEK [ýüwürdüşmök], işl. 1.
- ÝÜZ I
Päk ýürekli gowy niýetli, ýagşy gylykly.
ÝÜREKLIRÄK [ýüröklürä:k], syp. Birneme ýürekli. ÝÜREKLILIK [ýüröklülük], at. Ýürekli bolmaklyk, batyrlyk, edermenlik. Ýola belet garry at guýrugyny şuwwuldadyp, göni şol aýyrda tutdurdy, bu nähili ýüreklilik. Bu nähili mertlik! (N. Saryhanow). ÝÜREKSE [ýüröksö] I, at. Ýürek tutar ýaly sähelçe iýmit. Muhammet ýürekse edinenden soň, haltasyny ýene-de düýrläp, goltugyna saldy (K. Işanow). ÝÜREKSE [ýüröksö] II, at, ser. Ýürek II. Ony şol demde bada-bat ýüreksä salyp, Gaharguly hanyň garyndaşlarynyňka eltipdirler (N. Pomma). ÝÜREKSELIK [ýüröksölük], syp. Ýürekse bolar ýaly (iýmit, az-owlak iýilýän nahar). Ýürekselik çörek iýmek. ÝÜREKSIZ [ýüröksüz], syp. Batyr däl, gorkak, gaýratsyz. 514 ÝÜREKSIZLIK [ýüröksüzlük], at. Batyr dällik, gorkaklyk, gaýratsyzlyk. Ol ýüreksizligi sebäpli, uly işe baş goşup bilmedi. ÝÜREKSIZRÄK [ýüröksüzürä:k], syp. Ýüreksiz häsiýetli bolmaklyk, ýürekli dällik. ÝÜWEL [ýüwöl], syp. Süwümsiz, ýeňil, duzsuz. Ärden galyp, äre gitjek aýallar, Ýüwel gülüp, saçyn ýaglamak gerek (Baýly şahyr). Ol gürrüň ýok ýerinden gürrüň tapyp, ýüwel gülküsi bilen ony aljyradýardy (N. Pomma). ÝÜWELRÄK [ýüwölürä:k], syp. Süwümsizräk, ýeňilräk. ÝÜWRÜGRÄK [ýüwrüğrä:k], syp. Öňküsine ýa- da beýlekilere garanda birneme ýüwrük. ÝÜWRÜK, syp. Ýyndam, çapgyr, gaty ylgaýan, çalt ýüwürýän, çalasyn. Güýçli bilen göreşme, ýüwrük bilen ýaryşma (Nakyl). Ýüwrük eller işde çalasyn we çalt hereket edýän el. Onuň bir eli keserli, bir eli ýüpli, ýüwrük elleri gözleriniň yzyny eýerýärdi (B. Kerbabaýew). ÝÜWRÜKLIK [ýüwrüklük], at. Ýyndamlyk. ÝÜWSE [ýüwsö], at. Tikin tikilende süýem barmagyň ujuna geýdirilýän gaýyşdan ýasalan enjam. Altyn barmagyna ýüwsesini ötürip, keşde etmäge oturdy (A. Durdyýew). ÝÜWSELIK [ýüwsölük], syp. Ýüwse etmek üçin gerekli bolan, ýüwse edilýän. Ýüwselik gaýyş. ÝÜWÜRDILMEK [ýüwürdülmök], işl. Dokmanyň iki kese agajynyň arasynda erişler gerilmek. Öýüň gapböwründe ýüwürdilen düýphalynyň üstünde Aýnanyň ýeke özi oturyp, başyny aşak salyp, dokma dokaýardy (B. Kerbabaýew). ÝÜWÜRDIŞMEK [ýüwürdüşmök], işl.1. Dokma ýüwürtmäge kömek bermek. A gyz Nurjahan, şu gün eliň degse, maňa bir dokmajyk ýüwürdişeweri! (B. Kerbabaýew). 2. Bilelikde ýüwürtmek. Olar haly ýüwürdişip otyrdylar. ÝÜWÜRJI [ýüwürjü], at. Aýalyň öz adamsynyň kiçi erkek doganyna bolan garyndaşlyk gatnaşygyny aňladýan söz. Ýüwürjim, ýüwrük atym, Ýüwrüp gelsin ýanyma (Halk döredijiliginden). Wah, sesiňden aýlanaýyn, ýüwürjim, ömrüň uzak bolsun, ak gyz ýoldaşyň bolsun! (A. Durdyýew). ÝÜZ I, at. 1. Adamyň kellesiniň alyn tarapy, öň tarapy. Ýüz otdan yssy (Nakyl). Ýüzüniň nury dökülmesin (Dileg). Aý ýüzli gyzymdan, aýy ýüzli gelnim ýagşy (Nakyl). 2. Bir zadyň üst tarapy, ýokarsy, üsti; alyn tarapy, öňi. Çorbanyň ýüzi ýagşy, palawyň düýbi (Nakyl). Darajyk ýoda beýik gaýalaryň ýüzi bilen geçýär (A. Gowşudow). 3. Matanyň we ş.m. düzüw tarapy. Ýüň matanyň ýüzi haýsy, çöwresi haýsy, saýgarmak kyn. 4. Ýiti zatlaryň kesýän tarapy. Ýaş ötüşip, paltaň ýüzi gaýdansoň, Çöpem oňa aňsat özün çapdyrmaz (M. Seýidow). 5. Bir zadyň, adamyň, haýwanyň we ş.m. özüňe gönügen tarapy. Ýamanlyk ýüzüni görme (Dileg). Ýamanyň ýoly aňryk, ýagşyň ýüzi bärik bolsun (Dileg). 6. Ýüzüne , ýüzünde , ýüzünden görnüşinde sözsoňy kömekçi bolup gelýär. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling