Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


daglamak ýürekde dag galdyrmak, gynandyrmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet837/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   833   834   835   836   837   838   839   840   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

daglamak ýürekde dag galdyrmak, gynandyrmak. 
Ýürekde arman galmak edeýin diýen zadyňy edip 
bilmän ahmyrly bolmak. Ýürekde dag galmak bir 
zatdan ýürekde dert galmak. Ýürekde dert (düwün) 
goýmak ser. Ýürekde dag galmak.Ýöne, Uzuk elden 
gidäýse, meniň ýüregimde dert goýar (H. Derýaýew). 
Ýürekde mesgen tutmak ýürekde ornaşmak, 
ýerleşmek. Ýürekde beýle mesgen tutan söýgi, hiý-de, 
dänermi? (H. Derýaýew). Ýürek edip bilmezlik 
batyrlyk edip batyrylyp bilmezlik, bogny ysmazlyk, 
ýöwsellik etmek.Emma muny çürt-kesik aýdyp 
oturybermäge ýürek edip bilmedi (B. Seýtäkow). 
Ýürek etden adamyň dözmezlik, gyýmazlyk, rehimi 
inmek ýaly duýgulary oýananda aýdylýan aňlatma. 
Ýürek sarsdyrmak ser. Ýürek gopdurmak. 
ÝÜREK [ýürök] II, at. Içinde aýal maşgala, çaga 
arkaýyn oturar ýaly palasdan, halydan we ş.m. 
düýäniň howudynyň üstünde edilýän aýlaw. Oňa 
ýürek geýdirip, düýebaşlyk dakdylar (R. Gelenow).  
ÝÜREKBULANYJY 
[ýürökbulonjy], 
syp. 
Ýüregiňe jaý bolmaýan, ýaramaz, bolgusyz (gürrüň, 
habar we ş.m. hakynda). 

Aslynda şu ýürekbulanyjy 
gürrüňleri kimden eşitdiň? Şony gizleme-de, maňa 
aýt

diýip, ol Amangül ejäni gyssap başlady (N. 
Pomma).
ÝÜREKDEŞ [ýürökdöş], syp. 1. Biri-birine 
ynanyşýan, biri-biri bilen mähirli gatnaşykda bolan, 
syrdaş. 2. Ýürekden turýan, pikirdeş. 
ÝÜREKDEŞLIK [ýürökdöşlük], at. 1. Ýürekdeş 
ýagdaýda bolmaklyk, mähirli gatnaşykda bolmaklyk, 
syrdaşlyk. Onuň güler ýüzi, sypaýyçylygy, içki 
medeniýeti, ýürekdeşligi ýurduň baştutany bolup 
duran adama aýratyn söýgi döredýär (B. 
Hudaýnazarow). 2. Ýürekden turujylyk, pikirdeşlik. 
Duşuşyk ýürekdeşlik we birek-birege hormat goýmak 
ýagdaýynda geçdi. 
ÝÜREKLI [ýüröklü], syp. Batyr, gaýratly, 
gaýduwsyz, gorkmazak, batyrgaý. 

Sen ýürekli 
batyrsyň, bar-da şol kelläni al-da, şu halta sal

diýip, 
özi gorkup, gaýra çekilip durdy (

Türkmen halk 
ertekileri

)


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   833   834   835   836   837   838   839   840   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling