Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet845/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   841   842   843   844   845   846   847   848   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 Ýüz başly öý ýüz sany ukly öý. Ýüz öwüsmek 
üýtgäp durmak, belli bir pikirde bolmazlyk
durnuksyzlyk etmek. 
ÝÜZBAŞY [ýüzvaşy], at, taryh. Ýüz adamdan 
ybarat goşun bölüminiň ýolbaşçysy. 
ÝÜZBE-ÝÜZ [ýüzvö-ýüz], hal. Garşyma-garşy,
ýüzleri biri-birine bakyp duran, pete-pet Bir gün 
maňa ol gelin bilen ýüzbe-ýüz durup, gepleşmek hem 
miýesser boldy (T. Taganow). 
ÝÜZDEN [ýüzzön]: ýüzden pylança göterim 
(bölek) 1) birlik hökmünde kabul edilýän bitewi 
sanyň ýüzden bir bölegi (% belgisi bilen bellenýär). 
2) bir zadyň ýüzden bir bölegi tertibinde ölçelýän 
hem-de birlik hökmünde kabul edilen mukdar.
ÝÜZDÜRMEK [ýüzzürmök] I, işl. 1. Ýüzmek 
hereketini etdirmek. Mugallym okuwçylary suwda 
ýüzdürmäge alyp gitdi. 2. Ýüzmegine sebäp bolmak, 
ýüzmäge mejbur etmek. Güýçli gelen doly oýtagy 
doldurdy, gawunlary ýüzdürdi. 3. Ýüzmäge 
mümkinçilik bermek.  Suwda ýüzdürmek. 
ÝÜZDÜRMEK [ýüzzürmök] II, işl. Malyň 
derisini ýumruk bilen ýüzüp aldyrmak, soýdurmak. 
ÝÜZGÖRÜJI [ýüzğörüjü], syp. Ýüz görüp iş 
salyşýan, ýüzden geçip bilmeýän adam. Ýüzgörüji 
adam. 
ÝÜZ-GÖZ [ýüz-ğöz]: ýüz-gözbolmak biri-biriňe 
ýüzbe-ýüz bolmak, biri-biriňi görüp durmak. 
ÝÜZGÜR [ýüzğür], syp. Suwda ýüzmäge ökde, 
ýüzmäge örän türgenleşen, ýüzüji.  Ýüzgür oglan. 
ÝÜZGÜRLIK [ýüzğürlük], at. Suwda ýüzmäge 
ökdelik, ýüzmäge türgenlik. Bu derýadan ýüzüp 
geçmek üçin, örän ýüzgürlik gerek. 
ÝÜZIN [ýüzüýn], hal. Ýüz, alyn, göwre tarapy 
ýere tarap, ýüzüni aşak edip. Onuň dyzy hem bir zada 
degip, ýüzin ýykyldy (A. Gowşudow). 

Ýüzin salmak ýüzüniň ugruna gaty çapyp 
gitmek, aýak aldygyna gitmek. Arap zaňňar atyny 
ýüzin salyp gelýär (

Görogly

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   841   842   843   844   845   846   847   848   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling