Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Ýüzüniň perdesi syrylmak 1)


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet843/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   839   840   841   842   843   844   845   846   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýüzüniň perdesi syrylmak 1) ser. Ýüzi açylmak. 2) 
paş edilmek, üsti açylmak, hemmelere äşgär bolmak. 
Ýüzüni kese sowmak ser. Ýüzüni sowmak. Ol 
henizem senden ýüzüni kese sowup ýörmi?Ýüzüniň 
ugruna 1) bada-bat, şol bada, derrew. Şol halatda 
ýeňňesi hem siltenjiräp turdy we içini hümledip, 
ýüzüniň ugruna daşaryk çykyp gitdi (N. Saryhanow). 
2) gidip barşyna, ýol ugruna, gidişin. Ýüzüniň ugruna 
ýegenlerine-de degip geçdi. Ýüzüni sallamak 
närazy,öýkeli, kineli görnüşde bolmak, öýkelemek. 
Obadan hem okuwdan araň ýoluk bolmaly, Diýip 
ýene Nurgeldi dymdy ýüzüni sallap (M. Seýidow). 
Ýüzüni sapajaklatmak dogry garap bilmezlik, dogry 
gelip bilmezlik.Ýüzüni sowmak duşan wagty 
salamlaşman, 
gürleşmän, 
ýüzüni 
öwrüp 
geçmek.Ýüzüni sypamazlyk eden nädogry işini, 
hereketini ýazgarman goýmazlyk.Ýüzüni turşatmak 
1) nägileligiňi ýüz çytyp mälim etmek, ýüz çytyp 
garşy almak. 2) bulaşmak, gamaşmak, bozulyp 
başlamak (howa hakynda). Gyş howasy kem-kem 
ýüzün turşatdy (D. Baýmyradow). Ýüzüni ýere 
basmak (salmak) äsgermän, diýen etmän birini 
masgara etmek. Ýüzüni ýuwmak 1) biriniň etmişini 
delile getirjek bolmak, gowudyr diýmek. 2) suwy 
süýjemek, bişip başlamak (üzüm hakynda). Terbaş 
eýýäm ýüzüni ýuwupdy. Ýüzüň çydamazlyk ynsabyň 
çatmazlyk, wyždanyň etmezlik. Ýüzüň düşmek 1) 
arzuw eden zadyňa ýetmek; bir zada eýe bolmak, zat 
edinmek. Meniňem agtyga ýüzüm düşsün-dä. 2) 
sataşmak, ýene-de duşuşmak, görüşmek. Möwlam, 
ýetir mesgenime, ýurduma, Ýüzüm düşsün arslanyma, 
gurduma (Magtymguly). Ýüzüňe almazlyk aýdylan-
diýlen täsir etmezlik, ýokna ýokmazlyk, utanmazlyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   839   840   841   842   843   844   845   846   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling