Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet842/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   838   839   840   841   842   843   844   845   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

atanak dagyny çekmek hiç derde, hiç zada 
ýaramaýar diýip hasaplamak, hasapdan çykarmak, 
peýdasyndan geçmek. Ýüzüne basmak etmişini, 
kemçiligini, günäsini göni ýüzüne aýtmak, ýüzüne 
diýmek. Ýüzüne diýmek näme aýtjak-goýjak bolsaň, 
her kimiň özüne aýtmak. Ýüzüne durmak günäsine 
şaýat hökmünde, ýüzleşip aýtmak, ýüzleşmek. Onuň 
para alandygy hakynda kazyýetde-de ýüzüne 
duraryn. Ýüzüne gara getirmek öz hereketiň bilen 
degişli birini masgara etmek. Ýüzüne garany 
çekmek 
ýaramaz 
hereketi 
bilen 
masgara 
bolmak.Ýüzüne gelmek bolmaýan hereketini ýüzüne 
aýtmak. Ol ahyry onuň ýüzüne gelmeli boldy. 
Ýüzüne goýmak ser. Ýüzüne basmak. Ýüzüne köz 
degsin bolşy, häsiýeti halanmaýan adam babatynda 
aýdylýan aňlatma.Ýüzüne tüýkürmek näletlemek
Wadasyny üflän, lebzini ýuwudan adamyň ýüzüne 
tüýkürilýän dälmidir?! (B. Kerbabaýew). Ýüzüni 
almak gaty-gaýrym söz aýdyp göwnüne degmek, 
azgyrylmak. 
Adamyň 
ýüzüni 
alyp 
durmak 
edepsizlikdir. Ýüzüni alyp, ýüzüne goýan (salan) 
ýaly meňzeş, edil özi.
Ýüzüni babaly görsün göni 
manysy: ýüzüňi öli ýuwýan görsün (biriniň ýüzüni 
görmek islemeýän ýagdaýyňda aýdylýar). Ýüzüni 
gapan keçesi ýaly etmek aýdylan sözi ýüzüne 
almazlyk, aýdylan söz täsir etmezlik. Oňa näme 
diýeniň parhy ýok, ýüzüni gapan keçesi ýaly edip 
dur. Ýüzüniň bir gat hamy gopmak gaty erbet 
utanmak, uýalmak. Ýüzüniň gany gaçmak 
gaharlanmak; gorkmak. Ýüzüniň hamy galyň 
utançsyz, aýdylan-diýleni ýüzüne almaýan, aýdylan 
söz täsir etmeýän. Onuň ýüzüniň hamy galyňdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   838   839   840   841   842   843   844   845   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling