516
Ene durup, barýan gelnalyjyny ýüzüne syldy. Ýüzüňi
aşak salmak müýnlüdigiňi ýa-da närazylygyňy
bildirmek, nadyl bolmak.
Emma hiç bir zat aýdyp
bilmän, ýüzüni aşak salyp otyr (H. Derýaýew).
Ýüzüňi garaňka tutmak garaňkynyň öň ýanynda bir
ýere ugramak.
Ýüzüni garaňka tutup gelen atlynyň
kimdigini, nireden gelip, nirä barýandygyny
soramagy soňa goýan Halyl aga myhmanyň atyny
tutmagy inisine tabşyryp, sekiz ganat ak öýe tarap
ýöneldi (N. Gurbanmyradow).
Ýüzüňi gyjakçyň
ýüzi ýaly etmek gürrüňdeşiňe göwnüň ýetmän ýa-da
onuň gürrüňine pisint etmän, äsgermezçilik
bilen
ýüzüňi kese-kese sowmak.
Näme, ýüzüňi gyjakçyň
ýüzi ýaly edip otyrsyň? Ýüzüňi sallamak ser. Ýüzüňi
aşak salmak. Ýüzüňi sortdurmak nägile bolmak,
öýke etmek, torsarmak.
Ýüzüňi ton ýarym edip
oturmak ýüzüňi agryljyradyp, agrassyrap gomparyp
oturmak.
Ýüzüňi ýalap barmak örän ýiti sowuk
bolmak.
Ýüzüň üstünde burnuň bar diýmezlik
edenine däl diýmezlik, seniňki telek diýmezlik.
Näme
etseň hem indi biz saňa
ýüzüň üstünde burnuň bar
diýmäli diýip, sözüne başlady (A. Gowşudow).
Ýüzüňi ýokaryk (göge) tutmak ulumsylyk etmek,
özüňi hondanbärsi görkezjek bolmak,
men-menlik
etmek, gopbamsyramak.
ÝÜZ II, san. 100 belgisi bilen aňladylýan san we
mukdar.
Ýüzden ýüwrük çykar, müňden – tulpar
(Nakyl).
Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda, Altmyş
nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir (Magtymguly).
Do'stlaringiz bilan baham: