Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet847/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   843   844   845   846   847   848   849   850   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝÜZLENMEZLIK [ýüzlönmözlük], iş ady. 
Ýüzlenmän durmak, ýüzlenmekden saklanmak. 
ÝÜZLERÇE [ýüzlörçö], hal. Ençeme ýüzden 
ybarat, birnäçe ýüz. Daýhan birleşikleriniň ikisi, 
gallaçy kärendeçileriň ýüzlerçesi döwlete bugdaý 
satmak tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etdi 
(

Türkmenistan

). 
ÝÜZLEŞDIRMEK [ýüzlöşdürmök] I, işl. 1. Iki 
adamy ýüzbe-ýüz edip, meseläni çözmek, anyklamak, 
biri-biriniň ýüzüne duruzmak. 2. hukuk. Günäkäri 
şaýat bilen ýüzbe-ýüz edip sorag etmek. 


517 
ÝÜZLEŞDIRMEK [ýüzlöşdürmök] II, işl. 
Hemmesini ýüzläp çykmak. Keçeleri ýüzleşmek. 
ÝÜZLEŞME [ýüzlöşmö], iş ady. Ýüzleşmek 
ýagdaýy. 
ÝÜZLEŞMEK [ýüzlöşmök] I, işl. 1. Ýüzlemäge 
kömek etmek. Men goňşyma ýorgan ýüzleşdim. Keçe 
ýüzleşdim. 2. Bilelikde ýüzlemek. 
ÝÜZLEŞMEK [ýüzlöşmök] II,işl.1. Ýüzbe-ýüz 
goýup, meseläni anyklamak. Olar biri-biri bilen 
ýüzleşipdiler. 2. hukuk. Şaýat ýa-da günäkär bilen 
ýüzbe-ýüz gürleşmek. 
ÝÜZLEŞMEKLIK [ýüzlöşmöklük], iş ady. 
Ýüzleşmek ýagdaýy. 
ÝÜZLEŞMEZLIK [ýüzlöşmözlük], iş ady. 
Ýüzleşmän durmak. 
ÝÜZLETMEK [ýüzlötmök], işl. Ýüzlemek işini 
başga birine etdirmek. Ýorganyň ýüzüni ýüpek mata 
bilen ýüzletmek. 
ÝÜZLEÝ [ýüzlöý], syp. 1. Çuň däl, bir zadyň 
ýüzüne golaý, ýüzräginde. Ýeriň ýüzi gapaklanda, 
ýüzleýje dyrmyklamaly. 2. göç.m. Düýpli däl. Meselä 
ýüzleý çemeleşmeli däl. 3. Sowuk-sala, geleňsiz. Işi 
ýüzleý gözden geçirmek bolmaz. 
ÝÜZLEÝIŞ [ýüzlöýüş], iş ady. Ýüzlemek 
ýagdaýy. 
ÝÜZLEÝRÄK [ýüzlöýrä:k], at. Öňküsine ýa-da 
beýlekilere garanda birneme ýüzleý. Meselä 
ýüzleýräk çemeleşilipdir. 
ÝÜZLÄP [ýüzlä:p], hal. Ýüze golaý, ýüz 
töweregi, ýüzlerçe. Her çigitden ýüzläp goza 
öndürýär, Otap, dökün döküp, suwa ýakaňda (N. 
Pomma).
ÝÜZLI [ýüzlü], syp.1. Ýüzi, ýüz tarapy bar 
bolan. Ýüň matalar, köplenç, bir ýüzli bolýar. 2. 
göç.m. Biriniň ýanynda sylagy, hormaty bar, sözi 
diňlenýän, abraýly. Kömek özüniň ýanynda ýüzli 
bolan adamlara özüniň ahyrky jogabyny berdi (N. 
Saryhanow). 

 Ýüzli bolmak hormatly bolmak. 
ÝÜZLÜRÄK [ýüzlürä:k], syp. Birneme ýüzli 
(serÝüzli 2). 
ÝÜZLÜK I, at. Ýüz manatlyk tutuş kagyz pul. 
ÝÜZLÜK II, syp. 1. Ýorganyň, geýimiň we ş.m. 
ýüzüne tutmak, çekmek üçin (mata). Ýüzlük mata. 2. 
Keçe salnanda, ýüzüne goýmak üçin niýetlenen 
(ýüň). Ýüzlük ýüň. 
ÝÜZLÜLIK [ýüzlülük], at. Biriniň ýanynda
ýüzli bolmaklyk. 
ÝÜZME [ýüzmö] I, iş ady. Ýüzmek ýagdaýy. 
Suwda ýüzme. 
ÝÜZME [ýüzmö] II, iş ady. Ýüzmek ýagdaýy. 
ÝÜZMEK [ýüzmök] I, işl. 1. Eliň, aýagyň 
kömegi bilen suwda her tarapa hereket edip bilmek. 
Gurbaga hem suwa girip, beýleki gyrasyna tarap 
ýüzüp ugrapdyr (

Türkmen halk ertekileri

). Ýaryşa 
gatnaşýan ýaş oglanlaryň suwda erkin ýüzmek 
boýunça çykyşlary boldy. 2. Suwuň ýüzi bilen gitmek, 
suwuň ýüzi bilen hereket etmek (gämi, gaýyk, we 
ş.m. hakynda). 
ÝÜZMEK [ýüzmök] II, işl. Malyň derisiniň 
aşagyna eliňi sokup, soýup aýyrmak, soýmak, 
derisini sypyrmak. Goýny ýüzmek. 
ÝÜZMEKLIK [ýüzmöklük], iş ady. Ýüzmek 
ýagdaýy. 
ÝÜZMEZLIK [ýüzmözlük], iş ady. Ýüzmek 
işini ýerine ýetirmezlik. 
ÝÜZSÜZ [ýüssüz], syp. 1. Ýüzi, ýüz tarapy 
bolmadyk. 2. göç.m. Biriniň ýanynda sylagy, hormaty 
bolmadyk, sözi diňlenmeýän, abraýsyz. Ol özüni bu 
gelniň ýanynda ýüzsüz hasaplaýardy. 
ÝÜZSÜZLIK [ýüssüzlük], at. Biriniň ýanynda 
sylagsyzlyk, hormatsyzlyk, abraýsyzlyk.
ÝÜZUGRA [ýüzuğro], hal. Bir ýere barylýarka, 
degip geçme görnüşinde; başga bir mesele 
garalýarka, ýüzüniň ugruna, gep ugruna. Ýüzugra 
ýatlamak. 
ÝÜZÜGARA [ýüzüğara], syp. Umumy, adaty, 
ýörelgäni, düzgüni bozany üçin aýyply, etmişli, 
günäli. 

Ýüzügara bolmak masgara, biabraý bolmak, 
aýyply, utançly bolmak. Ýüzügara etmek masgara, 
býabraý etmek. 
ÝÜZÜGARALYK [ýüzüğaralyk], at. Ýüzügara 
bolmaklyk, umumy ýörelgäni, düzgüni bozujylyk, 
aýyplylyk, etmişlilik, günälilik. Ot ýanar-öçer, 
ýüzügaralyk kömre galar (Nakyl). Ýüz goýun tükener, 
ýüzügaralyk tükenmez (Nakyl). 
ÝÜZÜJI [ýüzüjü], at, ser. Ýüzgür. Ýüzüjiler suw 
howdanynyň erňeginde taýýar bolup durlar. 2. Suwuň 
ýüzünde ýüzüp ýören. Ýakyn wagtlarda ýene-de bir 
ýüzüji köpri guruljak. 
ÝÜZÜJILIK [ýüzüjülük], syp., ser. Ýüzgürlik. 
ÝÜZÜK, at. 1. Barmaga ötürilýän,kümüşden, 
gyzyldan ýa-da beýleki zatlardan ýasalan, gaşly ýa 
gaşsyz halka. Meňli gyzyň ýüzügine, Gaşlar goýsam 
kümüş bile (Magtymguly). 2. göç.m. Toýda çakgy, 
ýüzük we ş.m. zat gizlenip, iki tarap bolup oýnalýan 
oýnuň ady we şol gizlenýän zat, ýüzük bukdy, çeke-
çeke, keçe-keçe. Ýüzük oýunçylary bolsa baýrak 
hantamady (A. Gowşudow). 
ÝÜZÜKÇI [ýüzükçü], at. Ýüzük oýnuna 
gatnaşyjy. Ýüzük şundan çykmasa, meniň ýüzükçi 
bolmadygym. 
ÝÜZÜNJI [ýüzünjü], san. 100 sanyndan ýasalan 
tertip san. Gazetiň ýüzünji sany. 
ÝÜZÜŞDIRMEK [ýüzüşdürmök], işl. Birnäçe 
malyň derisini ýüzüp, soýup aýryşdyrmak. 
ÝÜZÜŞMEK [ýüzüşmök] I, işl.1. Ýüzmekde 
ýaryşmak. Ýaş oglanlar güýç synanyşmak üçin suwda 
ýüzüşdiler. 2. Bilelikde ýüzmek. 
ÝÜZÜŞMEK [ýüzüşmök] II, işl. Ýüzmäge 
kömek etmek. Men olara öküziň hamyny ýüzüşdim. 
ÝÜZ-ÝÜT: ýüz-ýütüň bolmazlyk biriniň 
ýanynda hormatyň bolmazlyk, sylanmazlyk.
ÝÜZÝYLLYK,at. Ýüz ýyla deň bolan wagt, asyr.
ÝYGALMA [ýyğalma], iş ady. Ýygalmak 
ýagdaýy. 
Ýolagçy 
ulaglarynyň 
gatnawynyň 
ýygalmasy irden we ikindin bolýar. 


518 
ÝYGALMAK [ýyğalmak], işl. 1. Ýygy bolmak, 
arasy ýakynlaşmak, biri-birine golaý bolmak, 
gürelmek. 2. Ýygy-ýygydan bolmak, tiz-tizden bolup 
durmak, tizleşmek. Hatar aralary ýygalýar. Kitap 
çykmasy ýygalyp ugrady. 
ÝYGALMAZLYK [ýyğalmazlyk], iş ady. 
Ýygalman durmak. 
ÝYGALTDYRMAK 
[ýyğaltdyrmak], 
işl. 
Ýygalar ýaly etdirmek. Hatar aralaryny ýygaltdyryp 
ekdirmegiň hasyla uly peýdasy bar. 
ÝYGALTMAK [ýyğaltmak], işl. 1. Arasyny 
ýakyn etmek, biri-birine golaýlatmak, gür etmek. 
Hatarlaryň arasyny ýygaldyp ekip, ýokary hasyl 
almagy gazandy. 2. Ýygy-ýygydan barmak, tiz-tizden 
geçirmek, tizleşdirmek. 
ÝYGALYŞ [ýyğalyş], iş ady. Ýygalmak ýagdaýy. 
ÝYGDYRMAK [ýyğdyrmak], işl. 1. Ýygmak 
işini başga birine etdirmek. Pagta ýygdyrmak. Ot 
ýygdyrmak. Gül ýygdyrmak. 2. Ýygmagyna sebäp 
bolmak. Bişmedik garpyzy sen ýygdyrdyň. 3. 
Ýygmaga mümkinçilik bermek. Bu howada ot 
ýygdyrarmyka? 
ÝYGDYRTMAK 
[ýyğdyrtmak], 
işl., 
ser. 
Ýygdyrmak. Pagtany ýygdyrtmak. Bede üçin ot 
ýygdyrtmak. 
ÝYGJAM [ýyğjam], syp. Arasy örän ýakyn,  
ÝYGJAMLAMAK [ýyğjamlamak], işl. 1. Bir 
ýere, bir zada golaýlaşmak, ýakynlaşmak, aralygy 
gitdigiçe ýakynlaşdyrmak. Ikinji orunda gelýän at 
pellehana ýakynlaşdygyça arany ýygjamlap barýardy. 
2. Tiz-tizden bolmak, hereketiň arasy gitdigiçe 
ýakynlaşmak, çaltlaşmak. Tolkunyşýan bulutlar 
çaknyşyp, yzly-yzyna ýyldyrym çakyp, gögüň 
gürlemesi ýene ýygjamlady (A. Gowşudow).
ÝYGJAMLANDYRMAK [ýyğjamlannyrmak], 
işl. Ýygjamlanar ýaly etmek. Howlugyp barýan ýigit 
gitdigiçe ädiminiň arasyny ýygjamlandyrdy. 
ÝYGJAMLANMAK 
[ýyğjamlanmak], 
işl. 
Ýygjam häsiýete eýe bolmak, ykjamlanmak. Elbent 
bagşy rast oňaýlap, syçana topuljak pişik ýaly 
ýygjamlaşyp, ýygjamlaşyp, birden ýorganyň üstüne 
zyňdy, eýeriň üstüne galyp boldy (

Nejep oglan

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   843   844   845   846   847   848   849   850   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling