Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝYLANMA, iş ady. Ýylanmak ýagdaýy.  522  ÝYLANMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet855/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   851   852   853   854   855   856   857   858   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝYLANMA, iş ady. Ýylanmak ýagdaýy. 


522 
ÝYLANMAK, işl. Oda, peje we ş.m. çoýunyp, 
endamyňy ýylatmak. Pejiň oduna ýylanmak. 
ÝYLANMAKLYK, iş ady. Ýylanmak ýagdaýy.
ÝYLANMAZLYK, iş ady. Oda çoýunyp, 
endamyňy ýylatmazlyk; ýylanmakdan saklanmak.
ÝYLANYŞ, iş ady. Ýylynmak ýagdaýy. 
ÝYLAŞMAK, işl.Birneme ýylamak, kem-
kemden ýylamak. 
ÝYLATDYRMAK, işl., ser. Ýylatmak. Nahary
ýylatdyrmak. 
ÝYLATMA , iş ady. Ýylatmak ýagdaýy. 
ÝYLATMAK, işl. 1. Çala gyzdyrmak; iýer ýaly 
birneme gyzdyrmak, ýylytmak. Suw ýylatmak. 2. 
Mähir bermek, mähire çoýmak. Ene mähri 
çagalarynyň ýüregini ýyladýardy. 
ÝYLATMAKLYK, iş ady. Ýylatmak ýagdaýy.
ÝYLAÝYŞiş ady. Ýylamak ýagdaýy. 
ÝYLBA-ÝYL [ýylva-ýyl], hal. 1. Her ýylda, her 
ýyl. Ýerlerden alynýan hasyl ýylba-ýyl artýar. 2
Ýylyň-ýylyna, 
ýylba-ýyldan, 
ýyl-ýyldan, 
ýyl 
geldikçe. Önümiň özüne düşýän gymmaty-da ýylba-
ýyl aşakladylýar.
ÝYLBA-ÝYLDAN [ýylva-ýyllan], hal, ser. 
Ýylba-ýyl 2.
ÝYLBOÝY [ýyl-boýy], hal. Bütin ýylyň 
dowamynda, ýylyň başyndan ahyryna çenli. 
Daýhanyň 
ýylboýy 
eden 
azabynyň 
reýgan 
bolmazlygynyň alajy görüldi (

Türkmenistan

). 
ÝYLÇYR, syp. Ýüzi ýyldyrap duran, ýylmanak. 
Dagyň ýylçyr gaýasyndaky mumyýa gözüň ýetip 
durka, şony ele salyp bilmeseň, nebsiň nähili 
agyrýar! (B. Kerbabaýew). 
ÝYLÇYRAMAK
işl. 
Ýylçyr 
görünmek, 
ýyldyrap durmak, ýag çalnan ýaly bolup görünmek, 
ýylmanak halda öwşün atmak. Gaýanyň ýüzi ýylçyrap
durdy.
ÝYLÇYRATMAK, işl. 1. Ýylçyrap durar ýaly 
etmek. Tamyň ýüzi soýlan goýnuň ýagy degip 
ýylçyrap durdy. 2. Ýylçyraýan halda bolmaklyk
ýörmeklik. Aman hem kellesini ýylçyradyp gelýär.
ÝYLÇYRLYK, at. Ýylçyr halda bolmaklyk. 
ÝYLDYRAMA [ýyllyrama], iş ady. Ýyldyramak 
ýagdaýy. Aýnanyň ýyldyramasy ýaňy ýuwlanyndan 
habar berýärdi. 
ÝYLDYRAMAK [ýyllyramak], işl. Ýyldyr-
ýyldyr etmek, ýylpyldyly şöhle salmak, ýylp-ýylp 
etmek. Dogrudan hem sagat ýyldyrap durdy (A. 
Nazarow).
ÝYLDYRAMAKLYK [ýyllyramaklyk], iş ady. 
Ýyldyramak ýagdaýy.
ÝYLDYRAMAZLYK [ýyllyramazlyk], iş ady. 
dy.Ýyldyr-ýyldyr etmek, ýyldyrdysy bolmazlyk. 
ÝYLDYRAR [ýyllyra:r], at. Altyn, kümüş şaý-
sep. Garry ene uruş ýyllarynda bar şaý-sepini ýeňiş 
üçin bagyşlady, özünde ýeke ýyldyrary galmady.  
ÝYLDYRARSYZ [ýyllyra:rsyz], syp. Şaý-sepi 
ýok, şaý-sepsiz. Aýna gelnalyjylara göz gezdirende, 
bir ýyldyrarsyz, ýönekeý sowsany köýnek, çaprazly 
çabyt bilen oturan gelnalyjylary-da gördi (B. 
Kerbabaýew). 
ÝYLDYRAŞMAK [ýyllyraşmak], işl. Ýyldyr-
ýyldyr edişmek, ýylpyldyly öwşün atyşmak, 
ýylpyldaşmak.Onuň 
ýyldyraşyp 
duran 
gara 
gözlerinde diňe haýyş alamaty uçganaklaýardy (B. 
Gurbanow).
ÝYLDYRATMAK [ýyllyratmak], işl. Ýyldyrar 
ýaly edip görkezmek. Dişlerini ýyldyradyp, ýüzüni 
göge tutup, uludan-uly demini alýar (A. Durdyýew). 
Ýüzügi keçä sürtüp ýyldyratdylar. 
ÝYLDYRAÝYŞ 
[ýyllyraýyş], 
iş 
ady. 
Ýyldyramak ýagdaýy.
ÝYLDYRDAMAK [ýyllyramak], işl., ser. 
Ýyldyramak.
ÝYLDYRAWUK [ýyllyrowuk], syp. Ýyldyr-
ýyldyr edýän, ýylpyldyly, ýyldyraýan, ýylpyldawuk. 
Eýeriň gaşyndaky ýyldyrawuk çüý bezeglerini 
dyrnaklary bilen dyrmalady (

Görogly

).
ÝYLDYRDY 
[ýyllyrdy], 
at. 
Bir zadyň 
şöhlesiniň, yşygynyň, ýalkymynyň we ş.m. göze 
kaklyşýan ýagtysy. 
ÝYLDYRYM [ýyllyrym], at. Gök gürlände 
howada birden ýüze çykýan ot şekilli ýylpyldy. 
Daňdana golaý gök gübürdäp, ýyldyrym çakdy 
(Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer).

Ýyldyrym urmak ýyldyrym degmegi, täsir 
etmegi zerarly, heläk bolmak, heläkçilige sezewar 
bolmak, hatardan çykmak. Ýyldyrym ýaly (dek) 
çakdanaşa çalt, tiz. At ýyldyrym ýaly süýnýär. Otly 
ýyldyrym dek öňe gidip barýar. 
ÝYLDYZ [ýyllyz], at. 1. Gije ýokarda 
ýaldyraşyp görünýän asman jisimleri. Ýyldyz 
ýygnanyp, Aý bolmaz (Nakyl).Ýow gününde agyr 
derde ulaşsam, Ýyldyzlara bakyp derdim dep bolsun 
(G. Ezizow). 2.Bäş burçly şekil. 3göç.m. Iň meşhur, 
atly-owazaly adam, şamçyrag (esasan, sungatda). 
Türkmen aýdym-saz sungatynyň ýyldyzy.4. Yryma 
görä, ýerde, öňüňde ýyldyz bolsa, şol gün toý 
tutulmaýar, jaýyň düýbi tutulmaýar we ş.m. Bu gün 
gitseň, ýyldyzdyr (

Görogly

). 5. Halynyň gyrasyna 
ýyldyza meňzedilip salynýan, uçlary peýkam şekilli 
köp burçly nagyş.

Ýyldyza toýnak salmak keýpiň kök bolmak, 
wagtyň hoş bolmak, mes bolmak.Nädersiň az 
salymdan ýyldyza toýnak salyberseň (N. Pomma). 
Ýyldyza ugran (ýörän) ýaly bolmak işiň şowsuz 
bolmak, edeniň ters bolmak, işiň oň bolmazlyk.Ol 
neresseler ýyldyza ýörän ýaly boldy (B. Gulow). 
Ýyldyz süýnen ýaly gaty çalasyn, örän çalt, ýyndam 
(hereket hakynda). Bu maşyn ýörände, edil ýyldyz 
süýnen ýaly bolýar.Ýyldyzy düşüşmezlik gylyk-
häsiýetiň deň gelmezlik, oňuşmazlyk (köplenç, ýaş 
çatynjalar hakynda).
ÝYLDYZSYZ [ýyllyssyz], syp.1. Ýyldyz 
bolmadyk, ýyldyzy ýok. Ýyldyzsyz asman. 2. göç.m. 
Gözüňe gelmeýän, bolşy, gylyk-häsiýeti ýaramaýan
(adam hakynda). 
ÝYLGALLA [ýylğalla], at. Bir ýyla ýeterlik 
galla. 
Ýurt boýunça bir günde alynýan hasylyň mukdary 
öňki zamandaky ýylgalladan hem köpdür (

Watan

).


523 
ÝYLGAÝ [ýylğaý] I, at. 1. Ýylgyna meňzeş 
gyrymsy agaç. 2. Oglana dakylýan at.
ÝYLGAÝ [ýylğaý] II, hal, gepl.d. Elmydama
hemişe, birsyhly, mydama. Ýylgaý bir zady iýip 
ýörmek hem jana oňaýly täsir etmeýär.
ÝYLGYN [ýylğyn], at. Syrdam-syrdam inçe 
şahaly, pürlek, gyzylymtyl gabykly, topbak gögerýän 
gyrymsy agaç. Kimiň eli gaňrakly, kimiň eli pürli 
ýylgyn çybykly goýunlary seçmäge başladylar (H. 
Derýaýew).
ÝYLGYNLYK [ýylğynlyk], at. Ýylgynyň köp 
biten, gögeren ýeri. Meniň gapdalymdaky giden gök 
ýylgynlygyň içinden ullakan bazar ýoly geçýär (A. 
Durdyýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   851   852   853   854   855   856   857   858   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling