Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet853/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   849   850   851   852   853   854   855   856   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝYKYP-ÝUMURMAK [ýykyp-ýumurmok], işl. 
Ýykan-ýumran etmek, agdar-düňder etmek, ber-bibat 
etmek. 
ÝYKYRDAMAK, işl. Ýykyr-ýykyr edip gülmek, 
ýykyrdyly gülmek. Gyzjagazlar ýykyrdap gülüşdiler. 
ÝYKYRDAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden köp bolup 
bilelikde ýykyrdamak. Oturanlar ýykyrdaşýardylar. 
ÝYKYRDY, at. gep.l Çalarak çykýan şatlykly 
gülki sesi. Öýüň içinden biriniň ýykyrdysy 
eşidilýärdi. 
ÝYKYRDYLYsyp. Ýykyrdy bilen, ýykyr-ýykyr 
edip. Ýykyrdyly gülüşmek. 
ÝYKYR-ÝYKYR, s.ş. aňl.söz. Yzly-yzyna 
ýykyr-ýykyr edip gülnende çykýan sesler. Ýykyr-
ýykyr etmek
ÝYKYŞ, iş ady. Ýykmak ýagdaýy. 
ÝYL, at. On iki aýdan ybarat wagt birligi.

 Ýyla dönmek köp wagta çekmek, belli bir wagt 
aralygy uzak bolup görünmek. Her bir aýym ýyla 
döndi. Ýyl dönümi adamyň, edaranyň, wakanyň we 
ş.m.doglan, döredilen, bolan senesiniň bellenilýän 
güni, ýaş toýy. Ýylyny bermek ýogalan, ölen 
adamyň hatyrasyna ony ýatlap, bir ýyldan ölen 
gününi etmek, sadaka berip ýogalan gününiň bir 
ýyllygyny bellemek. Ýyl ýazuwy (ýazgysy) her 
ýyldaky taryhy wakalaryň, ýerine ýetirilen işleriň 
ýazuwy, jemi. 
ÝYLADYJY, syp. Ýylylyk beriji, ýyladýan. 
Ýyladyjy desgalar. 
ÝYLADYLMAK, işl. 1. Ot ýakyp ýyly edilmek, 
gyzdyrylmak. Bug bilen ýyladylýan ähli jaýlarda bir 
sydyrgyn howa saklanýar. 2. Iýmezden öň oduň 
üstüne goýlup, birneme gyzdyrylmak. Düýnki palaw 
ýyladyldy. 
ÝYLADYŞ, iş ady. Ýylatmak ýagdaýy. Ýyladyş 
ulgamy.
ÝYLAK, at. Gumda bitýän uzyn hem insizje 
ýaprakly ýaz oty. Birnäçe ýyl mundan öň, boldumly 
ýaz günlerinde şu meýdanyň ýüpek ýaly gyrtyjy, 
ýylagy dyza çykardy (A. Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   849   850   851   852   853   854   855   856   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling