Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet849/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   845   846   847   848   849   850   851   852   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝYGNANMAK [ýyğnanmak], işl. Bir ýere 
toplanmak, jemlenmek, üýşmek. Adamlar ýowar 
geçiriljek ýere ýygnandylar. 
ÝYGNANYŞMAK 
[ýyğnanyşmak], 
işl. 
Ýygnanmak, üýşmek.
ÝYGNANYŞYK [ýyğnanşyk], at. 1. Bir mesele, 
iş we ş.m. barada köpçülikleýin edilýän maslahat
mejlis, ýygnak. Tejribe geçýän talyplar öz 
ýygnanyşygynda gündelik ýöredişleri hakynda pikir 


519 
alyşdylar. 2. Toý-tomaşa, oturylyşyk, çakylyk, 
üýşmeleň. Ýygnanyşygy dynç gününde geçirmeli 
etdik. 
ÝYGNAŞDYRMAK [ýyğnaşdyrmak], işl. Bir 
ýere jemleşdirmek, tertipli edip, bir ýere 
goýuşdyrmak, ýerli-ýerinde goýuşdyrmak. Içerini 
ýygnaşdyrmak. 
ÝYGNAŞMAK [ýyğnaşmak], işl. 1. Ýygnamaga 
kömek bermek. Hasyl ýygnaşmak. 2. Bilelikde 
ýygnamak. Olar gaplary ýygnaşyp ýör. 
ÝYGNATDYRMAK 
[ýyğnatdyrmak], 
işl., 
ser.ÝygnatmakGalla hasylyny öz wagtynda isripsiz 
ýygnatdyrmak. 
ÝYGNATMAK [ýygnatmak], işl. 1. Ýygnap 
aldyrmak. Toýuň beýemçisi ýere ýazylan halydyr 
keçeleri ýygnatdy. 2. Gizletmek, ýaşyrtmak. Ene 
çagalar 
gelmänkä, 
tikinçilere 
iňňe-temenleri 
ýygnatdy. 3. Jemletmek, bir ýere üýşürtmek. 4. 
Salgyt, ýygym we ş.m. toplatmak. Ýygym ýygnatmak. 
5. Hossarlyk etdirmek, ugruna sereder ýaly etmek. 6. 
Pul, zat we ş.m. serişde üýşürtmek. 7. gepl.d. Tertip-
düzgüne seredýän guramalara tabşyryk berip 
tutdurmak. 8. göç.m. Tertibe salmak, arassalamak. 9. 
Kem-kemden üýşürtmek, toplatmak. Ýabyň öňüni 
bekläp, iki-üç günde birneme suw ýygnatdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   845   846   847   848   849   850   851   852   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling