Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝÜZLEGRÄK [ýüzlöğürä:k], syp. Az-kem  ýüzlek. Ata-da bir ýüzlegräk adam-da.  ÝÜZLEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet846/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   842   843   844   845   846   847   848   849   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝÜZLEGRÄK [ýüzlöğürä:k], syp. Az-kem 
ýüzlek. Ata-da bir ýüzlegräk adam-da. 
ÝÜZLEK [ýüzlök], syp. Birine bir zady göni 
aýtmaga utanýan, ýygra, çekinjeň, utanjaň. 
ÝÜZLEKLIK 
[ýüzlöklük], 
at. 
Ýüzlek 
häsiýetlilik, ýüzlek bolmaklyk. Ýüzlekligiň sebäpli 
özüňe agram saldyň. 
ÝÜZLEME [ýüzlömö], iş ady. 1. Ýüzlemek 
ýagdaýy. 2. Keçäniň nagşy salnyp bolanyndan soň, 
ýüzüne ak ýüň salma. Keçäniň ýüzlemesi galdy. 3. 
Ýorganyň, düşekçäniň we ş.m. daşyna mata çekme.
ÝÜZLEMEK [ýüzlömök], işl. 1. Ýorganyň, 
düşekçäniň, içmegiň we ş.m. daşyna, ýüzüne ýüzlük 
matasyny çekmek. Ýorgan ýüzlemek. Içmegiň daşyny 
gara atlaz bilen ýüzlemek. 2. Gülli keçe salnanda 
nagyşlaryň üstüne gowy ak ýüňden goýmak. Agşam 
keçe ýüzledik. 
ÝÜZLEMEKLIK 
[ýüzlömöklük], 
iş ady. 
Ýüzlemek ýagdaýy. 
ÝÜZLENDIRMEK 
[ýüzlönnürmök], 
işl. 
Ýüzlenmäge mümkinçilik bermek, ýol bermek. 
ÝÜZLENME [ýüzlönmö] I, iş ady. Ýüzlenmek 
ýagdaýy. 
ÝÜZLENME 
[ýüzlönmö] 
II, 
at. 
Ýurt 
baştutanyna, köpçülige ýa-da, umuman, halka ýüz 
tutulyp aýdylýan söz, haýyş, çagyryş.

Ýüzlenme belgisi ýüzlenme sözleminden soň 
goýulýan belgi (!). Ýüzlenme sözlemi güýçli içki 
duýgyny (begenji, şatlygy, gynanjy, ökünji, arzuwy, 
islegi, haýran galmagy, buýurmagy we ş.m.) 
aňlatmak üçin ulanylýan sözlem. 
ÝÜZLENMEK [ýüzlönmök], işl. 1. Bir tarapa 
ugramak, ýönelmek, gitmek, bir ugra hereket etmek. 
2. Ýüz tutmak, çagyryş, çykyş, haýyş bilen söz
aýtmak. 3. Ýüzüne mata çekilmek, tutulmak. 
ÝÜZLENMEKLIK [ýüzlönmöklük], iş ady. 
Ýüzlenmek ýagdaýy. Ýaşula ýüzlenmekligiňem, 
ýaşkiçä, aýal-gyza ýüzlenmekligiňem däplerini 
halkymyz kemsiz ösdüripdir. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   842   843   844   845   846   847   848   849   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling