Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝYGŞYRMA [ýyğşyrma], iş ady. Ýygşyrmak  ýagdaýy.  ÝYGŞYRMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet851/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   847   848   849   850   851   852   853   854   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝYGŞYRMA [ýyğşyrma], iş ady. Ýygşyrmak 
ýagdaýy. 
ÝYGŞYRMAK [ýyğşyrmak], işl. Bir zady 
görünmez, bilinmez ýaly bukup goýmak, ýygnap 
goýmak, gizlemek, ýaşyrmak. Sen ýygşyryp, maňa 
aýtmajak bolýarsyň, derrew tap! (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
ÝYGŞYRMAKLYK [ýyğşyrmaklyk], iş ady. 
Ýygşyrmak ýagdaýy. 
ÝYGŞYRYLMAK [ýyğşyrylmak], işl. Gizlenip 
goýulmak, ýygnalmak. Olarda ýygşyrylyp goýlan zat 
köp. 
ÝYGY [ýyğy], syp. 1. Aralary ýakyn, golaý 
bolan, gür. Agaçlaryň arasy ýygy bolupdyr. 2. Tiz-tiz 
bolýan, tiz, çalt bolup geçýän. Ýolagçy ulaglary ýygy 
gatnaýar. 
ÝYGYJY [ýyğyjy], at. 1. Çaphanada harp 
ýygýan işçi. Ol harp ýygyjy bolup işleýärdi (B. 
Kerbabaýew). 2. ser. Ýygymçy. Her bir pagta ýygyjy, 
Gurban aganyň ýa-da Jumagülüň ýanyndan ýygmak 
isleýärdi (A. Durdyýew).
ÝYGYLAMAK [ýyğylamak], işl. Arasyny golaý, 
ýygy, ýakyn etmek. Setirleriň arasyny ýygylamak 
gerek. 
ÝYGYLANMAK [ýyğylanmak], işl. 1. Arasy 
golaý edilmek, ýakyn edilmek. 2. Çaltlanmak, 
tizlenmek. Sungat ussatlarynyň ýerlerdäki çykyşlary 
has-da ýygylandy. 
ÝYGYLMAK [ýyğylmak], işl.1.Hasyly alynmak.
Bu ýerleriň üzümleri ýyglyp gutarypdyr. 2
Toplanmak, üýşmek, ýygnanmak. Ýyglypdyr gyz-u 
juwan, Hak hemmäni kylsyn aman (

Kasymoglan

). 
ÝYGYLYK [ýyğylyk], at. 1. Ýygy halda 
bolmaklyk, aralary ýakynlyk, golaýlyk, gürlük. 
Oturdylan miweli agaçlaryň arasynyň ýygylygy 
olaryň hasylyna täsir edýär. 2. Yrgyldylaryň, söz 
ulanyşyň we ş.m. gaýtalanyş tizligi. 
ÝYGYM [ýyğym], at. 1. Hasyl ýygmak işi, hasyl 
ýygnamak möwsümi. Pagta ýygymynyň ýaňy başlan 
döwrüdi (

Edebiýat we sungat

). 2. Belli bir maksat, 
sebäp üçin ýygnalýan pul, zat, töleg. Salgyt ýygymy. 
ÝYGYMÇY [ýyğymçy], at. 1. Hasyl ýygnaýjy, 
hasyl ýygnaýan işgär. Ýygymçylaryň gözi Annagula 
düşdi (A. Durdyýew). 2. maliýe. Ýygym ýygnaýjy, 
töleg, salgyt toplaýjy. 
ÝYGYMÇYLYK 
[ýyğymçylyk], 
at. 
Ýygymçynyň käri, işi. 


520 
ÝYGYM-DÜÝRÜM 
[ýyğym-düýrüm], 
at. 
Ýygym möwsümi bilen bagly ähli işler. Ýygym-
düýrüm ýaly zat barmy! Onuň her hanasy bir teňňe-le 
(B. Kerbabaýew). 
ÝYGYN [ýyğyn], at. 1. Bir ýere ýygnanan 
märeke, mähelle, üýşmeleň. Şeýle agyr ýygnyň 
guruljagyny öý eýesi göz öňüne getiripdir (A. 
Gowşudow). 2. kön.s. Goşun. Ýygyn gelip, sap-sap 
bolup durdular, Subh-säherden nagarasyn gurdular 
(

Görogly

).
ÝYGYNDY [ýyğynny], at. 1. Birnäçe eserler, 
goşgular, makalalar toplumy. 2. Dürli tarapdan ýa-da 
dürli ýerlerden ýygnalan adamlardan düzülen topar. 
Daşoguz 
şäheriniň 
pälwanlarynyň 
ýygyndysy 
göwnejaý çykyş etdi. 
ÝYGYNMAK [ýyğynmak], işl. Özüň üçin 
ýygmak. 
ÝYGYRAK [ýyğyra:k], syp. Az-kem ýygy. 
ÝYGYRMA [ýyğyrma], iş ady. Ýygyrmak 
ýagdaýy. 
ÝYGYRMAK 
[ýyğyrmak], 
işl.1. 
Büzüp 
kiçeltmek, daraltmak. Telpegiň etegini ýygryp tikmek. 
2. Ýygyrt-ýygyrt etmek, epin tutdurmak, epin-epin 
etmek. 3. Birneme düýrmek, özüňe tarap çekmek. 4. 
Ýetip barmak, golaýlap barmak, golaýlaşmak, 
ýakynlaşmak. Ol gaçanda zyk etdirmän, kowanda iki 
arany tiz ýygyrýardy (B. Kerbabaýew). 5. Süriniň bir 
tarapyny içine tarap kowmak. Süriniň çepini-sagyny 
ýygryp, köprüden geçirdiler. 
ÝYGYRMAKLYK 
[ýyğyrmaklyk], 
işady. 
Ýygyrmak ýagdaýy. 
ÝYGYRT [ýyğyrt], at. 1. Ýygrylyp emele gelen 
epin. Köýnegiň ýygyrdy. 2. Ýüzde, maňlaýda we ş.m. 
ýerlerde emele gelýän gasyn, çyzmyk, çylgam. Onuň 
ýüzüniň ýygyrtlary mylaýymlyk bilen ýazyldy (B. 
Seýtäkow).

Ýygyrt atmak ýygyrt emele gelmek, epin 
emele gelmek. Keteni köýnegiň käbir ýerleri ýygyrt 
atypdyr
ÝYGYRTLANMA [ýyğyrtlanma], iş ady. 
Ýygyrtly görnüşe geçme, ýygyrt atma. 
ÝYGYRTLANMAK [ýyğyrtlanmak], işl. Ýygyrt 
bolmak, gasyn atmak, epin tutmak. Gözüň daşky dury 
bardasynyň 
ýygyrtlanmagy 
onuň 
möçberiniň 
kiçelmegine getirýär (S. Karanow).
ÝYGYRTLANMAKLYK [ýyğyrtlanmaklyk], iş 
ady. Ýygyrtlanmak ýagdaýy. 
ÝYGYRTLAŞMAK [ýyğyrtlaşmak], işl. Ýygyrt-
ýygyrt bolup başlamak. 
ÝYGYRT-ÝYGYRT [ýyğyrt-ýyğyrt], syp. 1. 
Epin-epin bolan, köp ýeri epilip ýygrylan. Ädiginiň 
gonjy baldyrynyň ýumry etinden geçmän, edil 
gadymky demirçileriň körügi ýaly ýygyrt-ýygyrt 
bolup dur (N. Pomma). 2. Gasyn-gasyn, gasyn atan. 
Ýüzi güne ýanan, maňlaýy ýygyrt-ýygyrt...bir adam 
içini hümletdi (B. Kerbabaýew).
ÝYGYŞ [ýyğyş], iş ady. Ýygmak ýagdaýy. 
ÝYGYŞDYRMAK [ýyğyşdyrmak], işl. Ýygyp 
çykmak, hemmesini ýygmak. Galan ýorunjany 
ýygyşdyryp bede etmeli
ÝYGYŞMAK [ýyğyşmak], işl. 1. Ýygmaga 
kömek etmek. Pagta ýygyşmak. 2. Ýygmakda 
ýaryşmak. Men Durdy bilen pagta ýygyşdym. 3. 
Bilelikde ýygmak. Aýallar sogan ýygşyp ýörler.  
ÝYGY-ÝYGY [ýyğy-ýyğy], syp. 1. ser. Ýygy-
ýygydan. Ol gözüni açjak bolup, Demin aldy ýygy-
ýygy (R. Seýidow). 2. Ýakyn-ýakyn, golaý-golaý, 
gür. Germew agaçlary ýygy-ýygy dikilipdir. 
ÝYGY-ÝYGYDAN [ýyğy-ýyğydan], hal. Çalt-
çaltdan, tiz-tizden, basym-basymdan. Magtymgulynyň 
golunyň zarby gitdikçe güýjedi, çekiç barha ýygy-
ýygydan inip galdy (G. Kulyýew).
ÝYKAJAN , syp. Gören zadyny ýykyşdyrýan, 
döwüşdirýän, döküşdirýän (garagol çaga hakynda).
ÝYKANDA-SÜRÄN 
[ýyka:nna-sürä:n]: 
ýykanda-sürän bolmak gyssanyp barşyna bir 
ýykylyp, bir galmak. Emma ol birden turdy-da
ýykanda-sürän bolup ýazzyny beräýdi (

Görogly

). 
ÝYKAN-ÝUMRAN [ýyka:n-ýumra:n]: ýykan-
ýumran bolmak weýran bolmak, derbi-dagyn 
bolmak, agdar-düňder bolmak, ýykylyp, dargap 
gitmek. Ol ýykan-ýumran bolan, ýöremesi kyn bolan 
köçe bilen barýarka, maşgalalary hem ýadyna düşdi 
(N. Saryhanow). Ýykan-ýumran etmek wes-weýran 
etmek, derbi-dagyn etmek, agdar-düňder etmek, 
ýykyşdyrmak. Onsoň gyzlaryň hemmesi döwüň öýüni 
ýykan-ýumran edip, gaçyp gidýärler (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
ÝYKAN-ÝUMRANLYK [ýyka:n-ýumra:nlyk], 
at. Ýykylyp, ýumrulyp giden ýagdaýynda bolmaklyk, 
agdar-düňder halda bolmaklyk. 
ÝYKDYRMAK, işl. 1. Ýykmak işini başga 
birine etdirmek. Toýun palçykdan köne kepbämi 
ýykdyrdym, ýerine şarňyldap duran köşk ýaly jaý 
gurdurdym. 2. Ýykmak işi başartmak. Bu öküz 
ikimize ýykdyrarmyka? 
ÝYKGYN: ýykgyn etmek bir tarapa uýmak, bir 
ugra ýa-da bir zada göwnüňi bermek, meýilli bolmak. 
ÝYKGYNÇY, at. Ýykgynçylyk, bozgakçylyk 
işlerine baş goşýan adam. 
ÝYKGYNÇYLYK, at. Ýykgynçy bolmaklyk, 
bozgakçylyk.  
ÝYKMA, iş ady. Ýykmak ýagdaýy. Onuň uly-uly 
pälwanlary-da ýadadyp ýykmasy bardy. 
ÝYKMAK, işl. 1. Sökmek, weýran etmek, berbat 
etmek, ýumurmak. 2. Ýeňmek, üstün çykmak. 
Armanym, ýok, pelek, bir söweş kylsam, Ýa ýyksaň, 
basylsam, ýa seriň alsam (Magtymguly). 3. Dik 
duran halyndan ýere ýaplamak, ýere ýatyrmak. 
Güýçli ýel agaçlaryň birnäçesini ýykypdyr.4. Bir 
zadyň içine gaçyrmak, itekläp bir zadyň içine 
düşürmek. Böwedi ýykmak. 5. gepl.d. Synagda 
kanagatlanarsyz baha goýmak. 
ÝYKMA-ÝYKYLMA, hal. Bolşuňa görä, bir 
mydar edip, körmydar.
ÝYKMAKLYK, iş ady. Ýykmak ýagdaýy. 
ÝYKMAZLYK, iş ady. Ýykmak hereketini 
etmezlik, ýykman durmak. 
ÝYKYGRAK 
[ýykyğra:k], 
syp. 
Birneme 
ýykylan. 


521 
ÝYKYJAK, syp. Ýykyk ýagdaýdaky (kiçi zat 
hakynda). Şol mahal edaranyň bir ýykyjak jaýy bar 
eken.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   847   848   849   850   851   852   853   854   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling