Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ZAHYR [za:hy:r], syp., k.d. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet858/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   854   855   856   857   858   859   860   861   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZAHYR [za:hy:r], syp., k.d. 1. Aýan, äşgär, belli, 
görnüp duran, mälim. Bularyň gül kimiň meňzini 
soldurmaýyn, kişä zahyr etmäýin diýip, çykyp gitdi 
(

Zöhre – Tahyr

). 2. Oglana dakylýan at. 
ZAKGUN, [zakgu:n], at. 1. Öňden gelýän 
düşünjä görä, dowzahda ösýän, miwesi zäherli agaç. 
Ajysy, kekre bilen burç-a beýlede dursun, 
zakgundanam ajydy (N. Pomma). 2. göç.m. syp. 
Örän ajy zat, zäher, awy. Zäherdir içenim, zakgun – 
iýenim (Zelili). 
ZAKYJA [za:kyja], at. Ýylpyldawuk gara ýelekli 
kiçijik gara garga. 
ZALUWAT [za:luwa:t], at. Adamyň kimdir 
birine bolan içki duýgusyny ýüze çykarýan söz; 
ýeser, zaňňar. Bu zaluwatlar özlerine gerekli zady 
aýawlyja saklaýan ekenler (Ş. Borjakow).
ZAL [za:l], at. Köpçülikleýin sport we beýleki 
çäreleri geçirmek üçin ullakan giň jaý. Ol dünýä 
standartlaryna 
laýyklykda 
enjamlaşdyrylan 
desgalaryň birnäçesinden stadionlardan, açyk we 
ýapyk sport meýdançalaryndan we zallardan
basseýnlerden, welotrekden, tennis kortundan
lukmançylyk-sagaldyş 
merkezinden, 
myhmanhanalardan, bir söz bilen aýdylanda, sportuň 


527 
dürli görnüşleri boýunça, şol sanda halkara 
derejesindäki ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertleri 
göz öňünde tutýan toplumdan ybarat bolar 
(Gurbanguly Berdimuhamedow. Ahalteke bedewi – 
biziň buýsanjymyz we şöhratymyz). 
ZALYM [za:lym], syp. Rehimsiz, doňýürek, 
adamkärçilik häsiýetini ýitiren, adamlary ezýän, ejize 
ganym. Zalymlar har bolar, galar aýakda, Garyp, sen 
ýyglama, şir dek bolar sen (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   854   855   856   857   858   859   860   861   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling