Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ZAMUNLYK, [za:mu:nluk], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet860/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   856   857   858   859   860   861   862   863   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZAMUNLYK, [za:mu:nluk], at. 1. Bir adamyň 
eden 
etmişini 
gaýtalamajagyna 
güwälik, 
jogapkärçilik, kepillik. 2. Güwälik, şaýatlyk. Gepine 
zamunlyk üçin Omar Haýýamyň rubagylaryndan 
birini göwnügöçgünlik bilen ýatlady (G. Kulyýew). 
ZAMY [za:my], at. Zamçanyň bir görnüşi.
ZAND [zann], at. Ruhy binýat.
◊ Zandyna guýulmak Ýüreginde, özünde öňden 
haýsydyr bir zada höwes, isleg bar bolmak. Adamyň 
zandyna guýlan bolmasa, her bir zady aýdyp etdirip 
bolasy ýok
ZANDYÝAMAN [zannyýaman], syp. Päli bozuk, 
niýeti ýaman (adam). 
ZANDYÝAMANLYK [zannyýamanlyk], at. 
Zandyýaman gylyklylyk, zandyýaman bolmaklyk. Ol 
özüniň zandyýamanlygyny äşgär etdi. 
ZAŇ, at. 1. Jaň. Sagadyň sesi uly zaňyň sesi 
ýalydy. 2. Jaň ýa-da ýörite gural arkaly döreýän ses. 
Hemişekilerim ýaly, sagadyň zaňyny turjak wagtyma 
deňläp goýupdym (R. Gelenow). 3. göç, m. Owaz, 
ses. Şol gün beýik Garaşsyzlygyň şanly zaňy 
ýaňlandy. 
ZAŇLAMA, iş ady. Zaňlamak ýagdaýy.
ZAŇLAMAK, işl., ser. Zaňňyrdamak.
ZAŇLAMAKLYK, iş ady. Zaňlamak ýagdaýy.
ZAŇLATMAK, işl., ser. Zaňňyrdatmak.
ZAŇLAÝYŞ, iş ady. Zaňlamak ýagdaýy.
ZAŇŇAR, at. 1. Ýeser, ýeserlik bilen iş görýän, 
zaluwat. Heý zaňňar, agasynyň malyna el garyp 
başlady-ow (

Görogly

). 2. syp., göç.m. Başarjaň, 
tutanýerli (adam hakynda). Göroglynyň kyrk zaňňary 
daşynda, Ýeňiş keýpi joş urýardy başynda (G. 
Ezizow). 
ZAŇŇYLDAMA 
[zaňňyllama], 
iş 
ady. 
Zaňňyldamak ýagdaýy. 
ZANŇYLDAMAK [zaňňyllamak], işl., ser. 
Zaňňyrdamak.
ZAŇŇYLDAŞMAK [zaňňyllaşmak], işl., ser. 
Zaňňyrdaşmak. 
ZAŇŇYLDATMAK [zaňňyllatmak], işl., ser. 
Zaňňyrdatmak. 
ZAŇŇYLDY [zaňňylly], at, ser. Zaňňyrdy.
ZAŇŇYRDAMA, iş ady. Zaňňyrdamak ýagdaýy.
ZAŇŇYRDAMAK, işl. Zaňňyrdyly seslenmek, 
zaňňyrdyly ses çykmak, zaňňyldamak. Asmasagat 
zaňňyrdaýardy. 
ZAŇŇYRDAŞMAK, işl. Birnäçe zat bilelikde 
zaňňyrdamak. 
ZAŇŇYRDATMAK, işl. Bir zada zaňňyrdyly 
seslenmäge mejbur etmek. Sandygyň gulpuny 
zaňňyrdatmak. Jaňy zaňňyrdatmak. 
ZAŇŇYRDAÝYŞ, 
iş 
ady. 
Zaňňyrdamak 
ýagdaýy.
ZAŇŇYRDY, at. Demirden edilen gaplara 
urlanda ýaňlanyp çykýan sesiň we zaňyň sesiniň ady. 
Uzakdan bir zaňňyrdy eşidildi. 
ZAR [za:r], at. 1. Ahy-nala, zeýrenç, nalyş. 
Zarymbar-da, zorum ýok (Atalar sözi). 2. Mätäç, zat 
tapmaýan, ýetirinip bilmeýän. Men iýmäge zar 
däldim, içmäge-de zar däldim (

Görogly

). Ilde 
ogluň dyrnagyna zar bolup ýörenler hem bar (A. 
Durdyýew). 3. Arzy-hal. Senuber diýr budur zarym 
(

Gül – Senuber

). 4. Çyn ýürekden isleýän. 
Senuberdir seniň zaryň, Gije-gündiz intizaryň (

Gül – 
Senuber

). 
Zar aglamak ser. Zar-zar aglamak. Zar 
çekmek birini görmek arzuwyny edip, zarynlap 
aglamak, ahy-perýat etmek. Zar etmek mätäç etmek, 
garaşly etmek. Mert tükenip, her namarda zar etse
şol gün hakyň beren ýaşy gerekmez (Zynhary). 
ZARBA [zarva], at. 1. Urulýan urgynyň täsir 
edýän güýji. Pişegiň zarbasyndan ýanlyk ýarylara 
gelip, goýy gatyklar suwaşyp, aýrana aýlanyp, ýagy 
ýeljikläp ýüzüne galmaga başlady (H. Derýaýew). 2
Hüjüm edilip görkezilýän basyş. Duşman goşunlary 
urulýan zarba çydam bermedi. 2. göç.m. Depgin, zor 
bermeklik. Galla oragyny bir zarbada tamamlalyň. 3. 
Bir gezekde, birden, bir bada. Ol sowan çaýy bir 
zarbada başyna çekdi. 


528 
Zarba urmak zabt etmek, hüjüme geçmek, 
çozmak, aýgytly hüjüm etmek. 
ZARBYGYŞ [zarvyğyş], iş ady. Zarbykmak 
ýagdaýy. 
ZARBYKDYRMAK 
[zarvykdyrmak], 
işl. 
Beterletmek, azdyrmak, agyrysyny güýjetmek. 
Ýarasyna sowuk suw degrip, ol ony zarbykdyrypdyr. 
ZARBYKMA [zarvykma], iş ady. Zarbykmak 
ýagdaýy. 
ZARBYKMAK [zarvykmak], işl. Zor görüp 
beterlemek, zor görüp azmak, agyrysy güýjemek. 
Aýagymyň ýarasy zarbygypdyr. 
ZARBYKMAKLYK [zarvykmaklyk], iş ady. 
Zarbykmak ýagdaýy. 
ZARK, syp.  Gereginden artyk berk tutýan, pugta 
tutýan, özünden bidin hiç bir zat etdirmeýän. Pylany 
gaty zark adamdy. Ol çagalaryny gaty zark tutardy. 
ZARLAMAK [za:rlamak], işl, şahyr. Ahy-zar 
çekmek, zaryny çekmek, nalyş etmek. Ady ýagşy jan 
balam! Eneň zarlap galdy-la! (Halk döredijiliginden). 
ZARLANMAK [za:rlanmak], işl. Gynanmak, zar 
çekmek, ahy-perýat etmek. Söwdügim ýabanda 
galmyş, Bile ýanaly zarlanyp (Andalyp). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   856   857   858   859   860   861   862   863   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling