Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


okuwy zähmet terbiýesiniň möhüm bölegi bolan  okuw sapagy. Zähmet öndürijiligi


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet868/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   864   865   866   867   868   869   870   871   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

okuwy zähmet terbiýesiniň möhüm bölegi bolan 
okuw sapagy. Zähmet öndürijiligi çekilýän 
zähmetiň ýerine ýetirilýändigi, işiň netijeliligi, 
ykdysady taýdan görkezijisi. Zähmet pälwany işde 
uly üstünlige eýe bolan, zähmetde özüni görkezen 
adam. Zähmet rugsady işçilere we gullukçylara 
ýylda bir gezek berilýän birnäçe hepdelik dynç alyş. 
Zähmet şertnamasy işgär bilen edara ýolbaşçysynyň 
arasynda zähmet hakynda belli bir möhlete çenli 
baglaşylýan ylalaşyk. 
ZÄHMETKEŞ, at. 1. Öz beden güýjüniň ýa-da 
akyl zähmetiniň haky bilen ýaşaýan adam (işçi, 
daýhan, gullukçy). 2. ser. Zähmetsöýer. 
ZÄHMETLI, syp. Köp zähmet talap edýän, 
zähmeti köp sarp etmeli bolýan, kyn. Zähmetli iş. 
ZÄHMETSIZ [zähmessiz]. Köp zähmet talap 
etmeýän, aňsatlyk bilen amala aşyrylýan, ýeňil 
bitýän, kynçylyk döretmeýän. Men seniň öýüňi hiç 
bir kynçylyksyz, zähmetsiz, aňsatlyk bilen tapdym. 
ZÄHMETSÖÝER 
[zähmessöýör], 
syp. 
Zähmetçekmegi halaýan, jepakeş, zähmetkeş.
ZÄHMETSÖÝÜJILIK [zähmessöýüjülük|, at. 
Zähmete bolan söýgi, zähmete berilmeklik, işi 
halamaklyk.
ZÄHRE, at. 1. Öt haltasy. 2. k.d. Takat, sabyr. 
Ýok erdi zähresi toba kylara (Sopy Allaýar). 
Zähresi ýarylmak birdenkä gaty gorkmak
allaniçigsi bolmak. Annaguly muňa zähresi ýarylan 
ýaly arkan serpildi (A. Durdyýew).
ZÄHRIMAR [zährima:r], at. 1. Ýylanyň zäheri, 
ýylanyň awusy 2. göç.m. 

Bela, zakgun, awynyň 
sapy

ýaly manylarda gelýän käýinç söz. Gap sesiňi! 
Sem bol, zährimar! (A. Nazarow). 3. gepl.d. Zäher 
goşulan ýaly ajy zat, arak, neşe. Şol zährimardan 
datsaň, maşgalanyň gününi bularsyň. 
ZÄK [zä:k], at. Alýuminiň, demriň, şonuň ýaly-
da aşgarly metallaryň ikili kükürtturşy duzy. Kümüş 
zäge mätäç, altyna – simap (Mollanepes). Gül 
tikensiz bolmaz, daglar gaýasyz, Ýüpüň hiç reňk 
almaz zäksiz, boýasyz (Kemine). 
Zäk ýaly örän ýiti, turşumtyk ajy tagamly. 
Suwuň tagamy edil zäk ýaly diliňi ýaryp barýardy (B. 
Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   864   865   866   867   868   869   870   871   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling